18:53 Dünýäniñ içindäki dünýä | |
DÜNÝÄNIŇ IÇINDÄKI DÜNÝÄ
Teatr we kino sungaty
Sungat äleminde teatr — iň gymmatly baýlyk. Köp asyrlyk taryhynda teatrlar hemişe tomaşaçylaryň üns merkezinde bolup, ähli döwrüň sungat söýüjilerini özüne çekýär. Ine, şeýle teatrlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeni mirasyna öwrülen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry (ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatry) 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Aýtjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz» atly spektakly bilen açylyp, öz işine başlaýar. Aslynda, teatryň başlangyjy 1926-njy ýylda açylan teatr studiýasyny tamamlan ýaşlaryň we çeper höwesjeňleriň güýji esasynda goýulýar. Wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp teatr täze sahna eserleri bilen baýlaşyp, ösüşiň belent derejelerine çykýar. Teatryň döredijilik topary- nyň çeken zähmeti netijesinde halkymyzyň durmuşy barada gürrüň ber- ýän sahna eserleriniň ençemesi döredilýär. Mundan başga-da, teatryň sazly bölüminde wokal aýdymçylary, hory, tansçylary we simfoniki orkestri jemlenip, etrap, şäher medeniýet öýleriniň halk we höwesjeň teatrlary üçin zerur hünärmenler taýýarlanylýar. Bu teatryň ilkinji uçurymlary — Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Gylyç Berdiýew, Suraý Myradowa, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew, Ogulgurban Durdyýewa dagy halkymyzyň teatr sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Bu artistler türkmen teatr sungatynyň gözbaşynda duran halypalardyr. Milli teatryň kemala gelmeginde dünýä çeper döredijiliginiň beýik nusgalary bolan N.W.Gogolyň «Derňewçi», K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmat käri», Lo pe de Weganyň «Laurensiýa» ýaly eserleriniň goýulmagy-da gowy täsir edýär. Şeýle-de, «Keýmir kör», «Zöhre-Tahyr», «Baý we batrak», «Söýgi», «Ykbal», «Aýgytly ädim», «Şemşat», «Kümüş gapyrjak», «Allan aganyň maşgalasy», «Çopan ogly», «Murgabyň kenarynda», «Sekizinji hazyna», «Gelinleriň gozgalaňy» ýaly halk arasynda meşhurlyk gazanan drama eserleri uzak wagtlap sahnadan düşmeýär. Bu bolsa ýurdumyzda türkmen teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşan režissýorlaryň, dramaturglaryň, artistleriň ençemesini kemala getirýär. Olaryň arasynda Baba Annanow, Aman Kömekow, Geldi Seýdiýew, Maşdy Gulmämmedow, Aman Gurbandurdyýew, Çary Işangulyýew, Durdymämmet Öräýew ýaly režissýorlary; Begi Suhanow, Gara Seýitliýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Taňryguly Taganow, Aşyr Mämiliýew, Muhammetnur Gurbangylyjow, Nazar Gullaýew ýaly dramaturglary; Nurjemal Söýünowa, Oguldurdy Annakowa, Berdi Aşyrow, Nurgözel Nagdowa, Söýün Amangeldiýew, Anna Nazarow, Gylyç Berdiýew, Täçbibi Gapurowa, Sabyr Ataýewa, Aga Şyhlyýew, Ata Döwletow, Fahriýa Alyýewa, Durdy Magtymow, Annamyrat Myradow, Baýram Gurbanow we beýlekileri aýtmak bolar. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2006-njy ýylyň 10-njy iýunyndaky buýrugy bilen «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry» diýip atlandyrylýar. Teatryň täze binasynyň bir müň orunlyk tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň işlemegi üçin amatly şertleri döredýär. Türkmen halkymyzyň milli teatr sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginlere eýe boldy. Has takygy, teatrlarymyz erkin milli aňy kemala getirmegiň münberine öwrüldi. Teatr işgärleri hormatly Prezidentimiziň bimöçber maddy hem ruhy goldawynda uly döredijilik ýoluny kemala getirdiler. Hut teatr sahnasynyň kömegi bilen, Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Andalybyň, Magtymgulynyň we ýene birnäçe taryhy şahsyýetlerimiziň aýdyň keşpleri janlandy. Sebitde, şonuň ýalyda Türkmenistanda her ýylda «Älemgoşar», «Nowruz», «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwallary geçirilýär. Şonuň esasynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Oguz oýny», «Gala», «Türkmennama» ýaly taryhy eserler sahnalaşdyryldy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň döredijilik topary öz tomaşaçylaryna hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany esasynda sahnalaşdyrylan «Döwlet guşy» atly halk dramasyny, şeýle hem «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly sahna eserini, türkmen folklorynyň düýpsüz gaznasy «Gorkut ata» eposy esasynda ýazylan «Däli Domrul», Reşideddiniň, Salyr Babanyň, Abulgazynyň, Andalybyň eserleri boýunça «Dowamat — dowam», rus ýazyjysy A.P.Çehowyň «Aýy» atly pýesasy ýaly dürli äheňde, dürli döwürde, dünýäniň çar künjeginde dürli awtorlar tarapyndan döredilen eserleri hödürleýär. Goý, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil derejelere eýe bolmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Gözel EMINOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |