DÜMEWDEN GORANYÑ!
Dümewleme iñ ýokanç keseldir. Dümew wiruslar arkaly döreýän kesel bolup, dem alyş ýollarynyñ sowuklamasy, bedeniñ gyzdyrmasy we zäherlenmäniñ beýleki alamatlary bilen ýüze çykýar. Dümew esasanam howanyñ sowuk, çygly ýa-da tiz-tizden üýtgäp durýan döwri has-da köp ýüze çykýar. Dümew körpelerde, süññi gowşan garrylarda köp duş gelýär. Çaganyñ sowuk suw içmegi, gyzyp gelip buzgaýmak iýmegi, gapydyr äpişgeler birbada açylyp goýlanda diwara şemalyñ çalmagy derdiñ döremegine getirýär. Çilimiñ tüssesi hem ýoñlama şert döredip biler. Dümew näsagyñ ilkinji kesellän günlerinden başlap üsgürende, asgyranda, gürleşende tüýkülik damjalarynyñ üsti bilen geçýär. Dümewleme alamatlary asgyrmaklyk, üsgürmeklik, nemli bardalaryń gyzarmagy, burnuñ dykylmagy, bedeniñ gyzgynynyñ galmagy bilen ýüze çykýar. Näsagyñ kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany owranyp barýar, üşüdýär, el-aýaklarynda, ýeñsede agyry bolýar, burny ganaýar, üşüdýär, el-aýaklarynda, ýeñsede agyry bolýar, burny ganaýar, gaýtarýar, işdäsi kesilýär. Çagalarda dümewleme has agyr geçýär, ilki bilen beýniniñ zäherlenme alamatlary ýüze çykýar. Çagalarda öýken sowuklamasy, dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykýar.
Kesel ýüze çykan wagtynda näsagy özbaşdak otagda ýerleşdirmeli. Onuñ gap-çanagy, düşegi, el süpürilýäni, beýleki gerek zatlary aýratyn saklanmaly. Näsaga seredýänler onuñ ýanyna baranynda 4 gat hasadan agzyna-burnuna ýörite örtgüç tutmaly. Onuñ otagyny aram-aram ýelejiretmeli. Jaýyñ poluny, ulanýan gap-gaçlaryny, eşiklerini ýörite zähersizlendiriji serişdeler bilen ýuwmaly. Agşam ýatan ýorgan-düşegini her gün irden şemallatmaly.
Dümewlän adam köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna, köpçülik transportyna, medisina edaralaryna barmaly däl. Dümewlän näsag hökmany lukmany öýüne çagyrmaly, öz-özüñi bejermek, keseli aýak üstünde geçirmek düýbünden bolmaýar. Dümewlän adam bedeniñ gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatmaly, näsaga limonly ýa-da bally çaý, miwe şirelerini, süýt, mineral suwlar, itburundan, ýüzärlikden, çopantelpekden taýýarlanan suwuklary köpräk bermeli. Şeýle hem näsaga burçly unaş içirmek maslahat berilýär. Näsagyñ bolýan otagynda mikroblary ýok etmek üçin ýüzärligiñ tüssesiniñem peýdasy uly. Burny dykylanda sogan ýa-da sarymsak şiresiniñ 1 çaý çemçesine ösümlik ýagyny goşup, burna damdyrmak maslahat berilýär. Derman serişdelerini lukmandan bidin ulanmak maslahat berilmeýär. Dümewiñ öñüni almakda çagalary, garry adamlary kän köpçülik ýerlerine çykarmaly däl. Dümewiñ öñüni almakda bedenterbiýäniñ, sportuñ orny uly. Sport bilen meşgullanýan adamlaryñ taplanyp, ýokanç kesellere garşy göreşmek ukyby uly.
Şu çäreler dogry berjaý edilse, hem özüñizi dümewden gorarsyñyz, hem onuñ başgalara ýokuşmazlygyny gazanarsyñyz.
Abadan BERDIÝEWA,
Saglygy goraýşyñ habarlar merkeziniñ lukmany.
Medisina