21:09 Eger-de gitsem... / hekaýa | |
EGER-DE GITSEM...
Çagalar edebiýaty
Biz bäş oglandyk: Ahmet, Kerim, Färiborz, Säfder we men. Hünärmentçilik mekdebiniň birinji ýylyny gutaryp, ikinji ýylyna geçipdik. Biz bu ýyl öz ugrumyzy saýlamalydyk. Hünärmentçilik mekdebi iki ugra bölünýärdi, olaryň birinjisi üç ýyllyk ýöriteleşdirilen hünärmentçilik mekdebi, ikinjisi bolsa dört ýyllyk hünärmentçilik mekdebidi. Onuň birinjisine altynjy synpyň, ikinjisine bolsa, onunjy synpyň okuwçylaryny kabul edýärdiler. Ahmet, Kerim, Färiborz we Säfder ýöriteleşdirilen hünärmentçilik mekdebiniň birinji ýylyny tamamlapdylar. Men bolsa orta mekdebi gutaryp giripdim. Ahmediň we Kerimiň kakalary gurluşykçydy. Säfder welaýat şäherleriniň birinden gelip, okaýardy. Färiborzuň we meniň kakam bolsa gurluşykçy däldi, ýöne biziň barymyz gurluşyk bölüminde okamaly diýen karara geldik. Mekdep müdiri jenap Hesareki “Haýsy hem bolsa bir ugry açmak üçin azyndan on bäş meýletinçi gerek” diýýärdi. Biz gurluşyk bölümini açdyrmak üçin çynymyz bilen ýapyşdyk. Ýene-de üç oglany hem öz ýanymyza çekmegi başardyk. Ýöne jenap Hesareki olaryň gözüni-başyny aýlap, beýleki bölümlere geçirensoň, biz ýene-de özli-özümiz bolup galyberdik. Inženerçilik ugrundan ýokary bilim alyp, hünärmentçilik mekdebinde işe başlan Sorur mugallym gurluşyk toparynyň ýolbaşçysydy. Ol ýaşdy, işe höwesekdi, çagalar bilen aragatnaşygy hem diýseň oňatdy. Matematika dersinden okadýan bu mugallym bize ruhy goldaw berýärdi: – Oglanlar, hiç zatdan çekinmäň! Gowy görýän hünäriňizi saýlamak siziň öz hukugyňyz. Hiç kim sizi bu hukukdan mahrum edip bilmez. Şonuň üçin hak-hukugyň ýitirilýän zat däl-de talap edilýän zatdygyny unutmaň! Eger-de onuň siz bilen ylalaşmagyna garaşsaňyz-a, onda bitiren işiňiz bolmaz. Hukugyňy goramak üçin soňky demiňe çenli göreşmeli. Elbetde, bu ýolda oňaýsyz öwrümleriň bolmagy-da, şowsuzlyga uçramagyňyz-da mümkin. Eger-de islegiňiz bar bolsa, onda bu kynçylyklara garşy durmaly bolarsyňyz. Isleýän netijäňizi gazanman hem bilersiňiz. Ýöne iň esasy zat, gol gowşuryp oturman, ýoluňyza böwet bolýanlara güýç-gaýratyňyzyň bardygyny görkezmelisiňiz. Bu ýagdaý geljek ýyl hem gaýtalansa, “sany ýetenok” bahanasy bilen gurluşyk bölüminde okajaklary kabul etmezlige getirer! – Dogry aýdýaň. Hamala, olara gurluşyk bölümini açmak üçin on bäş adam gerekmiş! Oglanlar, maňa gulak assaňyz-a, bu gürrüňleriň bary biderek. Ol haýsydyr bir meselä baş galdyranyndan kellesiniň dynç bolanyny kem görenok – diýip, gyzyl ýüzli Bižen mugallym onuň aýdanlaryny ikelläp goldady. Bižen mugallymyň egin-eşigi hemişe ütüklije, tämiz bolansoň, daş-töweregindäkilere yşgalaňly görünýärdi. Ol gurluşyk ussahanasynyň mugallymydy. Onuň familiýasy Dehgan bolup, adyny däl-de familiýasyny tutsaň gowy görýärdi. Bižen mugallym diýseň ýokuş görýärdi. Jenap Hesareki özüniň semiz göwresi, gäbe garny, şyr takyr kellesi, ak äýnegi we ýognas sesi bilen çagalaryň ýüregine şeýlebir bir howp we gorky salypdy welin oňa gabatlaşanlarynda oýturaklaşyp geçýärdiler. Hilegärligi we gödekligi bilen ýakasyny tanadan bu adam hünärmentçilik mekdebini edil hususy mülki ýaly dolandyrýardy. Hiç bir zat onuň nazaryndan sypmaýardy. Ol awtoulag girip çykýan uly derwezäniň gapdalyndaky gözegçilik-geçiriş otagynyň çat maňlaýynda “Barlag bölümi” diýen ýazgyny hem berkitdiripdi. Ol ýerde mekdebiň degişgen garry sakçysy Nury aga garawulçylyk edýän bolsa, onuň gapdalynda, döşüne “Gözegçilik” jähegini dakynan oglanlaryň biri nobatçylyk edýärdi. Aňyrdan gelen her bir adam şu nobatçylar arkaly içeri goýberilýärdi. Mekdep müdiriniň rugsady bolmazdan hiç kimiň mekdebe girmäge haky ýokdy. Şeýle-de mekdebiň giň howlusyna hem-de onuň demir gözenek haýadyna başga-da gözegçilik edýän nobatçylar bardy. Jenap Hesarekiniň özi bolsa giňden uzyn dälizlere hem-de synp otaglaryna häli-şindi aýlanyp durýardy. Gijä galanlarymyz binanyň öňündäki meýdançada hatara goýulýardy. Jenap Hesareki aňyrdan gelşine uzyn taýagy bilen biziň paýymyzy berýärdi. Ol yzgytsyzlyk bilen taýaklanda, gözümizden ot çykyp gidýärdi. Ýüreginde rehim-şepagatdan nam-nyşan bolmadyk bu zaňňar urýan wagty ýüzi-gözi dagy hem üýtgemeýärdi. Biz şeýle ýagdaýda şeýle ýaramaz adamyň garşysynda durup, sözümizi gögertmelidik. …Indi biziň haýsam bolsa birimiz jenap Hesarekiniň iş otagyna baryp, arzymyzy aýtmalydyk, ýöne kim muňa ýürek edip biler diýsene? Ol bizi gaty erbet gorkuzyp, batyrgaýlyk ruhumyzy şeýle bir syndyrypdy welin, ondan öler ýaly gorkýardyk. – Gowusy bäşimizem bilelikde baralyň, goý, näme bolsa hemmämize bile bolsun – diýip, Ahmet ahyrsoňy bu meseläni çürt-kesik etdi. Ahmet uzyn boýly, garaýagyz, ýasy burunly, goýun gözli, egni gysby, sagdyn, hoşroý we utanjaň oglandy. Oglanlar synp otagyndadylar. Bölümlere bölünip, sapaklaryň başlanyna eýýäm bir hepde bolupdy. Emele gelen ýagdaý sebäpli diňe bäşimiz sapaklara barmaýardyk. Gurluşyk ussahanasynda uzakly gün oturyp, ondan-mundan gürrüň edýärdik, soň hem närazy we öýkeli halda öýe gaýdýardyk. Biz gorka-gorka ýöräp ugradyk. Onuň iş otagynyň gapysynyň agzyna baranymyzyda işikden içeri girmäge milt edip bilmän, ikirjiňlenişip durduk. Ahyr gapyny kakyp, hemmämiz bilelikde içeri girdik. Bize gözi düşen jenap Hesarekiniň ýüzi-gözi boz-ýaz boldy. Ol iş stolunyň başynda nämedir bir zat ýazyp oturan eken. Bäşimiz birden salam berdik. Sazlaşyp çykan sesimiz edil gurrugyň düýbünden gelýän ýalydy. Ol düşnüksiz bir zatlar hüňürdedi-de, özüni rastlap: – Hawa, size näme gerek?! – diýip, sesine bat berende inimiz dyglap gitdi. Onuň sallanyp duran alkymy ak köýneginiň ýakasyny ýapyp durdy. Biz bir-birimiziň ýüzümize seredişip, haýsam bolsa birimiziň tizräk dil ýararyna garaşdyk. Säfder: – Eger rugsat berseňiz, biz… – diýip gorkuly halda seslendi. Ýöne sözüni soňlap-soňlamanka Hesareki: – Men size aýtjak zatlarymyň baryny aýtdym. Indikiňiz näme, bäş adam üçin biz gurluşyk bölümini açyp bilmeýäris, düşündiňizmi? – diýip, biziň üstümize haýbatly gygyrdy. Biziň aýdara-diýere başga sözümiz galmansoň, ýerli-ýerden ylgaşlap daşaryk çykdyk. Kararymyzyň täsirli bolmagyna garaşypdyk, ýöne jenap Hesarekiniň gutarnykly jogaby bizi lapykeç etdi. Gurluşyk ussahanasynda otyrys. Gysgajyk boýly, daýaw, dogumly, ýeser, güler ýüzli Kerim ýaňy dümterip ugran murtjagazyny sypalap: – Indi näme ederis? – diýip pikire batdy. – Siz iň gowusy hünärmentçilik mekdepleriniň üstünden garaýan bilim edarasyna arza ýazyň. Bäşiňizem gol çekip eltip beriň. Belli bir jogap alýançaňyz hem pikiriňizden el çekmäň! – diýip, Bižen mugalym bize maslahat berdi. Munuň öz kellämize gelmeýşini diýseňizläň. – Kagyz! – diýip, Ahmet elini uzatdy. Depderimden bir tagta kagyz goparyp, oňa uzatdym. Olar maňa ýerli-ýerden: “Iň gowusy seň özüň ýazsana, seň hatyň biziňkä garanyňda owadan” diýişdiler. Hakykatdan hem toparda meniň hatym iň owadanydy. Ýazyş tärim hem beýlekileriňkiden tapawutlydy. Men elime galam aldym. Razylyk beren dört dostum daşymy galladylar. – Näme ýazaýyn? – diýip, başymy galdyrdym. – "Siziň alyjenabyňyz hormatly başlyk..." diýde başlabersene – diýip, Ahmet dillendi. Biz bu arzany nädip ýazjagymyzy bilmedik. Be, emeldarlara arza ýazaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl eken. Eýsem şunuň ýaly kadalar näme üçin gerek diýsene? Eger-de “Jenap, biziň diňe gurluşyk bölüminde okasymyz gelýär, emma...” diýip ýazsaň, neneňsi aňsat boljakdy. – Siz bir arza ýazyp bilmän, şunça ýyllap näme okadyňyz? – diýip, Bižen mugallym biziň ýaýdanyşyp durşumyza geňirgendi. Onuň bizi ýazgarmasy ýagşylykdy. Ol biziň arzuw-isleglerimize hoşniýetli garaýardy, ondan kakanyň çagalaryny tankytlaýan äheňini duýmak bolýardy. Biz ýaýdanyşyp, onuň ýüzüne seretdik. Ol elini jübüsine sokdy-da maňa garap: – Beýle bolsa, ýaz! – diýdi... *** Hünärmentçilik mekdeplerine degişli bolan bilim edarasynyň başlygynyň gapysyny kakyp, bäşimiz bilelikde içeri girip, salam berdik. Epeý birine sataşarys öýtdük. O haýbatly müdirimiz şunuň ýaly bir edarada dagy başlyk bolan bolsa, gelişmän hem durjak däl eken diýip, öz ýanymyzdan oýladyk. Şeýlelik bilen biz iş stolunyň başynda ynjalykly oturan sypaýy adama arzamyzy gowşurdyk. Ol äýnegini dakyndy-da, arzany okady. Ol biziň birnäçe soragdyr, düşündirişlerimizden soň, iş telefonyny öňüne süýşürip, birine jaň etdi. Äheňinden aňyrdakynyň jenap Hesarekidigine göz ýetirdik. Olar şeýle bir mylaýym gürleşdiler welin, biziň barja tamamyz puja çykdy. Jenap Hesareki biziň tarapymyzda durarmy diýsene? Onuň bize kömek etmek niýetinde ýokdy ahyryn. Ol telefony goýdy-da: – Gurluşyk bölüminde okamakçy bolýan meýletinçileriň sany näçe? – diýdi. Onuň nazary maňa gönügip, jogabyma garaşýardy. Men: – Sekiz adamdyk, olaryň üçüsi indi gurluşyk bölüminiň açylmajakdygyny bilip, başga bölümlere geçdiler. Häzir biz bäş bolup galdyk. Ýöne gurluşyk bölümi açylsa, beýleki üçüsiniňem gelmegi mümkin – diýdim. – Düzgüne görä, şeýle bölüm açmak üçin azyndan on bäş sany meýletinçi gerek – diýip, ol jogap berdi. Islendik çekişme peýdasyzdy. Olar düzgünlere berk eýerýärdiler. Indi bize hemme zat düşnüklidi. Iň soňky synanyşygymyz hem şowsuz gutarypdy. – Indi näme ederis? – diýip, Ahmet dillendi. Biz eýýäm köçededik. Günortana golaýdy. Säfder ikirjiňlenip: – Şährezadaky hünärmentçilik mekdebinde gurluşyk bölümi bar. Geliň hemmämiz bilelikde ol ýere gidip okalyň – diýip, teklip etdi. Säfderiň ene-atasy Fars welaýatynyň şäherleriniň birinde ýaşaýardy. Ýöne özi bärde agasynyň öýünde bolýardy. Okuwyny dowam etdirmek üçin bu ýere – Şiraza gelipdi. Biziň hemmämiz onuň teklibini makulladyk. Biz ýaşdyk. Islendik ýere gidip okamaga taýýardyk. Ýöne biziň bir meselämiz – ilki ene-atamyzy razy etmelidik. Olaryň razylygy bolmasa, elimizden geljek zat ýokdy. Agşam öýe gelemsoň, öýde uly bir gopgun turdy: gykylyk, garşylyk, nesihat, ýalbar-ýakar, wada, duýduryş, haýbat, gahar-gazap we ýaraşyk... Ýöne men şol bir öz diýenimi tutup durdum. Ahyrsoňy kakam akylyna aýlanyp, çak edişimdenem has tiz boýun boldy: – Özüň nämäni makul bilseň, şony et oglum – diýdi. Ol maňa Şahrezadaky dostunyň salgysyny berdi. Soň bolsa çem gelen ýerden jaý gözlemezligimi, kireýine jaý tapmakda dosty bilen maslahatlaşmagy tabşyrdy, kynçylyk çeken halatymyzda bolsa, dessine onuň dostunyň edarasyna jaň etmelidim we şuňa meňzeş beýleki köp sanly tabşyryklary berdi. Ýöne ejem meni goýbermejek bolup elinden gelenini etdi. Ahyrynda hemme gaharyny kakamdan çykardy-da, hünübirýän aglamaga oturdy. *** Gurluşyk ussahanasynda tukat halda otyrys. Kerimdir Färiborz öňünden hiç hili alada etmediler. Ikinji jaňda kakalary gelip, bölümden çagyrtdylar. Olar gidensoň günortana deňiç gara bermediler. Ine, şonda boljak işiň bolandygyna düşünip galdyk. Kerim elektrik bölümine, Färiborz bolsa metal senagaty bölümine geçirilen eken. Ahmet kakasynyň razylygyny aldy. Säfderiň hem ozalbaşdan ýagdaýy bellidi. Ussahanada Färiborzyň we Kerimiň bolmazlygy biziň üçin uly zarba boldy. Dogrusy bu ýagdaý bizi aljyratman hem durmady. Biz biraz ejizledik. Ikindi çaglary öýe gelemde daýzam myhmançylyga gelen eken. Daýzamyň ýakyn garyndaşlarynyň arasynda abraýy uludy. Ol bisowat bolsa-da, durmuş hakynda sagdyn pikirlenýärdi. Meseleleriň gowy çözgüdini tapýardy. Gelen netijeleri we çaklamalary, köplenç, dogry çykýardy. Daýymyň öýünde daýzamyň gepi gep, sözi sözdi. Çagalary, hatda daýymyň özi-de onuň ygtyýaryndady. Men kitaplarymy tekjä goýdum-da, salam berip, öýüň bir künjünde dyzymy epdim. Ejem meniň meselämi ýuwaş-ýuwaşdan orta atdy. – Näme üçin gurluşyk bölümini saýladyň? – diýip, daýzam gyzyklandy. Men: – Bu ugry haladym – diýip, oňa göwünli-göwünsiz jogap berdim. – Waheý, okuwy gutaryp, eliňe diplomyňy alanyňdan soň binagär hem bolup bilersiň ahyryn. Üstesine-de olaryň sylag-hormaty hem hiç kimiňkiden pes oturanok. Olar öz hünäriniň hakyky ussatlary, sen bolsa diňe özüňkini tutup otyrsyň – diýip, daýzamyň soragly nazaryny maňa gönükdireni hem şoldy welin, men onuň sözüni soňlaryna-da garaşman: – Eger şeýle bolýan bolsa, onda gurluşyk bilen beýleki hünärleň tapawudy hem ýokda? – diýip, al-petinden aldym. Ol: – Ýok-la, mysal üçin, elektrik ýa-da metal senagaty ugurlary bir däl-ä – diýdi. Meniň sabrym tükenipdi. Ilkinji gezek daýzamyň ýüzüne durup, gödeklik bilen: – Ýogsa-da sen ony nireden bilýäň? Ýa sen hünärmentçilik mekdebini gutardyňmy? – diýip gygyrdym. Men gaty gidipdim. Bu sözler oňa agyr degdi. Men muny onuň ýüzünden okadym. Muňa özümem puşman etdim, ýöne eýýäm giçdi. Daýzamyň ýüzi lap-lap gyzardy. Ýöne sesini çykarmady. Ejem maňa närazylyk bildirip, ýüzüni kürşertdi. Onuň nazaryndan endam-janym jümşüldäp gitdi. Men ýerimden turdum-da, daş çykdym. *** Gurluşyk ussahanasynda otyrdyk. Üç bolup galypdyk. Biziň keýpimiz öňkä garanyňda gowudy. Üç bolup Şahreza gitmeli diýen karara geldik. Wagt ýitirmegiň geregi ýokdy. Okuw ýylynyň başlanyna eýýäm üç hepdeden gowrak wagt geçipdi. Biziň gyssanmagymyz gerekdi. – Oglanlar, ýörüň gideliň-de, resminamalarymyzy alalyň – diýdim. Ýerimizden turduk. Emma bu gezek ädimlerimiz dogumlydy. Indi biz sarsmaz galadyk. “Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer” diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Çünki biziň sabyr käsämiz püre-pür bolupdy. Biz Hesarekiniň iş otagynyň gapysynyň agzynda ýaýdanyşyp durman, gapyny kakdyk-da, göni içerik girdik. Hesareki: – Hawa, indi size näme gerek? – dýip, gaharly nazaryny bize gönükdirdi. Ahmet bize gürlemäge-de maý bermän, ýiti nazaryny göni Hesarakiniň gözlerine dikdi. Onuň gahardan ýaňa dodaklary titräp, bütin durky bilen sandyrap ugrady. Ol hamala ejiz awuna hüjüm etmäge taýyn gaharly şir ýalydy. Ahmet: – Biz resminamalarymyzy almaga geldik, jenap Hesareki – diýip, ynamly aýdanda sesi üýtgeşik sandyrap çykdy. Ahmediň dura-bara hum ýaly çişip, iş otagyna sygmaýandygy bildirýärdi. Ol çişdigiçe, jenap Hesaraki deşilen pökgi ýaly ýuwaş-ýuwaşdan myssarýardy. Şol wagt men ony tutaga-da bar güýjüm bilen gysyp, galanja ýellerinem çykaryp, gerekmejek zat ýaly bir gyra pyzyp goýberesim geldi. Jenap Hesareki bütin süňňi bilen galpyldap gitdi. Ol bizden beýle zada garaşan däl bolarly. Ol alkymyny sypalap goýberdi-de, galpyldyly äheňde: – Bolýa, bolýa. Kynçylygy bolmaz oň! Ertir ene-ataňyz bilen geliň-de, resminamalaryňyzy alyp gidiberiň – diýdi. Jaň kakylýança mekdepden hiç ýere çykmaga hakymyz bolmansoň, gidip, gurluşyk ussahanasynda oturdyk. Biziň keýpimiz kökdi. Ýöne tolgunmakdan ýaňa bir ýerde karar tapman, aladalanýardyk. Mundan başga-da içimizde bir zadyň ösýändigini duýduk. Ol biziň şu çaka çenli öz dünýämizde gören zadymyz däldi. Belki-de ol içimizde ençeme ýyllap ösüş üçin amatly ýagdaý tapyp bilmedik ynam tohumlary bolup, indi gabyk ýaryp, ösüp ugrandyr. Şeýle synmaz belent ynam bizi büs-bütin özgertdi. Şeýdip, biz başga bir adama öwrüldik oturyberdik. Has dogrusy “özümiz” bolupdyk. Bizdäki özgerişlikleri duýýan Sorur inženere bolan zatlary gürrüň berenimizde, ol bizi makullap: – Haçan-da belli bir karara geleniňizde, onuň dogrudygyna ynanýan bolsaňyz, onda çekinip oturasy iş ýok. Berk erk-eradanyň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmejekdigine ynanaýyň – diýdi. Edil şol wagt ussahananyň telefony jyňňyrdady. Bižen mugallym telefony galdyrdy-da derrew hem goýdy: – Sizi çagyrýarlar. Biz geň galdyk, ýöne birjik-de çekinmedik. Ýerimizden turup, ýöräp ugradyk. Jenap Hesareki bizi bir-birden içeri çagyrdy. Onuň bir maksadynyň bardygy bellidi. Ilki Säfderi, soňra bolsa meni çagyrdy. Iş otagynda onuň özünden başga adam ýokdy. Ol büs-bütin özgeripdi. Hakykatdan hem öňki bolşy ýaly däldi. Jenap Hesareki ýylgyrýardy. Gep urşy hem bütinleý üýtgäpdir! Ol hökmürowan däldi. Ýakymlydy. Ol maňa mylaýymlyk bilen ýüzlenip: – Bala, sen olara özüňi aldatma. Olar diňe öz aladalaryny edýärler. Başga biriniň garamatyny üstüne almak olara nämä gerek boldy diýsene? Hiç kimiň saňa nebsi agyrmaýar. Onuň-munuň gepine gidip ýörme. Kimleriň saňa ot berýänindenem habarym bar, emma olaryň hemmesi diňe özüni bilýärler. Olar diňe öz ussahanasyny ösdürjek bolýarlar. Her kimiň öz aladasy. Sen düşbüje oglan ahyryn, onsoň näme üçin sen olaryň aldawyna düşmeli? – diýip, göni meniň gözüme seretdi. Soň sözüniň üstüni ýetirip: – Men saňa ertire çenli wagt berýärin, sen gowja pikirlen, elektrik, metal senagaty ýa-da mehanika ýaly üç ugruň haýsam bolsa birini saýla – diýdi. Ol gürleýän wagty men onuň göni gözlerine garap, birjik-de gözümi gyrpmadym. Ony öz erkine goýberdim. Men gaşymy çytman: – Jenap Hesareki, aladaňyz üçin köp sag boluň! Ertir kakam gelip, resminamalarymy alar – diýdim-de, ol ýerde uzak saklanman çykmak bilen boldum. Menden soň Ahmediň nobaty geldi. Ol hem köp eglenmedi. Biz ýene-de gurluşyk ussahanasyna girdik. Eger-de howluda aýlanyşyp ýören bolsadyk, onda derrew jenap Hesarekiniň "jansyzlarynyň" ünsüni özüne çekerdik. Gürrüňiň başyny men başladym: – Bä onuň şeýle bolaýşyny! Hamala inžener Sorur hem-de Bižen mugallym öz ussahanasyny ösdürmek üçin bize gep berýärmiş! Ahmed ajy ýylgyryp, şeýle diýdi: – He-he, olara tapawudy näme diýsene? Gaýtam bu olara ýeterlik kynçylyk hem döredýär-ä. Isle gurluşyk bölümi bolsun, isle-de başga bir bölüm bolsun. Olar aýlyk alýarlar. Olara beýleki bölümlerdäki okuwçylar hem ýeterlik bolýandyr-la. Säfder näme üçindir dymýardy. Onda näme üçindir öňki dogumlylygyndan we höwesinden nam-nyşan ýokdy. Ertesi gün Ahmet ikimiz kakalarymyzy getirip, resminamalarymyzy aldyk. Säfderiňem mekdebe gelmändigi üçin ýolda öýlerine sowuldyk. – Ejesi syrkawlady, onuň düýn ikindinki şähere gidişi – diýip, Säfderiň gelnejesi aýtdy. Şonda hemme zada düşünip galdyk, oňa Jenap Hesarekiniň kösti ýetipdir. Emma indi bu biziň üçin gyzykly däldi. Ikimiz hem baş alyp çykyp biljekdik. *** Ahmet ikimiz awtoduralgada garaşyp durduk. Mikroawtobusyň ugramagyna az wagt galypdy. Biz özara gürrüň edip durkak, deňimizde welosipedli bir ýaş ýigit saklandy. Tanadym, ol Ahmediň agasydy. Ahmet ony göreninden allaniçiksi bolup, tisginip gitdi. Salam berdi-de, ýerinden laňňa galdy. Ol Ahmediň goşlaryny garbap aldy-da, welosipediň yzky oturgyjyna berkitdi. Soň bolsa gödeklik bilen ony welosipediniň öňünde oturdyp, tiz ugramak bilen boldy. Hatda oňa men bilen sagbollaşmaga-da maý bermedi. Göz açyp-ýumasy salymda üstüme dünýä ýykylan ýaly boldy. Bolýan zatlara aklym haýrandy. Uly umytsyzlyk ýüregimi gemrip ugrady. Men ýaýdandym. Näme etjegimi bilmedim. Gitmelimi? Galmalymy? Indi meniň ýüregime ýylylyk berýän ýekeje ynam galypdy: Şahrezada ýaşaýan kakamyň dosty. Ýene bir gezek onuň öý salgysyny kisämden çykardym-da, seretdim, ýöne ýene-de ikirjiňlenýärdim. – Yspyhana, Abadä we Şehreza barýan ýolagçylar, ugraýas, münüň! Men sürüjiniň kömegi bilen goşlarymy mikroawtobusyň arka nowasynda saldym-da, arzuwlaryma tarap ýola düşdüm. Muhemmedreza SÄRŞAR, eýran ýazyjysy. Pars dilinden terjime eden Ýegenmämmet TAÝLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |