00:58 Dünýäniñ Ukraina nägileligi gelejek üçin nämäni añladýar? | |
DÜNÝÄNIÑ UKRAINA NÄGILELIGI GELEJEK ÜÇIN NÄMÄNI AÑLADÝAR?
Publisistika
Şwesiýa we Şweýsariýa biri-birine bagly dünýäde indi tarapsyzlygyñ bir çykalga däldigine gowy düşünýär. Katar global energiýa bazaryndaky boşlugy doldurmak üçin orta girdi. Hytaýyñ turbalary-da ikirjiñlenmeli geçýär. Uilýam Wordswort iki asyr öñ "Dünýä bize köplük edýär" diýip ýazypdy. Şahyr söwda durmuşynyñ çaltlygyndan we tebigat bilen sazlaşygyñ ýitmeginden çekinýärdi. Bu gün bolsa taryh öñki döwürlerde aklyña-oýuña getirip bolmajak aldym-berdimli gahar-gazap bilen üstümizi basýar. Bary-ýogy onlarça ýyllyk sifrowoý eýýam dünýäniñ çar künjünde bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen öwrenmegimize şert döredýär. Şeýle-de, erbetligi ýüze çykarmak isleýänleriñem muny has çalt we öldüriji görnüşde ýaýratmaklaryna mümkinçilik berýär. 1945-nji ýyldan şu wagta çenli durnuklylygyñ ölçegi bolan garşylyklaýyn ýykan-ýumranlyk bolsa, islendik pursatda uruş meýfsnynda ulanylyp bilinjek ýadro ýaraglaryñ hataryndaky "akylly ýaraglar" odaklanmış ýok etme ähtimallygyny güýçlendirýär. Kiber hüjümler energetika kompaniýalaryny, maliýe bazarlaryny we hökümet torlaryny mikrosekuntlaryñ dowamynda hatardan çykaryp bilýär. Wiruslar Hytaýyñ et bazarlaryndan dünýäniñ ähli ýurduna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrap, mutasiýa geçirip bilmäge ukyply. Ýakyn wagtdaky howplarda eksiztensial bolanlardan ABŞ-daky demokratiýa gönükdirilen howplara, alfadan delta, deltadan omikrona, Sinszýanda bir million musulmany konslagerlere we Kaşmirde millionlarça adamy öýüne gabap goýan berk öñüni alyş çärelerine geçerken Ýemende, Müsürde, Gazzede, Liwiýada we beýleki ýerlerdäki adam hak-hukuklary bilen baglanyşykly düzgün bozulmalar dynuwsyz dowam edýär. Bular ýaly birinji meselämiz bolmasa-da, deñ derejedede wajyp bolan yklymara-klimat üýtgeşmeleri ýaly sferalaýyn krizisler bilen gyzyklanmaga wagt tapamzogam diýen ýaly. Şindi-de Ukraina bar. Dünýäniñ iñ güýçli goşunlaryndan biriniñ adam we serişde sany esseme-esse pes gaýduwsyz ildeşlerden düzülen goşunynyñ üstüne çozan Ýewropanyñ guryýer urşy. Putiniñ ýyldyrym çaltlygyndaky uruş taktikasynyñ bady gowşady (gorkunç Ýewraziýa gyşlarynyñ Napoleonyñ we Gitleriñ başyna nämeleri inderendiginden sapak almadymyka?), ýöne biz ýalñyşmajak bolmaly. Rus goşunynyñ ilkibaşda bular ýaly gowşamagy diñe gapma-garşylygyñ has güýjemegine sebäp bolar. Hernä, dünýäniñ garşylygynda agzybirlik, tutanýerlilik we energiýa bar. Germaniýanyñ ahyrynda bikararlykdan syýrylyp, möhüm energiýa çeşmesi bolan "Demirgazyk akym -2"-niñ ýüpüni kesmegi üns bererlikli zat. Tebigy gaz üçin ar-namysyny satmadylar. Global energiýa bazaryndaky boşlugy doldurmak üçun Katar ara girdi. Saud Arabystanyñam şeýtmegi gerek. Wengeriýa we Polşa öñdenem azatlygyñ nusgasy däl, liderleri-de köpçüligiñ we oppozisiýanyñ sesini basýan ýeke-täk lideriñ dolandyrýan putinpisint illiberal demokratiýa modeliniñ ýolundan gidýär. Emma haýsy topbakda oturanlaryny bilýärler, Günbatara we ukrainaly bosgunlara açyk söz berdiler. Şwesiýa we Şweýsariýa biri-birine bagly dünýäde indi tarapsyzlygyñ bir çykalga däldigine gowy düşünýär. Katar global energiýa bazaryndaky boşlugy doldurmak üçin ara girdi. Hytaýyñ turbalary-da ikirjiñlenmeli geçýär. BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşi kabul eden kararyna çekinjeñlik bilen ýanaşsa, bu konfliktiñ tutaryksyz çozuşlygyñ sebäpkärinden başga herkesiñ ýalñyşlygynyñ bardygyny ýañzydýan ynandyryjylugy pes düşündirişleri berýärler. Global jemgyýet "11-nji sentýabr" teraktyndan bäri hemişekisinden has agzybir we jebis. Emma şol wagtky az salymlyk agzybirlikdi: Buş hökümetiniñ gorkunç ahlak we syýasy şowsuzlyklary sebäpli ýele sowruldy. Halkara guramalaryñ, döwlet ýolbaşçylarynyñ we raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ Ukraina goşmaça öñki sowet imperiýasy bilen Warşawa Paktynyñ (indi bularyñ köpüsiniñ howpsuzlygy NATO şertnamasynyñ 5-nji maddasy esasynda kepillendirilen) gurşawyndaky ýurtlara üns bermegi möhüm rol oýnaýar. Putine 2013-ji ýylda Siriýada, 2014-nji ýylda Krymda bolşy ýaly ýene bir gezek blefimizi görmek nesip etmez. Emma Putiniñ gitlersypat hüjüminiñ has giñ strategik we ahlak seljermesini-de herekete girizmegi gerek. Nämüçin Ukraina? Nämüçin Sinszýan, Ruanda, Siriýa ýa-da Mýanmar däl? Ukrayna strategik taýdan hökmany bolsa-da akýagyz ýewropalylaryñ ýaşaýyş-durmuşyna tapawutly garap-garamaýandygymyzy oýlanyp-ölçermeli. ABŞ-da we Ýewropanyñ başga ýerlerinde ukrainalylaryñ hem olara goñşy ýurtlaryñ uly, syýasy taýdan möhüm saýlawçy toparlarynyñ bardygy üçin ünsümizi şu ýerik gönükdirýärismi? Ahlak prinsiplerimiz geostrategik ýa-da syýasy ugrumyz bilen gabat gelmedik wagtynda näme etmeli? ABŞ dünýäniñ poliseýligini edip bilmez, emma şonda-da şuña baha bermek gerek: Häzirki we geljekki aýlarda Ukrainada we dünýädäki beýleki gyzgyn sebitlerde täsirli hereketleriñ kriteriýalary näme? Sanskiýalar gahar-gazap bilen dolup-daşýan lideriñ dolandyrýan otarşik ülkeleri dyza çökermek üçin ýeterlikmi? Ýarag prokýurementligi ýakyn wagtda tapawutlanmaga ýeterlikmi, ýa-da diñe dökülen gan artýarmy? Daşynyñ goragyny artdyrdygyça we öz başynyñ ölümlidigi ýatlaryna düşdügiçe köplenç wagşylyga we mantyksyzlyga ýönelen bu "ömürlik" liderleriñ getiren ýykgynçylygynyñ öñüni almak üçin uzak wagta niýetläp näme edip bileris? Umuman alanda, amerikanlar hökmünde hem-ä öz ýurdumyzda, hemem beýleki ýerlerde hökmany berilmeli sowallaryñ biri şu. Häzirki syýasy goldawyna peýdasy bolmasa-da, Baýden hökümeti ukrain konfliktinden ussatlyk bilen baş alyp çykýar. Birnäçe ABŞ-ly dünýäniñ uruşdan soñky ykbalyndan has beter "Tankydy Millet Teoriýasy"we tebigy gazyñ bahalary bilen gyzyklanýan ýaly bolup görünseler-de, global derejede has öñ hiç bolmadyk uýgunlaşmagy dowam etdirmek möhüm. Erik LEWIS. 08.03.2022 ý. https://www.independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |