23:34 Ertekiniň dowamy | |
ERTEKINIŇ DOWAMY
Oýlanmalar
Biz iller ýaly bir bar eken bir ýok eken däldik. Hemişe bardyk, ýagny başyndan bäri diňe bardyk, hiç haçan ýok bolmadyk. Ertekilerdäki ýaly kynçylyklarymyz labyr misli agyr bolmasa-da biziňem başymyza ykbal synag baryny saldy. Bir-birekden göwün eden ýerlerimiz bolsa-da şondada biz ýene-de bardyk. Yşk gämisiniň dargasy birde sen, birde men boldum. Arkalaşan ýow gaýtarar diýlenini edip, bizem arkalaşyp synag baryny ýeňdik. Kalbymyzdaky duýgyny mukaddes saýyp, oňa şol wepaly gulluk etdik ýördük. Ejelerimiz bize aýry aýry ertekileri gürrüň beripdir megerem. Şonuň üçinem biziň terbiýämizem üýtgeşik. Sen obany söýýädiň men bolsa şäheri. Sen gijeleri uklamak üçin berlen saýsaň men gijelerne ukusyz oturyp goşgy ýazmagy halardym. Sen sowgat almagy halamazdyň, men bolsa sowgat alyp-bermegi söýerdim. Sen kitaplardan uzakdyň, a meň bolsa olar ýakyn dostumdy. Garaz şonça parallel bolsagam ahyrynda geometriýanyň kanuny bozup kesişerdik biz. Biz asyl diňe geometriýanyň däl ertekileriňem kadasyny bozupdyk. Ilki kada eýerjek ýaly edip toý etdik emma ykbalyň herimize beren aýry bagty bilen. Ertekilerdäki toýdan ýeten omaçany alyp gaçan it misli ykbalam paýlaşyp ýörenje ýarym bagtymyzy elimizden aldyda deregine herimize aýry bagtyny sowgat etdi. Bizem ýetdik paýymyza kaýyl bolup bagtly ýaşamagy endik etdik. Aslynda-da bu bize ejelerimiziň okap beren ertekisi däldi. Bu durmuşyň biz üçin ýazan öz ertekisidi we dowamyny biz öz elimiz bilen ýazypdyk. Ertekiniň dowamy bolsa ýene-de gowluk bilen gutardy. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||