07:07 Dünýädäki köpdürlilik demokratiýanyñ dürli formalarynyñ bolmalydygyny görkezýär | |
DÜNÝÄDÄKI KÖPDÜRLILIK DEMOKRATIÝANYÑ DÜRLI FORMALARYNYÑ BOLMALYDYGYNY GÖRKEZÝÄR
Publisistika
Parahatçylykly dünýä dürli-dürli medeniýetleri öz içine almalydyr we şol bir ýagdaýda durnukly düzgünde dürli sistemalary düzümine girizmelidir Arada dürli ýurlarda ýaşaýan tanyş-bilişlerim bilen demokratiýa barada pikir alyşdyk. Tanyşlar dürli syýasy režimlerden we medeni gatlaklardan gelip çykandygy hem-de demokratiýa babatda garaýyşlaryndaky meñzeşliklerden we tapawutlylyklardan ötri örän gyzykly we çekeleşikli gürrüñ boldy. Saud Arabystanly bir tanşym Gurhanyñ musulmanlary dürli meseleleri çözmek üçin bir-birlerine sala salmaga çagyrýandygyny aýtdy. Arap dilinde "şura" sözi sala salmak, geñeşmek, maslahatlaşmak manysyny berýär. Saud Arabystanynyñ Şura geñeşi hökümetiñ ähli taraplarynyñ pikirlerini diñleýän, döwletiñ ösüşi we adamlaryñ meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pikir alşylýan edaradyr. Biziñ çekişmämiz maña düýpli täsir etdi we öz edýän pikirlerimi orta atmaga iterdi. Demokraýa näme? Ol üýtgewsiz modelmi? Baý-garyplyga ýa-da ýokary-pes intellektual derejä garamazdan demokratiýa adamzadyñ umumy gymmatlygydyr we dünýäniñ çar künjünde ýaşaýan adamlar üçin birleşdiriji idealdyr. Emma bu gymmatlyga we ideala nädip ýetmelidigi ýurtlaryñ hut öz ygtyýarlygyna, öz ynsabyna goýulmalyfyr. Çünki her ýurduñ öz hakyky ýagdaýy bilen baglanyşykly özüne mahsus ýörelgesi we öz ýoluny saýlap-seçip almaga haky bar. Hytaýda şeýle gadymy atalar sözi bar: "Huaýnanda ýetişen pyrtykal, Huaýbeýde ýetişenem. Ýapraklaram birmeñzeş, emma tagamy başga". Ýurtlaryñ taryhy, döwletiñ şertleri, sosial şertler nähili bolanda-da, ýeke-räk demokratik modeliñ ornaşdyryljak bolmagy tebigatyna mahsuslykda eýýäm demokratiýa bolup bilmez. Munuñ özi gutulgysyz ýagdaýda ylalaşyp bolmajak şertleriñ döremegine alyp barýar. Diñe saýlawlarda ses bermek hukugyna seredip, şol ýurduñ demokratiýasyna dogry baha berip bolmaýar. Eger halkdan edilýän talap diñe saýlawlarda ses berip, soñundanam hiç zada goşulman gezmek bolsa, bular ýaly demokratiýa eýýäm diñe formallykdan ybaratdyr. Eger bir ýurtda demokratiýa ýok bolsa, halk barybir iñ soñky sözüni aýdyp dynýar. Demokratiýanyñ derejesi adamlaryñ "ýeterlik gatnaşyk duýgusynyñ, minnetdarlygynyñ we girdeji duýgusynyñ" barlygy-ýoklugy bilen baglanyşyklydyr. Belli nir ýurduñ modeline we ölçeglerine seredip, bütindünýä demokratiýasynyñ derejesi hakda gürlemek ýalñyş bolar. Hytaý halkynyñ demokratiýasy praktikada dolulygy bilen demokratiýanyñ bir görnüşidir. Munuñ bilen birlikde halkyñ demokratik saýlawlar, demokratik karara gelme, demokratik dolandyryş we kanunlara laýyklykda demokratik gözegçilik ýaly hak-hukuklardan peýdalanmaklaryny göz öñüne tutýaryn. Bu ýerde demokratiýa halkyñ syýasy durmuşynyñ hemme ugurynda hemmetaraplaýyn ýurduñ hojaýynydygy hakykatynda wekilçilik edilýär. Adamlar ýurduñ ösüşinden jemgyýetçilik dolandyryşyna çenli her bir ugra doly goşulyp-gatnaşyp bilýär. Hytaýyñ gülläp ösmeginiñ şular ýaly ýyldyrym çaltlygynda bolup geçmeginiñ düýp syry adamlaryñ sosial ösüşe bolan joşgunly goşandynda ýatyr. Şeýlelikde Hytaý adamlaryñ durmuşynda göze ilerlik gowulandyrmalary amala aşyrmagyñ ýany bilen dünýäniñ iñ uly ikinji ykdysady güýjüne öwrüldi, orta derejeli köpöwüşginli jemgyýet kemala getirdi we çakdanaşa garyplyk problemasyny çözdi. Hytaý hökümeti şular ýaly adamy öñe tutýan tebigaty mahsus epidemiýa garşy göreşde hemişe adamlaryñ howpsuzlygyny we jan saglygyny üns merkezinde saklady we tutuş jemgyýeti ýokanç epidemiýany ýeñmek üçin bileleşip işlemäge höweslendirdi. Munuñ bilen birlikde halkara gatnaşyklaryñam demokratiýalaşmagy gerek. Globallaşmagyñ çuñlaşmagynyn dowam etidirilmegi bilen bir hatarda "glonal oba" düşünjesi barha açyk ýagdaýa öwrüldi. Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin halkara jemgyýetiñ ösüş ugruna parallelikde "adamzadyñ umumy gelejegi jemgyýetçiligini" kemala getirmegi teklip etdi. "Global obanyñ" ýaşaýjylary ýurtlarynyñ obýomy nähili bolanda-da, demokratiýadan peýdalanmaly. Hemmeleriñ "global obanyñ" demokratik sistemanyñ formulýasiýasyna we gepleşiklere gatnaşmaga haky bardyr. BMG-nyñ şertnamasy halkara gatnaşyklarda umumy ýörelgä eýermelidir. Şol sanda halkara hukuk kadalary režimiñ esasy gollanmasy bolmalydyr. Giñ gerimli sala salyşlyk, umumy gatnaşyk we ikitaraplaýyn bähbit düşünjelerine eýerilmeli. Hakyky manydaky köptaraplylyk oñlanmaly, howpsuzlyk we ösüş üçin bilelikde hereket etmeli. Şu günüñ dünýäsinde ýurtlar dürli jemgyýetçilik sistemalaryna, dürli ideologiýalara, dürli medeniýetlere, dürli ösen derejelere eýedir. Emma bu sistemalar demokratiýany "hususylaşdyrmak", "emeli" bölünişikler, "ownuk halkalary" emele getirmek we topar syýasaty üçin bahana hökmünde ulanylmaly däldir. Parahatçylykly dünýä dürli-dürli medeniýetleri öz içine almalydyr we şol bir ýagdaýda durnukly düzgünde dürli sistemalary düzümine girizmelidir. Ýurtlar diñe ikitaraplaýyn sylag-hormata, iki tarapa-da bähbitli halkara gatnaşyklara, hyzmatdaşlygyñ we koordinasiýanyñ güýçlendirilmegine gönükdirmek arkaly adamzadyñ geljegi üçin parahatçylykly, sagdyn, köpöwüşginli öñe gidişligi ösdürip bilerler. Çen WEÝKIN, Hytaýyñ Saud Arabystany patyşalygyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi. "Şarku'l Avsat" gazeti, 04.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |