12:30 Efiopiýa romanyndan bir nusga: "Uruşjañ patyşa" | |
EFIOPIÝA ROMANYNDAN BIR NUSGA: "URUŞJAÑ PATYŞA"
Edebiýaty öwreniş
Efiopiýaly ýazyjy Sale Sellassi esasanam taryhy romanlary arkaly tanalýar. Sellassiden söz açanymda, Afrikada döwlet bilen çeper edebiýatyñ gatnaşygyna-da az-owlak degip geçmekçi. Afrika edebiýatynda Efiopiýanyñ tutýan orny barada aýdanymyzda, Sellassi onuñ iñ görnükli wekilleriniñ biri hökmünde öñe saýlanýar. Ýurduñ öz içindäki garaşsyz tradisiýa (bir-iki sany gysga wagtlaýyn okkupasiýalary hasaba almanymyzda) Efiopiýany taryhy taýdan hemişe tapawutly döwlet bolup öñümize çykarsa-da, çeper edebiýat taýdan alanda şol öñdeligi görkezendigini aýdyp bolmaz. Hatda afrika edebiýatynyñ baş temalarynyñ hemme ýerde birmeñzeş görnüşde orta çykmagy-da, Ýewropada we ýerli dillerde öñe saýlanmagy-da bu hakykaty üýtgedip bilmeýär. Eýse efiopiýalylaryñ çeper edebiýata gatançlarynyñ az bolmagy, olaryñ kolonial geçmişiniñ ýokdugyndan gelip çykýarmyka? Emma şulam hakykat: afrika edebiýatynda ýerli dillerde döretmegiñ tarapyny tutýanlaryñ pikirini püçege çykarýan ýaly Efiopiýada onçakly öñe saýlanyp duran eserlerem ýok. Bu belli bir derejede uluslaşma (döwletleşme) prosesi bilenem ilteşiklidir. Dogrusy, afrika edebiýatynyñ düýp meseleleri bilen gyzyklanýan ugur hem doly kemala gelmedi. Afrika edebiýatynyñ nasional paradigma döretmeginiñ mümkin däldiginden öñ söz açypdym. Ýeri gelende aýtsam, swahili ýa-da ýoruba ýaly dillerde eserleriñ döredilmegi ulus düşünjesinden zyýada afrikalylyk duýgusyny has köp öñe çykarýar. Elbetde, ulus aýratynlygyny öñ hatarda goýýan eserler döredilipdir we döredilmäge dowam edýär, emma munuñ sany diýseñ az. Mümkin däl diýmegimiñ bir sebäbem uluslaşmagyñ gijikmegi sebäpli-de däl. Häziriñ keniýa edebiýaty ýa-da kongo edebiýaty bolmasa, nädip efiopiýa ýa-da somali edebiýaty bolsun? Efiopiýa garaşsyzlygyny we medeni çuñlugyny öñe sürüp, başgaça edebiýaty kemala getirip bilermidi? Munuñam mümkinçiligi az, şeýle-de hristianlyk bilen baglanyşygy sebäpli aýratyn ýagdaýa eýe bolup durýardy, gýeez dilinde döredilen eserleriñ dini mazmunly bolmagynyñ munda paýy bar. Häzirkizaman amharja edebiýatynyñ ösmeginde beýleki afrika ýurtlarynda bolşy ýaly, Jon Bunýanyñ 1892-nji ýylda neşir edilen "Haj ýolunda" ("Pilgrim's Progress") romanynyñ täsirini görüp bolýar. Amharja edebiýatynyñ ilkinji nusgasynyñ terjime eseri bolmagy möhümdir. Efiopiýaly görnükli tankytçylardan Asfaw Damte efiopiýa edebiýatyny üç topara bölýär: - 1907-nji ýyldan 1935-nji ýyla çenli birinji döwür italýan kolonializmi astynda kemala gelen edebiýat; - Ikinji döwür 1941-nji ýyldan Haýle Selassiýeniñ agdarylan wagtyna çenli dowam edýär; - Üçünji döwür bolsa, 1974-nji ýyldan soñky döwri öz içine alýar. Amharja diliniñ janlanmagyna imperator Tewodrosyñ gýeez dilinden el çekip amharjany saýlap almagy ýiti täsir edipdir. Edil Ngugi Wa Thiongo ýaly afrika edebiýatynyñ afrika dillerinde bolmalydygyny öñe sürýän Damte 1981-nji ýylda şeýle diýýär: "Aglabasy afrikaly bolmadyk afrika edebiýaty boýunça ýazanlaryñ ýerli edebiýatlaryñ öz elipbiýleri bilen ösüşi we edebiýatlary hakynda dymmaga ant içen ýaly gezýändiklerini görmek diýseñ täsin. Eýle diýip, beýle diýip, her dürli bahanalar bilen amharja edebiýaty afrika edebiýatyna dahylly edebi derñewlerden çetleşdirilýär. Afrikaly däl tankytçylaryñ we afrika edebiýatynyñ taryhyny öwrenijileriñ esasy meselesi ýewropa dilleriniñ kemsidiji görnüşde "ýerli" diýip atlandyrýan afrika dillerine garanda ýokardadygyny goldaýan ýaly bolup görünýär." Damte efiopiýa edebiýatynyñ ýurtda ýaşaýan halkyñ gepleýän dilinde bolmalydygyny öñe sürýär: "Efiopiýalylar bilýän dillerinde öndümli eserleri döredip bilerler. Bu terzdäki efiopiýa edebiýatynyñ ýokdugy mälim, meselämiz bu däl." Doly ady Sale Sellassi Berhan Mariam bolan Sellassi bolsa Damtä garşy diýseñ kesgitli jogap beripdir. Damteniñ görüp bilmedik bir hakykaty bar, olam - edebiýatyñ gepleşik dilinden başga zatdygydyr. Sellassi oña şeýle jogap berýär: "Efiopiýa dillerinde ýazylan çeper eserleriñ jeminiñ efiopiýa edebiýaty bolmagy - pyrtykaldan, banandan, limondan doly sebediñ miwäniñ täze görnüşini döretmeginden başga zat däl." Sellassi birnäçe dilde eser döreden ýazyjy. Ol amharja, iñlis, çaça dillerinde ýazypdyr. Onuñ 1964-nji ýylda ýazan "Şineganyñ obasy" ("Shinega's Village") çaça dilinde ýazylan romandyr. Oba oglanynyñ durmuşyndan gürrüñ berýän roman etnografik mazmunly bolansoñ, ylmy jemgyýetçilik tarapyndan gowy garşylanýar. Sellassiniñ amharja dilinde ýazan ilkinji romany "Goý, ýaşlar derñesin!" ("ወጣት ይፍረደው") romany çykan badyna senzuranyñ gysajyna düşýär. Sellassi, megerem, senzuradan gaça durmak üçin 1969-njy ýylda "The Afersata" atly üçünji romanyny iñlis dilinde ýazýar. Onuñ "Firebrands" romany-da senzuranyñ şarpygyndan datmaly bolýar. Sellassiniñem beýleki afrikaly ýazyjylar ýaly gözi dertden açylmaýar. Hatda italýanlaryñ Efiopiýany basyp alşyny gürrüñ berýän "Ony jezalandyr" ("ባሻ ቅጣው") romany-da senzuradan aman sypmandyr. Sellassi-de galamdaşlary Nuruddin Farah, Wole Soýinka, Çinua Açebe, Ngugi ýaly diktatorlardan bizar-peteñi çykan ýazyjydyr. Şübhesiz, diktatorlygyñ bar ýerinde intellektuallaryñ her biri ullakan howp hasaplanýar. Sellassiniñ has giñden tanalýan eserleriniñ biri-de iñlis dilinde ýazylan "Uruşjañ patyşa" ("Warrior King") atly taryhy romandyr. Romanda Efiopiýanyñ uluslaşma prosesi suratlandyrylýar. Sellassi Günorta Afrikaly ýazyjy Tomas Mofolonyñ "Çaka" romanyndan birnäçe obrazy "ogurlapdyr". "Çaka" romanynda patyşa Çakanyñ rehim-şepagatsyzlygy, onuñ awtoritarlygy we agzybirligi üpjün etmekdäki tutanýerliligi "Uruşjañ patyşada" patyşa Hassa Hailunyñ obrazynda öñümize çykýar. "Uruşjañ patyşa" hemme zatdan ötri epiki eserdir. Romanda gozgalañçy Kassanyñ imperatorlyga çenli göterilişi gürrüñ berilýär, ýagny Kassa Hailunyñ imperator Teowodros II boluşyndan söz açylýar. At-owazasy dumly-duşa ýaýran Kassanyñ töweregine ýaşlar toplanýar. Kassanyñ dünýä inişi romanyñ başlarynda şeýle gürrüñ berilýär: "Köplenç Kassanyñ bir monahyñ ol barada öñdengörüjilik bilen aýdan sözlerinden soñ doglandygyna ynanylýar. Ejesiniñ ady Attetetegebdi. Sygyr derisinden tikilen eşikli monah naçar aýalyñ öñünde lap edip şulary diýdi: - Ýatgyñdaky döl oglan çaga. Ol bu ýurduñ öten-geçen beýik hökümdarlaryndan biri bolar." Kassanyñ maksady belli: ol ýurdunyñ bitewiligi goramak bilen birlikde elden giden ýerleri-de gaýdyp almak, aýratynam Sudanyñ çäginde we Gyzyl deñziñ kenarynda türkleriñ basyp alan ýerlerini gaýdyp alyp, bir bitewi Efiopiýa döwletini gurmak isleýär. Gozgalañçylaryñ iñ uly maksady şulardy: Woizero Menen bilen Ras Ali hökümetiniñ enter-pelegini çöwürmek, häzirlikçe türkleriñ elindäki Sudanyñ çägini we Gyzyl deñiziñ kenaryndaky elden giden ýerleri täzeden eýelemek. Gysgaça aýdanda, birmahalky Efiopiýa imperiýasyny täzeden gurmak we Atse Fasiliñ döwründäki şan-şöhratyny gaýtadan dikeltmek. Olaryñ göreşiniñ, ideologiýasynyñ gysgaça mazmuny şulardan ybaratdy. Kassa ýurduñ zenan hökümdary Woizero Meneni we onuñ ogly Ras Alini ýeñip, patyşa bolýar, dargan goşun bölümleriniñem agzyny birikdirýär. Kassanayñ buthanalara bolan garaýşy aýdyñ, ol buthananyñ syýasatyñ bir parçasy bolmagyndan nägile. Awtor bu ýagdaýy bir ýepiskopyñ durmuşyndan söz açmak arkaly şeýle gürrüñ berýär: "Ýepiskop Efiopiýa Hudaýyñ sözüni wagyz etmekden başga hiç zat etmeýändigini ýygy-ýygydan diline çolap, özüniñ syýasatdan daşdadygyny görkezjek bolýardy. Emma ol hakykatda, wagtynyñ agramly bölegini syýasy hilegärliklere sarp edýärdi. Ol sözi geçginli biri hökmünde möhüm wezipäni eýeleýändigine gowy düşünýärdi." Ösen Efiopiýanyñ arzuwyny eden Kassa açyk daşary syýasaty ýöredýär, zamanabaplyga ýakyn duranyny gowy görýär. Ol ýurda gelen angliýaly Jon Bellden Efiopiýada galandygynyñ deregine iki zat isleýär: korolewa Wiktoriýa bilen aragatnaşyk açmak we harby gullukçylary okatmak. Sale Sellassi "Uruşjañ patyşa" romanynda Efiopiýanyñ ýakyn taryhyna, uluslaşma prosesine yşyk tutýar. Ahmet SAIT AKÇAÝ, edebiýaty öwreniji. 10.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |