01:02 Erdogana "Wagner" dersleri | |
ERDOGANA "WAGNER" DERSLERI
Publisistika
Ýaragly gozgalaña synanyşmazdan on müñlerçe "wagnerçi" urşujy Putiniñ Ukrainadaky urşunda möhüm rol oýnaýardy Rus hakynatutma "Wagner" harby kompaniýasynyñ Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putine gönükdiren döwlet agdarlyşygyna synanyşygy bizde Azat-edijilik urşy ýyllaryndaky "Kuwaýy-Seýýare" goşun birliginiñ serkerdesi Çerkez Ethem wakasy bilen deñeşdirildi, olaryñ arasynda meñzeşliklere ünsi çekildi. Meñzeşligiñ bardygyna gürrüñ ýok, ýöne beýle meñzeşlik Erdoganyñ Russiýadaky döwlet agdarlyşygyna synanşygyndan sapak almagyna päsgelçilik bermeli däl. Bu waka ýene bir gezek awtokratiýalarda häkimiýet üçin iñ uly howpyñ daşardan däl-de, häkimiýetiñ öz içine hümerlenşen ýokary düzümli elitalardan çykýandygyny görkezdi. Özem şol elita özüni režimiñ dowam etmegi üçin iñ möhüm güýç hasaplap başlasa şeýle bolýar. Fethullahçy bandanyñ döwlet agdarlyşygyna synanyşan hereketlerem şolar ýalylardan çykdy. Awtokratlar häkimiýeti öz töweregindäki toparlar bilen hijem paýlaşasy gelmeýär. Türkiýede Erdogan fethullahçylar bilen, Russiýada Putin "wagnerçiler" bilen häkimiýeti paýlaşasalary gelmänsoñ, wakalar şeýle ýagdaýlara çenli gelip diredi. Çünki fethullahçylaram, "Wagneriñ "hojaýny-da" häkimiýeti dik saklaýan hakyky güýç özlerine degişlidir öýdüp ýalñyşypdylar. Gara güýje daýanyp höküm sürýän bolsañyz, şol güýç ahyrsoñunda häkimiýeti öz eline almak isleýär. Awtokratiýa gowşamaga başlandyr öýden pursatynda-da herekete geçýär. Erdogan bu synagy eýýäm başdan geçirip gördi. Öwezini synanyşyk wagtynda ömür tanapy üzülenler we maýyp bolanlar ödedi, emma awtokratlar üçin munuñ ähmiýetiniñ ýokdugyny bilýäris. Bular ýaly gahrymançylyk hekaýatlarynyñ häkimiýeti berkitmek üçin möhüm guraldygyny-da gowy bilýärler. Ýene bir gezek "bir menziliñ pellesine barýandyrys öýdülen" käbir uly tarykatlara "näme isleseler" berilýär. Saglygy goraýyş ministrliginde-de, Içeri işler ministrliginde-de, hatda Adalat ministrliginde-de tarykat oñuşmazlyklarynyñ bolup geçýändigini, käbir tarykatlaryñ öñe saýlanýandygyny eşidýäris. Ýatdan çykaran zatlary, tarykat agzalarynyñ garaşlylygynyñ özlerine ýa-da Konstitusiýa we kanunlara däl-de tarykatyñ öñbaşçysyyna baglylygydyr. Şol tarykatyñ öñbaşçysy-da günlerde bir gün özüne ýeterlik derejede güýçlüdirin öýdüp başlasa nämeleriñ boljagyny palçy bolmasam-da, geçmişe seredip çaklap bilýärin. Wagtynda fethullahçy bandanyñ nämeleri edip biljekdigi hakda kän gezek duýdurypdym, emma bulary gulaklarynyñ ýele ýanyndan geçirdiler. Bilip duryn, ýene şeýle zat bolar, bu duýduryşlara ýeñ berilmez. Çünki Erdoganam syýasy taryhdaky ähli çalymdaşlary ýaly öz güýjüne aşyk. Mehmet Ý. ÝYLMAZ. 04.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |