23:17 Dünýäniñ iñ uly Gurhany | |
DÜNÝÄNIÑ IÑ ULY GURHANY
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Musulman halklaryñ birnäçesinde dünýäniñ iñ uly Gurhanyny taýýarlamaga synanyşdylar. Olaryñ arasynda ululygy boýunça eýranlylaryñ we tatarlaryñ taýýarlany nepisligi bilen öñe saýlansa, türkleriñ taýýarlan elýazma nusgasy el zähmetiniñ, göz nurunyñ has artyk siñdirilendigi bilen tapawutlanýar. Häzirlikçe biziñ elimizde dünýäniñ iñ uly Gurhany barada dört aýry maglumat bar. Ynha, olar: Tatarystanyñ paýtagty Kazanda rus patyşasy Iwan Groznynyñ ýumran metjidiniñ ýerinde täzeden bina edilen "Gul Şerif" metjidinde 2011-nji ýylda bulgar tatarlarynyñ 922-nji ýylda yslam dinine meýletin geçmekleriniñ şanyna gurnalan medeni çäreleriñ çäginde görkezilen iñ uly Kurany Kerim görenleri haýrana goýdy. Italýanlaryñ "Reverra" firmasy tarapyndan taýýarlanan bu mukaddes kitap "Ginnesiñ rekordlar kitabyna" "Neşir edilen iñ uly Kurany Kerim" hökmünde girdi. Mukaddes kitabyñ agramy 800 kg, uzynlygy 2 metr, ini 1,5 metr. Kitaba näçe çykdajy çykandygyny bolsa syr deýin saklaýarlar. Çaphana usulynda taýýarlanan Kurany-Kerim Russiýa Federasiýasynyñ düzümindäki Tatarystan respublikasynyñ paýtagty Kazan şäherindäki "Gul Şerif" metjidinde saklanýar. Aýna daş arkaly gorag astyna alnan Kurany-Kerimiñ ýanynda surat çekmek gadagan edildi. Kitaby italýanlara öñki prezident we döwlet geneşçusi Mintimir Şawmiýewiñ başlyklyk edýän Tatarystanyñ medeni we taryhy eserleri gaýtadan dikeltmek fondy zakaz etdi. Tatarlar Iwan Groznynyñ ýykan metjidiniñ ýerindäki "Gul Şerif" metjidine Kurany-Kerimi görmek üçin her gün ýüzlerçe adamyñ gelýändigini aýdýarlar. Sahaby altyn-kümüş, ýakut we beýleki gymmatbahaly daşlar bilen bezelen Kurany-Kerimiñ Bulgar şäherinde ýörite gurlan muzeýe äkidilmegi niýetlenýär. Kitap Russiýanyñ Medeniýet ministrligi tarapyndan hem medeni gymmatlyklaryñ sanawyna girizildi. * * * Bu barada ýurdumyzda çap edilýän "Watan" gazetiniñ 1995-nji ýylyñ 1-nji iýunyndaky sanynda hem "Iñ uly Gurhan" sözbaşysy bilen şeýle maglumat berilýär: "Eýranyñ hat göçüriji ussatlary Taher Hoşnepis we Osman Taha dagy dünýäde iñ uly keramatly Gurhany göçürmek bilen baglanyşykly 30 ýyla çeken güzaply, ýöne hormatly işi tamamladylar. Musulmanlaryñ keramatly kitabynyñ bu kopiýasynyñ ini 122 we boýy 192 santimetrdir. Bu sadagasy gitdigim kitabyñ her bir süresi sünnälenip ýazylan, her bir sahypasy üýtgeşik reñk öwüşgini bilen bezelendir. Muhammet pygamberiñ (s.a.w), onuñ gyzy Patmanyñ (r.a), ymamlar Hezreti Alynyñ (r.a), Hasanyñ we Hüseýiniñ atlary bolsa fosfor goşulan syýada ýazylansoñ ýagty saçyp dur we olary garañkylykda hem okamak bolýar. Pagta süýüminden aýratyn tehnologiýa boýunça işlenilip taýýarlanylan kagyz bu kitabyñ materialy bolup hyzmat etdi. 1964-nji ýylda başlan bu hormatly işlerini üstünlikli tamamlan başarjañ ussatlary "Ginnesiñ rekordlar kitabyna" mynasyp Gurhanyñ gatyny açyp synlap gören Eýran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Haşemi Rafsanjani gyzgyn gutlady."[1] * * * Türkiýäniñ "Türkiýe" gazetiniñ habar bermegine görä, dünýäniñ iñ uly Gurhanyny 2009-njy ýylda bir türkiýeli hatdat taýýarlap başlady we ony 2011-nji ýylda tamamlady. Hatdat kitabyñ bir sahypasynyñ uzynlygynyñ 110 santimetre ýetýändigini, doly açylanda bolsa 3 metr kwadrat meýdany tutýandygyny aýdýar. Kitap "hysrow haty" hatdatçylyk usuly bilen ýazylan we agramy 150 kg-a barabar. Hatdatyñ gürrüñ berşinden, onuñ düýşüne Selahaddin Eýýuby giripdir we külli musulmanyñ buýsanjyna öwrülen bu şanly türkmen serkerdesi oña gylyç beripdir. Ol gören syrly düýşünden soñ bu asylly işi ýerine ýetirmegi niýetine düwendigini aýdýar.[2] * * * 2017-nji ýylda Ankara şäheriniñ Etlik raýonynyñ "Gülbaba" metjidinde-de metjidiñ ymamy Rejaýy Özsoý dünýäniñ iñ uly Gurhanyny ýazmaga girişdi. Bir sahypasynyñ ini 107 sm, uzynlygy 1.50 metr, doly açylanda 3 metr ýeri tutýar, ýazmaga başlanda rekord maksady bolmadygam bolsa, bu boýunça gyzyklananda henize çenli şeýle asylly işiñ ýerine ýetirilmändigini bilip "Ginnesiñ rekordlar kitabyna" girmek üçin işine hasam höwesjeñ ýapyşandygyny aýdýar.[3] _______________________________________ [1] Seret: "Watan" gazeti, 01.06.1995 ý. [2] https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://m.youtube.com/watch%3Fv%3DmfDDPYO7oyY&ved=2ahUKEwjbzd2j_KHyAhVJqZ4KHVTAAw8Qxa8BegQIChAE&usg=AOvVaw2LJerNIGreWC0rKCzaTIMU [3] https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&url=https://m.youtube.com/watch%3Fv%3DK3Kd6Vk9a0Y&ved=2ahUKEwjbzd2j_KHyAhVJqZ4KHVTAAw8Qxa8BegQIBhAE&usg=AOvVaw2WbNoGQIXu__EydERE6m6H # Internet we metbugat materiallary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |