15:16 Elektron çilimiñ ýürege hemişeki çilimler ýaly zyýan berýändigi ýüze çykdy | |
ELEKTRON ÇILIMIÑ ÝÜREGE HEMIŞEKI ÇILIMLER ÝALY ZYÝAN BERÝÄNDIGI ÝÜZE ÇYKDY
Medisina
Maglumatlara görä, elektron çilimleri yzygiderli ulanmak organizmiñ gan damarlarynyñ işleýşini uly möçberde bozup bilýär Geçirilen iki täze barlagyñ netijesi temmäki önümlerinkñ uzak wagtlaýyn ulanylyşynyñ ýürege hemişeki çilimler ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini ýüze çykardy. Alymlar elektron çilimleri yzygiderlk ulanmagyñ organizmiñ gan damarlarynyñ işleýşini uly möçberde bozup, ýürek keseli howpuny artdyrýandygyny anyklady. Tüssäniñ ýürege ýetirýän zyýanly täsiri uzak wagt bäri mälimem bolsa, elektron çilimiñ zyýany barada kän zat bilýän ýokdy. Häzir ABŞ-da geçirilen barlaglar elektron çilimiñ gan damarlaryna ýetirýän täsiriniñ çilimiñ täsiri bilen birmeñzeşdigini öñe sürýär. Barlagçylar biri adamlar, beýlekisi syçanlar bolan iki topar boýunça barlag geçirdiler. Birinji barlagda 120 sany meýletin raýatdan gan alyndy. Meýletinler uzak wagtlap elektron çilim çekýänlerden uzak wagtlap çilim çekýänlerden we ikisini-de çekmeýänlerden ybaratdy. Uzak wagtlap elektron çilim çekýänler üç aýdan gowrak wagt hepdede bäş gezekden köp çilim çekýänler hökmünde kesgitlendi. Öñden çilim çekýänler bolsa, günden bäş gezekden köp çilim çekýän adamlara bölündi. Soñra molekulalalaryñ gan öýjüginiñ gatlagyndan beýleki tarapa geçme ukybyny barlap gördüler. Geçýän molekulanyñ sany artdygyça ýürek keseliniñ howpu-da artýar. Aýratynam gan damarlarynyñ, öýjükleriñ kadaly işläp-işlemeýändigini bilmek üçin ulanylan himiki alamath azot monoksitini geçirme ukybyny-da anykladylar. Barlagy alyp baryjy Kaliforniýa uniwersitetiniñ kardiologiýa professory Mathew Springer "Adamlar boýunça geçiren barlagymyzda elektron çilimi çekmäge endik edenleriñ gan damarlarynyñ funksiýalarynda näsazlyk bardygyny gördük, bulam olarda ýürek keseliniñ ýüze çykyş howpuny hasam artdyryp biler. Bu bolsa lektron çilimkeşleriñ beýleki çilimkeşe meñzeş gan-damar keseliniñ howpuny başdan geçirip biljegini görkezýär" diýdi. Alymlar syçanlar boýunça geçiren barlagynda ýürekdäki zyýanly täsiri duruzmagy üçin elektron çilimiñ tüssesiniñ düzüminde ýeke element ýokdugyny anyklady. Professor Springer "Adamlara aýtjak zadym şu: diñe arassa howadan dem alyñ we şular ýaly önümleri ulanmakdan saklanyñ" diýdi. ABŞ-nyñ Ýürek, öýken we gan institutyndan (National Heart, Lung and Blood Institute) Liza Postow netijeleriñ "elektron çilime öwrenişmegiñ zyýanly kardiowaskulýar täsirleri döredip biljegine ýene bir delil görkezendigini" aýtdy. Holli BANKROFT. 28.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |