10:26 Dutara öwrülen ýürek | |
DUTARA ÖWRÜLEN ÝÜREK
Ýatlamalar
Geçen urşuñ derdi-azary müñlerçe, millionlarça ýürekleri paralady. Müñlerçe ynsanlaryñ aşyna awy gatdy. Ynsan bolan uruşda ýitirenlerini ýatlaman oñup bilenok. Adam mydama hakydasy bilen ýaşaýar. Bu wakany bize kompozitor, Türkmenistanyñ halk artisti Aman Agajykow gürrüñ beripdi. - Biz dört erkek dogandyk. Baba, Gara, Annanyýaz hem mendim. Ýene-de Dürli atly bir gyz doganym bardy. Uruş başlanmanka, Baba agamyzy öýeripdik. Onuñ gelnine Nurjemal diýerdiler. 1939-njy ýylda agamy goşun gullugyna aldylar. Onsoñ meni gelnejemiñ ýanyna berdiler. Ol wagtlar men üç-dört ýaşymdadym. Gelnejem meni diýseñ gowy görýärdi. Iýdirerdi, geýdirerdi. Özem keşde çekmähe diýseñ ökdedi. Bilmedim, iş edip gazananja pulunamy, bir gezek ol maña bir dutar äberdi. Ol dutar juda täsindi. Adatça, dutar tut ýa-da erik agajyndan ýasalýardy. Bu dutaryñ gapagy bolsa dürli agaçlardandy. Hatda nar agajyndan ýasalan ýeri-de bardy. Has täsin ýeri - onuñ diýseñ üýtgeşik owazy bardy. Sazanda adamlar ony çalyp görüp, owazynyñ durudygynyñ tarypyny ederdiler. Gelnejemiñ maña şol dutary näme üçin alyp berendigine soñ-soñlar düşünip galdym. Ol aýralykdan dörän ýürek zaryny saz bilen egismekçi bolan bolmaly. Elbetde, men ulalyp, ökde sazanda bolup, dutary çalar öýdendir-dä. Men mydama şol dutar bilendim. Oñarsam-oñarmasam, şol gazap oturardym. Kiçijik bolsamam, oña elimi ýetirenimi duýman galýardym. Şeýdip, ulularyñ ýüregine düşýän gezeklerim az bolmaýardy. Ol dutary ulular çalanlarynda nähili ajap owazyñ çykýandygyna añk bolup oturardym. Uruş gutardy. Emma agam gaýdyp gelmedi. Onuñ ornuna 1943-nji ýylda Warşawada wepat bolanlygy hakda gyzyl hat geldi. Biz ony ýañyja öýeripdik ahyry. Onuñ bolsa ýogaldy haty geldi oturyberdi. 1948-nji ýyldaky ýer titremede gelnejemiñ äberen şol dutary-da döwlen eken. Gumdan gelen myhmanlar bilen daşda ýatyrdyk. Şonda ahyrzaman gopdumyka öýdüpdirin. Görsem, dutarymam gapdalymda döwük ýatyr. Gelnejemem şol ýer titremesinde ýogaldy. Ajy aýralygyñ yzasy hemişe ýüregi yzarlaýar. Soñra Moskwada, konserwatoriýada okap ýörkäm, doganym Baba hem-de onuñ gül ýüzli ýaryna, türkmen gerçeklerine bagyşlap, birinji simfoniýamy döretdim. Ol ýöne bir eser däldi. Ol eserde Baba agamyñ, Nurjemal gelnejemiñ nurana, mährem keşpleri-de, gelnejemiñ äberen, meniñ bolsa entek akylly-başly çalmaga-da ýetişmedik şol çagalyk döwrümiñ dutarymuñ owazy-da bardy. Aman aganyñ gürrüñinden çen tutsañ, ýene bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Edilen yhlas hiç wagt yrýa gitmeýär. Nurjemal gelniñ yhlasy-da boş gitmändir. Şeýle gelinleriñ merdanalygy, mähribanlygy çeper eserlere ajaýyp mukam bolup siñipdir. Eli işli, buýsançly, mährem ýürekli, ýar ojagyna wepadar şol uz gelinler bu gün ajaýyp mukamlarda saz bolup ýaşaýar. Jemal AMANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |