18:00 Reisiniñ ölümi: Nämälim heläkçiligiñ añyrsyndaky bolup biläýjek senariler | |
REISINIÑ ÖLÜMI: NÄMÄLIM HELÄKÇILIGIÑ AÑYRSYNDAKY BOLUP BILÄÝJEK SENARILER
Publisistika
Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ 2024-nji ýylyñ 19-njy maýynda Gündogar Azerbaýjanyñ Warzakan diýen ýerine golaý ýerde geçiren wertolýot heläkçiligi Eýranyñ öz içinde-de, halkara arenada-da gyzgyn seslenme döretdi. Bu pajygaly hadysanyñ añyrsynda kast edilşik-sabotažyñ barlygy-ýoklugy hakynda dürli çaklamalar orta atylyp başlandy. Döwletiñ mediýa organlary hadysany wertolýot heläkçiligi diýip berse-de, dürli medýa serişdelerinde munuñ sabotaž ýa-da kast edilşik bolmagynyñ mümkindigi aýdylýar. Heläkçiligiñ yzysüre Eýranyñ Içeri işler ministrliginiñ degişli ýolbaşçylary hadysanyñ sebäplerini doly anyklamak üçin düýpli derñew işiniñ açylandygyny mälim etdiler. Emma berilen bu beýanatlar köpçüligiñ şübhelerini aradan aýryp bilmedi. Reisiniñ içerki we daşarky syýasy ugurlarda gazaply çykyşlary edendigi sebäpli köp sanly duşman gazanan bolmagy terakt ähtimallygyny güýçlendirýän faktor hökmünde baha berilýär. Heniz bu pikiri tassyklap biljek subutnamalar ýok, şonuñ üçinem tehniki näsazlyk ýa-da sürüjiniñ ýalñyşlygy ýaly beýleki ähtimallyklaram gözden salnanok. Wertolýotyñ modeli we tehniki aýratynlyklary-da jedelleriñ üns merkezinde. Eýranda prezident Ibrahim Reisini we onuñ ýanyndakylary alyp barýarka heläkçilige uçran "Bell-212" kysymly wertolýot Yslam rewolýusiýasyndanam, ýagny 1979-njy ýyldan öñ Eýrana ABŞ tarapyndan berilen wertolýotlaryñ biri. Bu wertolýot rewolýusiýadan öñ Eýran tarapyndan satyn alynyp, birnäçe ýyl bäri ulanylyp gelinýärdi. Wertolýotyñ ýaşy we tehnologiki ýagdaýy heläkçiligiñ sebäpleri boýunça ýumagyñ ujuny çöşledip biler. Eýranda şuña meñzeş heläkçilikleriñ mundan öñem bolup geçýändigi we şular ýaly ýagdaýlarda köplenç tehniki näsazlyklaryñ we wertolýota gowy seredilmeýändiginiñ rol oýnaýandygy mälim. Eýranda wertolýotdyr şuña meñzeş ulaglaryñ seredilişinde we gözegçilik edilişinde wagtal-wagtal bökdençlikleriñ bolup geçýändigi, bu ýagdaýyñam heläkçiliklere getirip bilýändigi aýdylýar. Şeýle-de, periodik hyzmatlaryñ ünssüz edilmegi we käbir synaglaryñ köre-körlük bilen amala aşyrylmagy bular ýaly hadysalaryñ howpuny artdyrýar. Heläkçiligiñ seresapsyzlykdan bolup-bolmandygy boýunça anyk netijä gelmek üçin bu derñewiñ netijelerine garaşylýar. Tehniki hyzmatlaryñ pesliginiñ we näsazlyklaryñ bular ýaly heläkçiliklerde uly rol oýnap bilýändigi göz öñüne tutulanda, hadysany jikme-jik öwrenmek we ähli faktorlara üns bermek gerek. Reisiniñ ölümi bilen soñlanan bu pajygaly heläkçiligiñ añyrsyndaky hakykatlary diñe düýpli derñewiñ netijesinde orta çykaryp bolar. Derñew tamamlananda heläkçiligiñ düýp sebäbine we bolup biläýjek seresapsyzlyk ýagdaýlaryna has aýdyñ göz ýetirip bolar. Ýakynda Slowakiýanyñ premýer-ministri Rikonyñ janyna kast edilmäge synanyşylmagy 19-njy maýda Eýranyñ prezidenti Reisiniñ etiologiýasy soñlanmadyk heläkçilikden soñ ölmegi bütin dünýäde syýasy liderler garşy düýpli garşylygyñ bardygyny görkezýär. Bu aýry-aýry iki näbelli hadysada meñzeş ýeke zat bar, olam - iki lideriñem "kesgitli - berk we aýryşdyryjy diliñ" üsti bilen alyp baran syýasatlarydyr. Premýer-ministr Riko kast edilşiginde geçen makalamyzda durup geçişimiz ýaly birnäçe sorag alamaty bar we jemgyýetçiligiñ gözi bilen seredeniñizde aslynda hiç hili sorag alamaty ýok. Bu görnetin kast edilşikden başga zat däl. Aslynda şeýle ýagdaý Reisiniñ heläkçiliginde-de gaýtalanýar. Eýran we halkara jemgyýetçiliginiñ gözi bilen seredilende, bu, görnüp duran awiaheläkçilik. Emma? Başga göz bilen seredilende, sizde şu soraglar döräp biler: Wertolýotyñ köne bolmagy, tehniki taýdan seredilişinde goýberilen säwlikler, sürüjiniñ ýalñyşlygy, programmalaryñ täze däldigi ýa-da hiç hili programmanyñ ýokdugy, howa şertleri we elbetde kynçylyklar, hatda sabotaž?.. Şeýle soraglaryñ hemmesiniñ jogaby bar. Özem bu jogaplary bilmek üçin hünärmen bolmagyñam geregi ýok. Ýönekeý soraglaryñ jogaby-da ýönekeý bolýar. Hawa, wertolýot könedi. Ol kyrk bäş ýyl mundan öñki, hatda ondanam öñ satyn alynan wertolýot. Eýrana garşy girizilen sanksiýalar zerarly Eýranyñ Howa tehnologiýasy senagaty tehniki taýdan we ätiýaçlyk şaýlaryndan uly kynçylyklary başdan geçirýärdi. Şonuñ üçinem ol "krizisi çözýän - ýarym wagtlaýyn" çözgütler bilen mätäçliklerini giderjek bolup jan edýärdi. Emma görlüşi ýaly, ol jan etmekden has köpüsini etmeli eken. Gynansak-da, tehniki hyzmat ediş işleri babatda bolýan bökdençlikler sanksiýa meselesi bilen ugurdaş. Ýöne tehniki hyzmat ediş işlerine jogap berýän tehnikler kim? Wertolýot asmana galmazdan öñ uçuş zolagynda soñky gözegçiligi eden tehnikler kim? Birem şolaryñ kimdigine seretmek gerek bolmazmyka? Hökmanam seredilendir. Muña pylan zat diýip bolmaz. Sürüjiniñ ýalñyşlygy? Bolup biläýjek zat. Doly diýen ýaly manuel we birnäçe tehnologiki üýtgeşmeden binesip galan polat gapyrjagy uçurmak üçin "ýokary pilotaž taýýarlygy" gerek. Ulag ýaramaz bolsa sürüji ökde bolmaly, sürüji ýaramaz bolsa ulag gowy bolmaly, emma ikisi-de ýaramaz bolsa, onda gowy dini işgäri tanamaly bolýar. Megerem bu ýerde Reisi biraz özüne artyk baha beren bolmaly. Eýsem-de bolsa, sürüjini, tehniki hyzmat ediş we gözegçilik işgärlerini Reisiniñ özi saýlap aldymyka? Özi bir ýurduñ prezidenti bolsa... bular ýaly zatlara wagtyny giderermikä? Elbetde, ýok. Onda bu logistiki hyzmatlary üpjün edýän, ýola goýýan we ýerine ýetirýän kim, kimler? Näme bilen, kim bilen, nähili baglanyşyklary bar? Bulara-da hökman seredilendir. Iñ bolmanda seredilendir pikir edeliñ. A sürüjä seredildimikä? Dogry, ykjam, jaýdar motiwasiýa bilen sürüjiniñ nämeleri edip bilýändigini taryhdan bilýäris. Iñ beterem amerikanlar bilýär. Adam "näme üçin bolmasyn?" diýip, pikir etmän bilenok. Şonsuzam ýañy weryolýotdaky programmanyñ täze-köneligini bir gyra goýdyk, munuñ barlygy-ýoklugy babatda şübhelerimiz barka, ýer taýýarlaýyş toparynyñ geçiljek ugurdaky howa şertleri boýunça-da maglumatlary ýokmudy? Ugur kesgitlenende, göz-görtele wertolýodyñ pyrlampajy şeýle kyn we çetin şertleriñ arasyna ýöneldildimi? Ýer taýýarlaýyş toparynyñ düzümi gözden geçirildimikä? Aslynda howanyñ ýagdaýyny görmek üçin ýer taýýarlaýyş toparynyñ, howa we transport hünärmeniniñ geregi barmy? Indi size bulary jalbaryñyzyñ yzky jübüsinde göterýän abzalyñyzam aýdýar... Muny bilmek üçin nirede we haýsy günde bolandygyñyzyñ hajaty ýok. Reisi? Özi-de seredip bilerdi aslynda? Onda bu sabotaž bolsa näme? Mümkin däl! Güýç-kuwwatly we Ýakyn Gündogaryñ peleñi Eýrana haýsy samsyk beýle zat edip bilerkä? Bu boýunça düýpli birküç sany animasiýa tomaşa etseñiz, Eýranyñ näderejede üstüne gyl gondurmaýan döwletdigini görmekde kynçylyk çekmersiñiz. A birden duşman ýurduñ kontrrazwedka gullugynyñ ýörite operasiýasy bilen Reisiniñ münjek ulagynyñ öwrenilmeginiñ yzyndan şol ulaga gizlinlik we professionallyk bilen amala aşyrylan taktiki hereket operasiýasy netijesinde bolan bolsa näme? Hem asmana galandan soñ herekete geçen tehniki hüjüm? Aý ýok, Eýran ýaly ýurduñ garşysyna beýtmäge hiç kimiñ bogny ysmaz. Muny etmek üçin ýa aklyñdan azaşmaly, ýa-da lülgammar serhoş bolmaly, emma ikisi birden bolup bilmez. Sesdenem çalt uçýan söweşjeñ uçarlary urup ýykmaga ýekeje garga ýeterlik... Pikir edip görüñ, wertolýodyñ pyrlampajyny urmaga näme ýeterlik bolmaz öýdýärsiñiz? Doly towlanmadyk bolt, ownuk elektrik näsazlygy üçin kesilen kabel, ýerinden sogrulan razýom, gahary gelip, gulagynyñ düýbüne çenli gyzaryp duran uçarman, maşgalasy howp astynda bolan tehnikler, bankdaky hasaby ummadan aşan ýer taýýarlaýyş toparynyñ işgärleri... Aslynda bularyñ geregi-de ýok. Wertolýoty howada uçup barýarka işlemez ýaly etmegiñ onlarça ýoly bar. Hatda munuñ üçin oýunjak dükanlarynda satylýan dronlaram ýeterlik. Şojagaz kiçijik oýnawaçlaram dogry ýerde we dogry wagtda ulansañyz, köstsüz terakt guraly bolup hyzmat edýär... Emma bulam onçakly mümkin däl... Çünki bärde Eýranyñ gürrüñi gidýär... Emma ähli ähtimallyklaryñ içinde şulam bar: Uly döwletiñ prezidentini, daşary işler ministrini we käbir ýokary düzümli harby ýolbaşçylaryny alyp barýan wertolýotyñ heniz nämälim sebäplerden ötri heläkçilige uçramagy.... Iñ mantyklysynyñ şudygyna-da şek-şübhe ýok. Hem men muña ynandym. Çintgäp oturmagyñ manysy ýok. Mañlaýyna ýazylandyr-da, takdyry şeýledir-dä... Elden hiç zat gelmeýär. Boljak işe hemem öljek adama çäre ýok. Näme edeliñ? Sanalgysy dolandyr-da... Serkan ÝYLDYZ, Kontrrazwedka we howpsuzlyk boýunça hünärmen. @serkan80yildiz yildizserkan71@gmail.com Çarşenbe, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |