20:20 Dündar beg | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -5:
Taryhy şahslar
▶ DÜNDAR BEG Dündar beg - Süleýmanşanyñ körpe ogly, Ärtogrul gazynyñ jigisi, Osman Gazynyñ agasydyr. Bäş sezon dowam eden "Direliş. Ärtogrul" teleserialynda Dündar begiñ ýaşlygyny Batuhan Karajakaýa janlandyrdy. "Direliş. Ärtogrulyñ" dowamy hökmünde täze başlanan "Gurulyş. Osman" teleserialynda bolsa onuñ keşbini türk aktýory Ragip Sawaş janlandyrýar. Taryhda Dündar begiñ ölümi dürli-dürli görnüşde rowaýat edilýänem bolsa, onuñ öldürilendigi häzirlikçe hakykata iñ golaý çaklamadyr. ■ Dündar beg we onuñ ölümi Süleýman şanyñ ölüminden soñ gaýy boýy iką bölünipdir. Mundan öñki makalalarymyzda hem aýdyşymyz ýaly Gündogdy we Sungur tegin Orta Aziýa dolanypdyr. Ärtogrul beg bilen Dündar beg bolsa günbatara - Anadola tarap süýşüpdirler. Uzaga çeken göç Söwütde we Domaniçde ýerlenenson kiparlapdyr. Ärtogrul beg ýogalandan soñ tire ýene ikä bölünipdir Tiräniñ bir bölegi Dündar begiñ, bir bölegi-de Osman begiñ tarapyna geçipdir. Ýöne Osman beg agalarynyñ goldawy bilen gaýy boýunyñ begligini eline alypdyr. Dündar beg hem bialaç Osman bege boýun sunmaly bolupdyr. Dündar beg inisine boýun egmegi daşyndan bildirip durmasa-da, içinden erbet namys eden bolmaly, çünki onuñ iñ uly maksady tire baştutany bolmak eken. Munuñ şeýle bolandygyny taryhçy Neşri habar berýär. Neşride wakalar şeýle beýan edilýär: "Ärtogrul beg togsan üç ýaşynda bakyýete göç etdi. Ony Söwütde depin etdiler. Kimler Osmany, kimler Osmanyñ emmisi (agasy) Dündary beg saýlamak isledi. Emma gaýylar Osmany makul bilip, oña gizlinlik bilen habar ugratdylar. Bir çukura tüýkürildi. Dündar beg halkyñ içine çykanda adamlaryñ Osmana bolan söýgüsini görüp, özüniñ beglikden çekilýändigini we Osman bege boýun sunýandygyny mälim etdi. Aslynda Dündar beg Osman begiñ begligine kes-kelläm garşydy. Ol amatly pursaty peýleýärdi. Hatda rowaýat edilmegine görä, Bilejikdäki, Ýarhysardaky türkmen begleriniñ Osman bege garşy gurnan dildüwşüginden-de Dündar begiñ habary barmyş. Osman beg dildüwşügi basyp ýatyransoñ 1298-nji ýylda agasyny-da öldüripdir..." Başga bir rowaýat bolsa täze ýerleri eýelemek syýasatyna garşy gidendigi Dündar begiñ ölümine sebäp bolandygyny aýdýar. Sebäbi Osman beg begligi ele alansoñ täze ýerleri eýelemegi yzygiderli dowam etdiripdir, ol bu syýasy ugury ýöredip, töweregini gurşap alan tekfurlara garşy jihat etmegi meýilleşdiripdir. Dündar beg muña diñe bir garşy çykmak bilen çäklenmän, eýsem bökdençlik döretmäge çalyşypdyr. Agasyny özüne garşy howp hasaplan Osman beg bolsa ony öldürmäge mejbur bolupdyr. Tekfurlara garşy uruşmagy oñlamadyk Dündar begiñ duşman bilen gizlin ýaranlygynyñ hem bolaýmagy gaty ähtimal. Munuñ netijesi bolsa onuñ ölümine sebäp bolupdyr. Haýsy bolanda-da, Dündar beg Osmanly türkmen döwletiniñ taryhynda häkimiýet ugrundaky özara göreşiñ ilkinji pidasy bolandygy hakykat. Türkmende "Iki goçuñ kellesi bir gazanda gaýnamaz" diýen meşhur aýtgy bar. Dündar begiñ özüni alyp barşy Osman Gazynyñ döwletli tutumlaryna, şineläp başlap Osmanly çynarynyñ boý sürmegine we täze ýerleri eýelemegine päsgelçilik döredipdir. Belki-de, ony aradan aýyrmak mejburyýetinde galynmasa, taryhyñ iñ şanly türkmen döwleti bolan Osmanly imperiýasyndan söz açmak mümkinem bolmazdy... Bütin bularyñ tersine, "El - eli ýuwar, iki el birigip ýüzi ýuwlar" diýlen türkmen nakylyna eýerip, şahsy bähbitlerini öñe tutman il-günüñ, döwletiñ bähbidi bilen boluberende, belkäm, aga-ini bolup nijeme beýik işleri amala-da aşyrardylar. Ýöne näme, "şeýle bolaýýan bolsa gowy bordy..." diýenimiziñ peýdasy ýok. Geçmişde häkimiýeti, il-günüñ agzybirligini üpjün etmegiñ hatyrasyna nijeme türkmen hökümdarlary öz doganlaryny, ogullaryny aradan aýyrmaga mejbur bolupdyrlar. Häkimiýet ugrunda ata - ogly, ogul -atany, dogan - dogany öldüren gezekleri az bolmandyr. Taryh munuñ ajy mysallaryndan doly. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |