10:50

Emeli et önümçiligi hemişeki et önümçiligine garanda has zyýanly

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Категория: Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk | Просмотров: 296 | Добавил: Gökböri | Теги: Jandeger Muradogly | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Haweran  
411
Aslynda biz emeli eti bireýýämden bäri iýip ýörüs. Sanjym urlup-urlup bolşundan bäşbeter çişirilen towukdyr jüýje butlary (lýäşkeler), bişirende-de bir ýerde himiki garyndy (krasitel) bar bolsa goşýarlar owadan görkezjek bolup...
Diñe towuk etlerimi?
Poroşokdan öndürilýän süýt-gatyk (syr, peýnir, tworog) önümleri diýjekmi, bugdaýynyñ genetikasy üýtgedilen (GMO-ly) undan soñam birgiden garyndylar goşulyp bişirilýän çörek-bulka, konditer önümleri diýjekmi, ýene-de poroşokdan öndürilýän gazly we şerbetli içgiler diýjekmi, çipsiler we ş.m. çagalary "aldaýan" bolgusyz önümler diýjekmi, gün görmän, ýer görmän, suw görmän diñe himiki emeller bilen teplisalarda ösdürilip ýetişdirilýän hyýar-pomidorlar diýjekmi, emeli ýumurtgalar diýjekmi, azotlardan, fosforlardan mazaly eýi ýeten gurçukly gawun-garpyzlarymyz diýjekmi...
Haýsysyny sanajak bylañ.
Çagalarymyza, geljekki neslimize haýpymyz gelsin! Öz elimiz b.n nesil dowamatymyzy ýakmalyñ.
Oba hojalygymyzy dikeltmäge, maldarçylygy, ekerançylygy adaty tebigy şertlerde dowam etdirmäge heniz mümkinçiliklerimiz bar.
Dogry, suw birneme gyt. Emma oýlanşykly çemeleşilse, oñam bir alajyny tapsa bolar. Seýregrägrm bolsa ýagýan ýagyş-ýagmyrlardan, sil suwlaryndan peýdalanjak bolmaly. Dag eteklerinde sil köp gelýär. Olary ýygnamaly. On ýylyñ dowamynda üýşürip bilen sil suwumyz agyz suwyny hasaba urmanda-da, maldarçylygyñ we ekerançylygyñ talaplaryny azyndan otuz ýyla çenli kanagatlandyryp biler.

* * *

Emeli et öndürmäge ilgezikleriñ bahanasy-da taýyn: Nämemiş, iri şahly mallaryñ sürüsi köpeliberse, bütindünýä klimat üýtgeşmesine ýaramaz täsirini ýetirýärmiş, ýagny, sygyrlardan çykýan gazlar, goýberýän gyzgyn demi howa maýlamalarynyñ üstüne "urna" bolýarmyş. Kosmosa uçmakdan ýaña Ýeriñ ozon gatlagyny ýyrym-ýyrtyk edip taşlan, halkara uruşlary turuzýan, nebit-gaz ýataklaryny sokga sorup ýerine suw goýbermeýän, tokaýlary çapýan... adamzadyñ klimat üýtgeşmelerine täsiri ýokmuş-da, sygyrlar, beýleki mallar biziñ howamyza zyýan edýärmiş. Toslaýan ýalanlaryna seretseñizläñ bularyñ!
Emeli eti önümçilige goýbermäge ýene şol öñki dünýä ot ýakdyrmaýanlar -ABŞ, Hytaý we käbir Ýewropa ýurtlary ilgezik. Singapurda eýýäm emeli et önümçiligi doly ýola goýuldy.

* * *

Emeli et sygyryñ we eti iýilýän beýleki haýwanlaryñ bogun öýjüklerinden, ganyndan ýasalýar we köpeldilýär, ýagny bir öýjük emeli ýagdaýda müñe, on müñe ýetirilýär. Beýle önümiñ bolsa adam organizminiñ işleýşinde dürli näsazlyklara getirjekdigi, düwnük (rak), süýjüli diabet... ýaly bejerip bolmaýan howply keselleriñ öñüni açjakdygy köre hasa.
Herhal, soñumyz haýyr bolsun-da.

0
2 Kovalevskiy  
1521
Her dürli elhenç wakalardan gitdigiçe artyp barýan durmuşymyzda ýaşamak has hem kynlaşyp barýar. Häzir adam ömrüniň gysgalmagy ep-esli derejede artdy. Global meseleleriň yzy üzülenok. Global meseleleri ýüze çykaran guramalaryň biri hem oňa garşy hiç hili çäre görenoklar. COVID-19 pandemiýasynyň yzysüre birnäçe ýurtlarda onlarça keselleriň döremegine getirdi. Tehnologiýanyň ösmegi bize onlarça esse peýda getiren hem bolsa şonça-da zyýan berdi. Emeli bal, et, ýumurtga ýaly birnäçe iýmit önümleri daş-töweregimizi dolulygyna gurşap aldy. Olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýany barada sanasaň sanap oturmaly. Iň ýönekeýje 1 manat bahasy bolan emeli ýumurtganyň zyýanyny (gijilewik, örgün örmegi we başga-da adam organizminde döreýän näsazlyklaryň köpüsi) bir gezek gören adam näçe aç hem bolsa ony iýmekden boýun toglaýar. Mundan başga-da tehnologiýanyň ösmegi bilen kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan edara-kärhanalaryň köpüsinde iş orunlaryň azalmagyna döwletiň ykdysady çökgünligine getirdi. Global meseleleriň ýene-de artmagynyň öňüsyrasynda durus.
Şeýle agyr sepgitde her bir adam öz jan saglygy, bagtyýar gelejegi üçin özi göreşmeli. Himiki, emeli önümlerden şol demde daşlaşmak her bir adama ýeňil düşmez, şonda-da başardygyňyzdan şeýle önümlerden ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşjak boluň. Her bir ynsana jan saglyk, haýyrly durmuş arzuw edýän!!!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]