Enis Behiç Korýürek, türk şahyry, pedagog, diplomat.
E.B.Korýürek 1891-nji ýylda Stambulyñ Aksaraý raýonynda, Ysmaýyl Behiç begiñ we Faika hanymyñ maşgalasynda doguldy.
Selanik, Skopýe we Stambul liseýlerinde bilim aldy. On dokuz ýaşynda "Ruhum goşgulamda syzylar meniñ" (“Ruhum Şiirlerimde Tecessüm Eder Benim”) ady bilen çykdy. "Namyk Kemalyñ ruhuna degsin" diýip ýazan "Watan mersiýesi" gyzgyn seslenme döretdi.
Mertlik-merdanalyk temasy has agyr basýan we "Serweti Fünun" edebi akymynyñ täsirlerini özünde saklaýan on iki sany goşgusy "Şehbal" žurnalynda çykýar. Şahyryñ çeper döredijilik bilen bir hatarda saz gurallaryny çalmak bilen gyzyklanandygy barada maglumatlar bar. Onuñ saz meselelerine bagyşlap ýazan bir traktaty hem bar.
Balkan urşunyñ dowam edýän ýyllarynda Zyýa Gökalpyñ ündewi bilen "heje" metodyna geçýär we "Milli edebiýat" akymyna goşulýar.
Şahyry meşhurlyga ýetiren watançylyk we gahrymançylyk temadaky goşgular şol ýyllarda ýazyldy. Onuñ goşgulary "Türk Yurdu", "Hürriyet-i Fikriye", "Donanma" we "Yeni Mecmua" žurnallarynda çykdy. Deñizçilik taryhyndan alynan motiwler siñdirilen we goşgy bilen ýazylan dessanlary onuñ "Türk deñizçiligini şygryýete getiren şahyr" diýlip atlandyrylmagyna getirdi.
Dürli gulluklarda işlän Korýürek 1915-nji ýylda Osmanly döwletiniñ Buharestdäki baş konsullygyna bellendi. Şol ýyllarda ol döredijilikde şahyr Ahmet Hikmet Müftoglyndan täsirlendi. Buharestden soñ Budapeşte konsul edilip bellendi.
Şahyr türk-wenger dostlugynyñ berkemegi ugrunda, Wengriýadaky Gulbaba (Gülbaba) kümmediniñ abatlanyp gaýtadan zyýaratgähe öwrülmegi üçin uly işleri bitiren diplomatdyr. Gulbaba Türkmen barada Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiñ hem "Gulbababyñ gazaly" atly goşgusy bardyr.
Korýürek Gabi atly bir fransuz mugallyma bilen durmuş gurdy we ondan Hasan, Argon atly iki çagasy boldy.
Buharestde we Budapeştde işlän ýyllarynda başdan geçiren ruhy ahwalatlaryny ýumora ýugrulan ençeme söýgi goşgularyny döreden Enis Behiç 1919-njy ýylda watanyna dolanýar.
Azat edijilik urşy ýyllarynda döwlet işiniñ daşyndan liseýlerde edebiýatdan ee fransuz dilinden okadýar. Şol bir wagtyñ özünde ol "Milli goranyş" guramasynyñ (Millî Müdafaa Teşkilatı) işine işjeñ gatnaşyp watanyñ azat edilmegi ugrundaky işlere elinden gelen kömegini etdi. 1922-njo ýylda Edirnäniñ hukuk işleri boýunça müdirligine bellendi. Işiniñ daşyndan çeper döredijiligi we pedagoglyk işini-de dowam etdirdi.
Edirnede ýaşan ýyllarynda aýaly bilen aýrylyşdy we 1924-nji ýylda Fahri paşanyñ gyzy Müide hanym bilen nikalaşdy. 1925-nji ýylda Edirneden göçdi we gullugyny Ankarada dowam etdirdi.
1927-nji ýylda "Miras" ady bilen ilkinji goşgular kitaby çapdan çykdy. Kitapda milli duýgular siñdirilen goşgular bilen birlikde söýgi we jalaýlyk temalaryndaky goşgulary hem ýer aldy. Birinji kitabyndan soñ döredijiligini az-kem gowşadanam bolsa, aram-aram "Hayat" (1929) we "Varlık" (1933) žurnallarynda goşgulary çykdy.
Fransuz, rum, wenger, bolgar dillerini suwara bilýän şahyr terjimeçilik bilen hem içgin gyzyklandy.
1936-njy ýylda Ykdysadyýet ministrliginiñ bölüm başlygy bolýar. Ol bu wezipede işlän ýyllarynda işçiler synpynyñ problemalarynyñ çözülmegi üçin çynlakaý çözgütleri getirmegi başardy. Zähmet ministrliginde hem birsalym işlänsoñ 1945-nji ýylda pensiýa çykýar. 1946-njy ýylda Demokratik partiýanyñ Zonguldak şäheri boýunça deputatlygyna dalaşgärligini görkezýär, ýöne ses sany az gelip, deputatlyga saýlanmaýar.
Saýlawlardan soñky döwürden resmi wezipelerde işlemäge ýaraman we maddy kynçylyklary şahyryñ ruhy dünýäsinde düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi: ol özüni diñe dine tasawwufa bagyşlaýar. Türkiýede Bedri Ruhselmanyñ öñbaşçylyk edýän ruh çagyrma (spritizma) seanslaryna gatnaşýar. Onuñ şol seanslarda ýatdan okan goşgulary ýakyn egindeşleri tarapyndan ýazga geçirilipdir.
XVIII asyrda Trabzonda ýaşap geçen Çedikçi Süleýman Çelebi atly bir derwüşiñ ruhundan ylham alyp ýazandygyny aýdan dini we tasawwuf temaly goşgulary 1949-njy ýylda özbaşdak kitap bolup çykýar.
1949-njy ýylyñ 18-nji oktýabrynda Ankarada aradan çykan Korýürek "Jebeji Asri" gonamçylygynda jaýlanýar.
1950-nji ýylda Omar Feýzi Mardin tarapyndan şahyryñ ähli ýazgylaryna tasawwuf nukdaýnazardan berilen 819 sahypalyk şerhi neşir edilýär. Şeýle-de onuñ 1921-1939-njy ýyllarda ýazan ähli goşgulary Fethi Tewetogly tarapyndan "Miras" we "Günüñ ogly" (1951) kitaplarynda jemlenilipdir.
Enis Behiç Korýürek türk poeziýasynda "Hejeçiler" diýip tanalýan bäş şahyryñ biridir.