ERAZM ROTTERDAMSKIÝ (1465 - 1536)
Ýewropa Renessansynyñ orta çykaran gumanizm akymynyñ kerwenbaşylaryndan we iñ görnükli wekillerinden biri hasaplanýan Erazm Rotterdamskiý 1465-nji ýylda Gollandiýanyñ Rotterdam şäherinde dünýä indi. Orta bilimi alandan soñra "Augustin" dini sektasyna girip, monah bolýar. Ýöne ol hiç wagtam monah sypatynda çykyş etmändir. Özüni ylma bagyşlamak isländigi üçin dini ýolbaşçylardan monah eşigini geýmezlige rugsat alypdyr. Okuwyna Pariž uniwersitetinde dowam edýär. Ol Angliýa gidende Jon Kolet, Tomas Mor ýaly progressiw adamlar bilen tanyşýar we dostlaşýar.
E.Rotterdamskiý Papalygyñ añyýetlere siñen gegemoniýasyna garşy çykmak bilen birlikde, hristianlygyñ hakyky ruhuny gadymy döwürden gözledi. Ylmyñ we sungatyñ pajarlap ösmegi üçin Ýewropanyñ sungata we ylyma bolan garaýşynyñ bitewileşmegini gumanizmiñ ilkinji şertleriniñ biri hasap etdi. Ol özboluşly eserleri we terjimeleri bilen Ýewropada antiki döwür düşünjeleriniñ ýaýramagyna uly goşant goşdy.
Martin Lýuteriñ dini reformalary başlanda, buthanalaryñ özgerdilmegi baradaky pikire gol ýapandygyna garamazdan, hristian dünýäsiniñ agzalalyga we bölünişige iterilmegine gazaply garşy çykýardy.
E.Rotterdamskiý 1536-njy ýylda häzirki Şweýsariýanyñ Bazel şäherinde aradan çykanda, Ýewropanyñ progressiw durmuşynda Rim papasy jynazasyna geljek derejede hormat-sylagy bardy.
Rotterdamskiniñ "Kakabaşlygyñ öwgüsi" ("Morias enkomion seu laus stultitiae") eseri öz gymmatyny häzire çenli saklap bilen ýeke-täk eserdir. Ol bu çaklañja kitabyny 1509-njy ýylyñ tomus aýlarynda Italiýadan Angliýa barýarka ýazmagy meýilleşdirdi. Soñ kitaby Angliýadaky dosty Tomas Moruñ öýüne baransoñ ýazdy we kitaby-da dostuna bagyşlady. Ol hiç bir çeşmeden peýdalanman ýazan bu kitabyny bary-ýogy birnäçe günüñ içinde ýazyp gutarypdyr.
Satira žanrynda ýazylan eserde paralellikde iki garaýyş öñe sürülýär. Olaryñ birinjisine görä hakyky danalyk - kakabaşlykdyr (dälilikdir). Ikinji pikire görä bolsa, özüñi dana sanmak - hakyky kakabaşlykdyr.
Adama ýaşamak üçin güýç berýän zadam hakyky danalyga ýetmekde gönüden-göni kakabaşlygyñ özi. Eserde dälilik (stultitia) öz-özüne öwgüli odalar düzýär; şol bir wagtyñ özünde çagalykda, garrylykda, söýgi, dostluk we maşgala gatnaşyklarynda, syýasatda we uruş hereketlerinde, ylymda dälibaşlygyñ adama nähili erk edişi suratlandyrylýar.
Hristian dünýäsi hem bu panoramanyñ çarçuwasyna salnyp görkezilýär. Rotterdamskiý "kakabaşlyga" salyp döwrüniñ buthanasyna we ruhanylaryna agyr tankydy bellikleri edipdir.
Eseriñ häzirki günlere çenli gymmatyny gorap saklamagy, onuñ adam añyýetine garşy şowakörlükleriñ islendigine garşy gönükdirilen tankyt diýip hasaplanmagyndadyr.
Ýazylyş stili taýdan "Kakabaşlygyñ öwgüsi" latyn şahyry Gorasiniñ "hakykaty gülkä salyp aýtmak" prinsipiniñ iñ gowy nusgasydyr. Şeýle-de, bu eserde Lukian Samosatskiý we Libaniý ýaly antiki döwrüñ başga-da birnäçe ýazyjysynyñ ýiti täsirlerini görmek bolýar.
■ Rotterdamskiý yslamyñ duşmany
Stambuluñ Sabahattin Zaim uniwersitetiniñ professory, ylahyýetçi Hydyr Özjan ýakynda (2018-nji ýylyñ oktýabr aýynda) "TRT-1" döwlet teleýaýlymynda her çarşenbe bolýan "Pelin Çift ile Gündem Ötesi" dokumental telegepleşiginde eden çykyşynda Erazm Rottersamskiniñ osmanlylara we yslam dinine duşmançylykly pikirde bolandygyny aýtdy. H.Özjanyñ aýtmagyna görä, hatda Rotterdamskiý musulmanlara bolan duşmançylykly pikirleri oýarýan separatistik kitaplaryñ üçüsini ýazandygyny aýtdy. Aýdylýan kitaplar häzirlikçe bize elýeterli däldigi üçin, ol professor Özjanyñ haýsy kitaplara yşarat edendigini bilemzok. Şeýle-de bolsa, Rotterdamskiniñ "Kakabaşlygyñ öwgüsi" kitabyndan: “Iñlisler owadanlyk, saz we iýip-içme bilen, şotlandiýalylar şejeresi, korollyk sylag-serpaýlary we dialektikalary bilen, fransuzlar salyhatlylygy we ylahyýetçilgi bilen, italýanlar suhangöýligi we çeper edebiýatlary bilen, grekler ylymlaryñ düýbüni tutujylygy bilen, nemesler uzyn boýlulygy we müneçjimligi bilen, türkler bolsa warwarlyklary we dinleri bilen öwünmegi gowy görýärler" - diýen setirlerini mysal getirsegem, onuñ duşmançylygynyñ näderejede bolandygyna göz ýetirmek kyn bolmasa gerek.
Rotterdamskiniñ yslama bolan duşmançylygy öz döwrüniñ syýasy wakalaryna baglamak gerek. Çünki gaýy türkmenleriniñ esaslandyran Osmanly döwletiniñ ýeñilmezek yslam goşuny Ýewropanyñ jümmüşine - Wenanyñ eteklerine çenli gitmegi başarypdy. Ýewropalylaryñ howsalasy bu günki gün golland gazetlerinde makalar bilen çykyş edýän Just Lagendižkiñ Osmanly patyşasy Kanuny Soltan Süleýman barada ýazan kitabynda Rotterdamskiniñ eserlerinden alynan mysallar arkaly anyk görkezilýär.
Gollandiýaly ýazyjy Bum hem XVI asyrda älemi sarsdyran Osmanly häkimiýetiniñ salan gorkusynyñ häzirki ýewropalylaryñ musulmanlara bolan garaýşynda nähili yzlary galdyrandygyny görkezmek üçin Rotterdamskiden mysal getirýär.
E.Rotterdamskiý "Türklere garşy uruş" ("De Turkenkrijg") traktatynda osmanlylary wagşy warwarlar, yslam dinini bolsa garañky din diýip atlandyrypdyr.
Şol wagtlar ýewrolalylar kitap neşir etmegi ýañy öwrenip ýördüler. Şonuñ üçinem Rotterdamskiniñ separatistik pikirleri broşýura görnüşinde köpeldilip, müñlerçe ekzemlýarda halka ýaýradylýardy. Netijede ýewropalylar "osmanly belasyna" garşy aýaga galdyryldy. Osmanlylary ýerden alyp, ýere sokýan pikirleriñ hiç birisem Osmanly döwleti baradaky hakyky maglumatlara esaslanmaýardy. Muña garamazdan onuñ pikirleri ýewropalylaryñ yslamy tanamagynda, şu günlere çenli dowam edip gelen nädogry garaýşyna öz ýiti täsirini ýetirdi.
Muña garamazdan E.Rotterdamskiý ýewropalylaryñ gözünde beýik akyldarlaryñ biri hasaplanýar. Hatda onuñ adyny göterýän "Erazmyñ şägirtleri" atly ýörite okuw programmasy hem bar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly