15:05 Dünýäniñ feministleri nämäniñ garşysyna göreşýärler? | |
DÜNÝÄNIÑ FEMINISTLERI NÄMÄNIÑ GARŞYSYNA GÖREŞÝÄRLER?
Zenan şahsyýetler
Sünnet, abort hukugy we metbugatda zenan... Feministler köp ugurda göreşýär. Nemesleriň “DW” habarlar gullugy Gwatemaladan Hindistana çenli aralykdaky dünýäniň dürli ýurtlarynda zenan aktiwistleriň jemgyýetiň ünsüni çekmek üçin gozgaýan meselelerini bir ýere jemledi. Her ýurtda aýal-gyzlar dürli-dürli hukuga eýe. Şonuň üçin feminizmiň ýeke ugry bolup bilmez. Hindistan, Gwineýa, ABŞ, Polşa, Germaniýa, Gwatemala ýaly ýurtlaryň aýal-gyzlaryndan ýurtlaryndaky aýal-gyzlaryň hal-ahwalyny soraşdyk. Olar ýagdaýa nähili baha berýärler? Iň uly kynçylygy näme we nädip döreýär? Şol kynçylyklara garşy göreşmek üçin nämeleri edýärler? • Rebeca Lane, 34 ýaşly, Gwatemala: Gwatemalada aýal-gyzlara garşy bolýan jenaýatlar uly kynçylyklary döredýär. Biziň ýurdumyz Meksika bilen birlikde aýal-gyzlara garşy jenaýatlaryň iň köp bolýan ýurdudyr. Emma bu ýagdaý zenanlara garşy bolýan eden-etdilikleriň bary-ýogy birje bölegidir. Mysal üçin, geçen ýyl 10-19 ýaşly zenanlaryň arasynda 91 müňe golaý hamyla gyz gabat geldi. Bu göwrelilikleriň şular ýaly kiçi ýaşda bolup geçmegi köplenç jynsy zorlugyň netijesinde bolýandygyny görkezýär. Gwatemalanyň ilatynyň aglabasy hristian-katolik dinine ynanýar. Syýasy garaýşyň agramyny hem din düzýär. Şonuň üçinem okuw mekdeplerde jynsy taýdan sapaklar berlenok, abort etdirmek gadagan. Men öz aýdym-sazym arkaly aýal-gyzlara garşy bolýan eden-etdiliklere we zorluga garşy göreşýärin. Rep we hip-hop sungatynda gören-eşdenlerimden, şahsy tejribelerimden batyrgaýlyk bilen söz açylanda, bu wawwaly meselä ünsi çekip bolýandygyny gördüm. 2014-nji ýylda aýal-gyzlardan düzülen “Somos Guerreras” rep toparyny döretdik. Topar nädeňde feminizmiň meselelerini gozgaýan rep aýdymlaryny ýazyp bolýandygyny öwredýär. Meksika we Argentina garanyňda, bizde aýal-gyzlaryň hereketi haýal, sebäbi feminist-aktiwistka bolmak öz janynyň howp astyna atmakdyr. Bütin bu bökdençliklere garamazdan ahyrynda hemme zadyň gowy boljakdygyna tüýs ýüregimden ynanýaryn. • Aranýa Johar, 20 ýaşly, Hindistan: Hindistanda köplenç “deňhukukly ýurt” talabymyz garşylyklaýyn hüjüm bilen gutarýar. Şonuň üçin bize bu zatlary agzap bilmegiň özem köp zady islemek bilen deňdigini aýdýarlar. Men öz mümkinçiligimi has köp adama eşitdirmek we dialog gurmak üçin şygyrlar bilen çykyş edýärin. “Bugdaýreňk gyz” lakamyny ulanýaryn, sebäbi kiçijikkäm habar beriş serişdelerinde bugdaýreňk (brýunetka) aýal-gyzlaryň çykyşlarynyň has oňyn garşylanýandygyna az duşupdym. “Bugdaýreňk gyzyň jynsy gollanmasy” goşgymy sahnalaşdyrmaga başlanymda, has köp zenanyň şular ýaly çärelere, öz başdan geçirmelerini gürrüň berýän sese mätäçlik duýýandygyny, hak-hukuklaryny talap edýändigini we köpçülikde agzalmaýan söhbetlere başlandygyny gördüm. Gelejekde aýal-gyzlaryň ýolbaşçy wezipelerde has köp ýer alar, has köp işlär, erkekler bilen deň aýlyk alar, has köp zenan öz ykbalyny özi çözüp biler we jemgyýetde mynasyp ornuny eýelär diýip umyt edýärin. • Hadja Idrissa Bah, 19 ýaşly, Gwineýa respublikasy: Gwineýada aýal-gyzlaryň ýagdaýy has gorkunç. Ýurtdaky zenanlaryň 97%-i sünnet edilýär we 52%-i kämillik ýaşyna ýetmezden durmuşa çykarylýar. Häzirem köp sanly aýal-gyz çaga dogranda aradan çykýar. Maşgala arasynda-da az zuluma uçranoklar. Häkimiýet kanunlaryň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirse gowy boljak, sebäbi kanunlar erbet däl. Emma iň uly bökdençlik köne urp-adatlar we din. Mysal üçin, sünnet durşuna diýen ýaly dini tutaryklar bilen edilýär. 2016-njy ýylda ýaş gyzlaryň azatlygyny goldamak we dini bölünşigi bes etmege hemaýat bermek maksady bilen ýörite topar döretdim. Adalat ministri bilen duşuşdym we ondan kanunlary berjaý etmegi ýola goýmagy talap etdim. Ýurduň baş ymamyna sünnetiň zenanlary nä güne salýandygyny aýdyp berdim. Ýagny, alyp barýan işimiziň birinji tapgyry öňüni alyş maksatly, ilkinji nobatda adamlara düşünje bermek üçin jan edýäris. Ikinji nobatda eden-etdilikli wakanyň bolandygy barada eşden badymyza oňa garşy göreşmegiň ýoluny agtarýarys. Meň pikirimçe biz häzir öwrülişigiň başynda durus. Gwineýada öňden dowam edip gelýän tabu gürrüňleri indi arkaýyn gozgap bilýäris. Enşalla, biziň çagalarymyzda hökman üýtgeşmeler bolup geçer! • Marta Lempart, 40 ýaşly, Polşa: Polşada sagçy konserwatiw hökümetiň häkimiýet başyna gelen 2015-nji ýylyndan bäri aýal-gyzlaryň ýagdaýy barha ýaramazlaşýar. Abort etdirmäge kanunda rugsat edilýänem bolsa, lukmanlar dini ynançlary tutaryk edinip, medisina maksatly öňüni alyş çäresinden ýüz dönderip bilýärler. Üstesine munuň üçin ýüz tutup baran günüň ertesi göwreliligiň garşysyna ulanylýan derman serişdelerini tapybam bilmeýäň. Ýene bir agyryly mesele bolsa, maşgala arasyndaky zorluk-zulum. Biçäre zenanlara goldaw berýän jemgyýetçilik guramalarynyň maddy çeşmeleri bilgeşleýin diýen ýaly döwlet tarapyndan kesilýär we olaryň ýerleşýän ofislerine polisia edaralary operasiýalar gurnaýar. Ýanwar aýynda hökümet Russiýada bolşy ýaly maşgala arasyndaky zorluk-süteme garşy kanun çykarjak boldy. Munuň üstünde häzirem gyzgyn jedel gidýär. Bu telbelige garşy göreşmek üçin 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda “Gara ýekşenbe” ady bilen Polşada birinji gezek aýal-gyzlary köpçülikleýin iş taşlaýyşa çagyrdym. 150 şäherde aýal-gyzlar köçä çykdy we abort gadagançylygyna garşy kanuny ýatyrtmagy başardy. 2017-nji ýylyň 8-nji martynda 60 ýurdy öz içine alýan Halkara zenanlar iş taşlaýyşyna guramaçylyk edenleriň hatarynda ýer aldym. Iş taşlaýyşlarymyz häzir Polşanyň iň güýçli göreş hereketi bolup durýar we biz yzygiderli diýen ýaly täze meýilnamalary işläp düzýäris. Üstümizdäki ýylyň saýlawlarynda täzelikçi bir partiýa parlanete girer diýip tama edýäris. Polşanyň dünýewi döwlet bolmagyny, adam hukuklaryna we erkinlige goldanmagyny we aýal-gyzlara hormat goýulmagyny arzuw edýärin. • Jerin Arifa, ABŞ: ABŞ-ly aýal-gyzlaryň ýagdaýy edil häzir gowy däl, hunaba barsyny ýuwdýar. Munuň iň uly sebäbem: jynsy zorluk bilen öwünýän, LGBT-leriň meselelerini pitiwa etmeýän we bilim edaralaryny bölünige garşy gidýan kanunlary äsgermezlige çagyrýan ýurt ýolbaşçysynyň bolmagydyr. Prezident Donald Tramp we respublikanlaryň aýal-gyzlaryň hak-hukugyna garşy hüjümleri ençeme ýyllaryň dowamynda azap çekip ýetilen feminist sepgitlere zyýan ýetirýär. Ejem we enme ýaly menem çagalygymdan bäri aktiwistlik edýärin. Akýagyz däldigim we musulman bolandygym üçin bir aktiwistka hökmünde her gün diýen ýaly kemsitmelere uçraýaryn. Feminizmi şowlatmak üçin başga ugurlar bilen utgaşdyrmak gerek. Millet, etniki gelip çykyş, din ýaly aýratynlyklara bagly bölünşikleriň we deňsizligiň soňuna çykyp bilsek, aýal-gyzlar doly azat bolsa gerek. Meniň ýolbaşçylyk edýän “Ýaş feministler we hyzmatdaşlary” guramamyz 2014-nji ýylda guruldy. Gurama bu meselä aýratyn üns berýar. Ýaş aktiwistkalary işe çekýäris, emma olar öňki aktiwistkalar ýaly sylanyp barlanok. Deňlik ugrundaky göreş aňsat däl. Emma aktiwist bolýanlaryň barha köpelmegu maňa umyt we güýç berýär. • Penelope Kemekenidou, 31 ýaşly, Germaniýa: Germaniýada aýal-gyzlaryň ýagdaýy köpleriň pikir edişi ýaly däl. Her iki günde bir aýal partnýory tarapyndan öldürilýär. Ispaniýada we Günorta Amerikada millionlarça adam şular ýaly jenaýatlara nägilelik bildirip köçelere döküldi. Bärde diňe umumy ýigrenç kemlik edýär. Aýal-gyzlara garşy eden-etdilik metbugatdaky wekilçilige bagly. 2015-nji ýylda “Jynsy deňligiň mediýasy” atly gurama döretdim. Biziň maksadymyz zenanlara garşy jenaýatlaryň, jynsy hüjümleriň we zorlamalaryň mediýa tarapyndan ölçegli dil ulanmak arkaly ähmiýetsizleşdirmeginiň öňüni almak. Jenaýata “gabançlyk zerarly” bolan waka hökmünde garamaly däl-de, jenaýat hökümnde garamak gerek. Ýa-da Oktoberfestde haýsydyr bir erkek adam geçip barýan zenanyň buduna el degrende, aslynda jynsy hüjüm etmäge synanşyk bolan bu ýagdaýy ýönekeý bir samyklaç hereket ýaly gürrüň bermeli däl. Eden-etdiligi söz bilen hakyky bolşundan ähmiýetsiz bir zat ýaly görkezmäge çalyşmak ony oňlamak manysyna gelýär, çünki gymmatlyklar sistemamyzy üýtgetmäge ukyplydyr. Jemgyýetçilik guramalary, neşirýatlar we editorial serwisler bilen geçiren işlerimizde seksual habarçylygyň mehanizmini çözüp, mundan nädeniňde uzak durup boljakdygyny görkezmäge jan edýäris. Maksadymyz – sagdyn gollanma bolmak üçin žurnalistler bilen işleşmek we aýal-gyzlar barada habarlary taýýarlananda çetleşdiriji we garalaýjy äheňde berilmeginiň soňuna çykmak. Bettina BAUMANN. © Deutsche Welle 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |