09:51 "Edebiýat we Sungat" 60 ýaşady | |
"EDEBIÝAT WE SUNGAT" GAZETI 60 ÝAŞADY
Edebiýaty öwreniş
▶ ANNOTASIÝA ÝERINE Hemmämiziñ bilşimiz ýaly, şu gün 2018-nji ýylyñ 5-nji iýuly. Mundan 60 ýyl owal, has takygy 1958-nji ýylyñ 5-nji iýulynda "Edebiýat we sungat" gazeti döredildi. Gazet döredilen wagtyndan şu güne çenli ençeme ýazyjy-şahyrlaryñ, medeniýet we sungat işgärleriniñ, žurnalistleriñ kemala gelmegine öz saldamly goşandyny goşup geldi. Biz hem bu gün bu belli edebiýat organynyñ ýubileý gününi gutlap, onuñ çap edilip başlanan ilkinji sanyndaky käbir gyzykly maglumatlary, edebi-çeper sahypamyzyñ okyjylary bilen paýlaşýarys. Gazetde Kerim Gurbannepesowyñ "Ýaýlaklary bar", şol wagtyñ ýaş şahyry Sapar Öräýewiñ "Men watan ogly", "Ýürekler bir urýar", "Gije ýeli güýjeme", "Men ganatly", "Çynar" goşgulary, Mämmet Seýidowyñ we suratçy Ýu.Koloýarowyñ bilelikde taýýarlan degişme bentleri, Tañryguly Taganowyñ "Oba klubynda" hekaýasy, Gara Seýitliýewiñ "Biz bu duşuşyga garaşýarys" makalasy, şeýle hem Nury Baýramowyñ terjime etmeginde mongol şahyry Býambyn Rinçeniñ "Şahyr dostuma", mozambik şahyry Ruý de Noronýanyñ "Galkyn, herekete gel", Beki Seýtäkowyñ terjime etmeginde ýapon şahyry Hadzime Kobaýasiniñ "Tokio ~ Moskwa" goşgulary... ýaly häzirki döwrüñ edebiýat muşdaklarynyñ-da ünsünden düşmejek gyzykly materiallar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem gazetiñ birinji sahypasynda redaksiýanyñ okyjylara ýüzlenmesi we redaksiýa gelip gowşan gutlaglar bar. Gazetiñ ilkini baş redaktory bolsa hemmämiziñ tanaýan meşhur ýazyjymyz Beki SEÝTÄKOW. Ýubileý ýaşyñ gutly bolsun, "EDEBIÝAT WE SUNGAT"! ◆ ◆ ◆ Gazetiñ birinji sanyndan: ▶ GADYRLY OKYJYLARYMYZA! Biziñ respublikamyzda edebiýaty, sungaty we umuman medeniýeti ösdürmäge berilýän ünsüñ soñky ýyllarda ep-esli derejede artandygy, bu meseleler barada ägirt uly üstünlikleriñ gazanylandygy, etmeli işleriñ bolsa çäksiz derejede köpdügi şu meseleleri yzygiderli beýan edip durar ýaly metbugat organyny döretmek talapyny öñe sürdi. Türkmenistanyñ Ýazyjylar soýuzynyñ we Medeniýet ministrliginiñ haýyşyny kanagatlandyryp, partiýanyñ Merkezi Komiteti şeýle gazeti döretmegi makul bildi. Gadyrly ýoldaş okyjy! Seniñ eliñdäki "Edebiýat we sungat" gazetiniñ çykarylyp ugralmagy milli formaly, sosialistik mazmunly türkmen sowet edebiýatyny, sungatyny we medeniýetini ösdürmek barada biziñ mähriban Kommunistik partiýamyzyñ edýän atalyk aladasynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Şunuñ bilen birlikde hem partiýanyñ edebiýat, sungat, we medeniýet añ-bilim işgärlerine bildirýän uly ynamyny-da añladýar. Şonuñ üçin-de biz öz gazetimiziñ ilkinji nomeriniñ ilkinji setirlerini şu alada we ynam üçin Kommunistik partiýa tüýs ýürekddn minnetdarlygymyzy bildirmeklige bagyşlaýarys. Biziñ "Edebiýat we sungat" gazetimiz diñe bir ýazyjylar, sungat we medeni añ-bilim işgärleri üçin däl-de, eýsem respublikamyzyñ giñ halk köpçüligi üçin-de niýetlenen gazetdir. Edebiýatyñ, sungatyñ we medeniýetiñ ykbaly barada ýazyjylar, sungat we medeni añ-bilim işgärleri bilen birlikde okyjylar-da, tomaşaçylar-da aladalanýarlar. Bu iki taraplaýyn alada halkyñ durmuşy bilen edebiýatyñ we sungatyñ arabaglanyşygyny günsaýyn ýakynlaşdyrýar. Ine, şoña görä-de, biziñ gazetimiz "Edebiýaty we sungaty halkyñ durmuşy bilen ysnyşykly baglanyşdyrmak ugrunda" diýen partiý dokumentinde aýdyñ hem-de anyk beýan edilen programmalaýyn wezipeleri propogandirlemekde we durmuşa geçirmekde ägirt uly rol oýnaýan gural bolmalydyr. Gazet edebiýatyñ we sungatyñ taryhyna hem-de sosialistik realizm meselelerine degişli materiallary öz sahypalarynda ýerleşdirmek bilen birlikde çüýrük buržuaz ideologiýanyń garşysyna aýgytly göreş alyp barmalydyr. Gazet SSKP-niñ XX gurultaýynyñ taryhy kararlaryndan ugur alyp, edebiýar we sungat işgärlerini marksistik-leninçilik meselesinde partiýanyñ ýakyn kömekçisi bolmak roluny oýnamalydyr, häzirki zaman rewizionistlerinu ideýa taýdan paş etmäge aktiw gatnaşmalydyr. Biziñ gazetimiz ýene-de nämeler ýazjakdyr? Gazetiñ iñ wajyp weziperinden biri-de halkyñ durmuşyndaky öñe gidişleri aýdyñ beýan etmekden ybaratdyr. Biz öz gazetimiziñ sahypalarynda ýerleşdirjek materiallarymyzyñ üsti bilen halkymyzyñ taryhy ähmiýete eýe bolan üstünliklerini görkezýän çeper edebiýat eserleriniñ döredilmegi ugrunda, şol eserleriñ dürli ýollar arkaly halka ýetirilmegi ugrunda çalyşjakdyrys. Çagalar edebiýatyny ösdürmek meselesi-de üns-den düşürilmeli däldir. Şuny gazanmak bilen biz ýazyjylaryñ, kompozitorlaryñ, hudožnikleriñ, teatr kollektiwleriniñ nämeler üstünde işleýändikleri bilen, olaryñ döreden eserlerini halkyñ nähili kabul edýändigi bilen, bir söz bilen aýdañda, olaryñ işindäki üstünlikler we kemçilikler bilen öz okyjylarymyzy yzygiderli tanyşdyryp durjakdyrys. Biz gazetiñ sahypalaryny romanlardan, powestlerden we poemalardan bölekler çap etmek bilen doldurmagy asla-da göwnümize getirmeýäris. Diñe doly bahaly, onda-da göwrümi uly bolmadyk hekaýalary we oçerkleri, şahyrlaryñ iñ gowy täze goşgularyny, jemgyýetçilik ähmiýetli temalarda ýazylan satira we ýumor eserlerini çap etjekdiris. Hala çeper eser bolsun, hala makala, barybir, gazet öz sahypalarynda göwrümi mümkingadar dar, manysy mümkingadar giñ materiallary ýerleşdirjekdir. Gazetimiziñ hepde-de bir gezek çykýandygyny nazara alyp, biz respublikamyzyñ edebi, sungat we medeni durmuşynda hepdäniñ dowamynda bolup geçen möhüm täzeliklere her nomerimizde ýörite orun berjekdiris. Ilatyñ, hususan-da, oba ilatynyñ medeniýetini ýokarlandyrmak we durmuşyny gowulandyrmak meseleleri biziñ gazetimiziñ üns merkezinde bolar. TKP MK-nyñ ýañy-ýakynda bolup geçen III Plenumynyñ kararlaryndan ugur alyp, biz medeni añ-bilim edaralarynyñ alyp barýan hemme taraplaýyn işine düýpli analiz berýän materiallara gazetimiziñ her nomerinde mynasyp orun berjekdiris. Oba intelligensiýasynyñ ilat arasynda alyp barýan terbiýeçilik işi bizi elmydama gyzyklandyryp durjakdyr. "Edebiýat we sungat" gazetiniñ esasy wezipelerinden ýene birisi edebi we teatral tankydy ösdürmäge ýardam bermekdir. Respublikada neşir edilýän edebi eserlere we teatrlarda goýulýan pýessalara jemgyýetçiligiñ berýän bahasy biziñ gazetimiziñ sahypalarynda öz beýanyny tapmalydyr. Biziñ edebiýatymyzyñ we sungatymyzyñ möhüm uçastogy bolan edebi birleşmeleriñ, çeper höwesjeñleriñ kollektiwleriniñ işlerini gazet öz nazaryndan sypdyrmazlyga çalyşjakdyr. Olaryñ işine kömek bermekden ötri biz ýaş ýazyjylara we çeper höwesjeñlere geñeşleri, ýaş ýazyjylaryñ şowly çykýan eserlerini we çeper höwesjeñler üçin bir perdeli pýessalary hem-de intermediýalary wagtal-wagtal çap edip durmakçydyrys. Gazetiñ meşgullanmaly meseleleri diñe bir şular bilen çäklenmeýär. Biziñ medeni-durmuş edaralarynyñ gurluşygynyñ we ilata medeni taýdan hyzmat etmek işiniñ ýagdaýy-da, kinostudiýanyñ we muzeýleriñ işi-de, kitap söwdasynyñ we edebi tejribäniñ ýola goýluşy-da, başga-başga meselelerde-de gyzyklandyrar. Doganlyk respublikalaryñ we halk demokratiýasy ýurtlarynyñ edebiýaty, sungaty we medeniýeti bilen-de öz okyjylarymyzy içgin tanyşdyryp durmaga çalyşjakdyrys. "Edebiýat we sungat" gazetiniñ ýakyn geljekdäki wezipesi SSSR ýazyjylarynyñ 3-nji gurultaýyna, TSSR ýazyjylarynyñ 4-nji gurultaýyna, Aziýa we Afrika ýurtlarynyñ ýazyjylarynyñ Daşkentde boljak konferensiýasyna, Türkmenistan SSR medeni añ-bilim işgärleriniñ birinji gurultaýyna görülýän taýýarlygy yzygiderli we operatiw suratda beýan edip durmakdan ybaratdyr. Gazetiñ öz öñünde duran hormatly we jogapkärli wezipesiniñ üstünlik bilen hötdesinden gelmegi üçin ýazyjylar we okyjylar, sungat işgärleri we tomaşaçylar onuñ işine aktiw gatnaşmalydyrlar. Şoña görä-de özlerini gyzyklandyrýan meseleleriñ ählisi barada bize dowamly ýazyp durmaklaryny, biziñ bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamaklaryny ýazyjylardan we okyjylardan, sungat işgärlerinden we tomaşaçylardan, ähli medeniýet işgärlerinden haýyş edýäris. Gazetiñ işine okyjylaryñ aktiw gatnaşmagy edebiýatyñ we sungatyñ halkyñ durmuşy bilen ysnyşykly arabaglanyşykda bolmagy barada Kommunistik partiýa tarapyndan öñde goýlan wezipäni ýerine ýetirmäge kömek berer. ◆ ◆ ◆ ▶ "EDEBIÝAT we SUNGAT" gazetiniñ redaksiýasyna GOWŞAN GUTLAGLAR "Edebiýat we sungat" diýen täze gazetiñ çykarylmagy Türkmenistan ýazyjylarynyñ durmuşynda uly ähmiýetli wakadyr. Kommunistleriñ beýik partiýasynyñ ýolbaşçylygy astynda täze jemgyýet gurýan sowet halkynyñ durmuşy bilen edebiýatyñ we sungatyñ ysnyşykly baglanyşygyny hemme çäreler bilen pugtalandyrmak üçin redkollegiýa bar güýjüni sarp eder diýip umyt edýäris. Ýazyjylaryñ Bütinsoýuz we respublikan gurultaýlaryna taýýarlyk görülýän şu günlerde hem-de soñraky wagtda "Edebiýat we sungat" gazeti Türkmenistan edebiýatçylarynyñ we sungat işgärleriniñ giñden pikir hem-de döredijilik tejribesini alyşýan tribunasy bolar diýip, Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyñ Prawleniýesi umyt edýär. Gazetiñ bütin kollektiwine mähriban sowet edebiýatymyzyñ gülläp ösmegi üçin üstünlik bilen işlemegi arzuw edýäris. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyñ Prawleniýesi. * * * Türkmenistan SSR-niñ Medeniýet ministrligi "Edebiýat we sungat" gazetiniñ redaksiýasyny hem-de okyjylaryny gazetiń birinji nomeriniñ çykmagy bilen gutlaýar. Bizin respublikamyzda "Edebiýat we sungat" gazetiniñ döredilmegi bilen türkmen halkynyñ milli formaly, sosialistik mazmunly medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde mähriban Kommunistik partiýanyñ we Sowet hökümetiniñ atalyk aladasynyñ ýene-de bir beýanydyr. Türkmenistan SSR-niñ Medeniýet ministrligi "Edebiýat we sungat" gazetiniñ öz işinde edebiýatçylaryñ, medeniýet işgärleriniñ giñ köpçüliginiñ ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine daýanyp, biziñ respublikamyzda edebiýaty, sungaty, medeni añ-bilim işlerini ýene-de has belentlige götermekde Kommunistik partiýanyñ işeñnir kömekçileriniñ biri boljakdygyna berk ynanýar. Türkmenistan SSR-niñ Medeniýet ministrligi. * * * Russiýa Federasiýasynyñ Ýazyjylar soýuzynyñ Guramaçylyk komiteti "Edebiýat we sungat" gazetiniñ birinji nomeriniñ çykmagyny gutlaýar. Bu gazet rus edebiýaty bilen türkmen edebiýatynyñ iññän ýürekdeş doganlyk aragatnaşyklaryny pugtalandyrmaga işeññirlik bilen ýardam eder diýip umyt edýäris. Leonid Sobolew, Sergeý Sartakow, Wladimir Arhangelskiý. * * * Özbegistan ýazyjylary Türkmenistan SSR Ýazyjylar soýuzynym we Medeniýet ministrliginiñ organy bolan "Edebiýat we sungat" gazetiniñ çykarylmagy bilen doganlyk Türkmenistanyñ edebiýat we medeniýet işgärlerini gyzgyn gutlaýarlar. Türkmen halkynyñ medeni durmuşyndaky şu uly wakany biz doganlyk türkmen halkynyñ ruhy medeniýetini mundan buýana-da gülletmek hakynda Kommunistik partiýanyñ we Sowet hökümetiniñ eden täze atalyk aladasy hökmünde görýäris. Türkmen ýazyjylarynyñ we sungat işgärleriniñ täze gazetine milli medeniýeti we edebiýaty ösdürmäge hyzmat etmekde uly üstünlikler gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. B.RAHMANOW, Özbegistan Ýazyjylar soýuzynyñ Prawleniýesiniñ birinji sekretary. * * * Latwiýa Ýazyjylar soýuzynyñ sekretariaty "Edebiýat we sungat" gazetiniñ çykmagy bilen gazetiñ redaksiýasyny hem-de işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýar. Türkmen edebiýatynyñ üstünlikli ösmegini arzuw edýäris. Luks, Wanag, Talsis. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 05.07.1958 ý, Şenbe, N#1-nji sany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |