13:36 Enäniñ edebi - nusgadyr ebedi | |
ENÄNIÑ EDEBI - NUSGADYR EBEDI
Pedagogika we edep-terbiýe
Ene - ynsanyñ Zemindäki seždegähi. Ene - Käbe, ene - ýagty dünýä, ene - bagtyýar ýaşaýyş, ene - gözellik. Ene söýgüsi, ene sözi biziñ ganymyza, ruhumyza ebedilik siñendir. Eneleriñ nurana keşbi perzentleriniñ kalbyny ýyladýar. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Eneleriñ perzentleri üçin edýän alkyşlary, arzuw-umytlary, doga-dilegleri bagtyñ gözbaşydyr. Maşgala ojagynyñ abatlygy, berkligi - öýlerimiziñ ýaraşygy bolan mährem enelerimize bagly. Çünki enelerimiziñ çuññur söýgüsi, mähir-muhabbeti maşgalanyñ süññüne siñip, onuñ has-de berkemegine ýardam edýär. Enelerimiz biziñ durmuşdaky ilkinji mugallymymyz, hünär, edep öwredýän halypamyz, söýgüsi, soñsuz yhlasy kalbymyzda baky ýer eden mähribanymyz. Bir söz bilen aýdanyñda, ene mähri, ene söýgüsi bimöçberdir. Olaryñ mukaddes söýgüsine biziñ milli mirasymyzda hem giñ orun berlendir. Taryhyñ dürli döwürlerinde hem ajaýyp hüý-häsiýetleri, wepadarlygy, dogumlylygy, gözelligi bilen şöhratlanan türkmen zenanynyñ bu günki dowamy ýurdumyzyñ mähriban eneleridir. Enelere döwlet derejesinde goýulýan sarpa, olaryñ hak-hukuklarynyñ ygtybarly goralmagy pederlerimiziñ mukaddes ýörelgeleriniñ bu günki gün mynasyp dowam etdirilýändiginiñ subutnamasydyr. Terbiýäniñ gözbaşy bolan ene-mamalarymyz iñ kiçijik zatlary hem ünsden düşürmändirler. Olar gyzlaryna täze köýnek tikseler "Sogabynyñ ulusy bagjygyndadyr" diýip, onuñ ýakasyna bagjyk dakypdyrlar. Zenan maşgalanyñ hormat-sylagy onuñ diñe daş keşbine bagly däldir. Hakyky gözellik, zenan maşgalanyñ edim-gylymy, hüý-häsiýeti, edep-ekramy bilen açylýandyr. Türkmen gelin-gyzlarynyñ adamkärçiligi, sadalygy, mylaýymlygy, çeperçiligi olaryñ çekýän keşdelerinde, dokaýan halylarynda beýan edilýär, olar gelin-gyzlarymyzyñ köñül isleginden döreýän gözellik äleminiñ nusgasydyr. Enelerimiziñ gyz edebi baradaky gürrüñleridir öwüt-ündewleri bolsa gyz maşgalany terbiýelemekde edep mekdebi bolup durýar... Türkmen maşgalasyna köp çagalylyk mahsus. Uly maşgalada agzybirligi saklamak, hemme zady ýerbe-ýer etmek ata-eneden irginsiz ünsi, inçe zähmeti talap edýär. Bu babatda bize ata-babalarymyzyñ galdyryp giden göreldeleri uly ýol-ýörelge bolýar. Türkmen maşgalasynda özüñden uly barka sesiñi gataltmazlyk, olardan bidin bir işe başlamazlyk, mesele ýüze çykanda ululardan maslahat soramak ýaly agzybirligiñ gözbaşy bolan düzgünler kada öwrülip gidipdir. Maşgala nähili uly bolsa-da, nahar iýlende maşgala agzalarynyñ ählisiniñ jem bolup, agzybirlik bilen saçak başyna geçmegi, bir desterhanyñ başyna üýşüp töwir galdyrmak, öz eden we etjek işleriñ barada maslahat etmek, birek-birege sylag-hormat goýlup edilýän mesaýy gürrüñler - bularyñ hemmesi durmuşda öz mynasyp ornuñy tapmaga, adamlar bilen dostlukly gatnaşykda bolmaga örän ýardam edýär. Ýurdumyzda her ýylyñ 8-nji martynda Halkara zenanlar gününiñ uly baýramçylyk hökmünde bellenilmegi we aýal-gyzlarymyza pul sowgatlarynyñ gowşurylmagy zenanlarymyza goýulýan belent sarpanyñ nyşanydyr. Jennet AMANOWA, Türkmenistanyñ Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |