20:26 Ýagşy sözüň gudraty | |
ÝAGŞY SÖZÜŇ GUDRATY
Edebi makalalar
Gahryman Arkadagymyzyň ”Döwlet guşy” romanynda Magtymguly Pyragynyň “Ýeldim tut” goşgusy tutuş esere ideýa bolup hyzmat edýär. Roman üç bölümden ybarat bolup: “Ynam-güýç”, ”Ynam-söýgi”, ”Ynam-ganat” diýlip atlandyrylmagy hem goşgynyň täsirinden gelip çykypdyr. Sebäbi, şol goşgynyň berýän ynamyna we güýjüne daýanyp tutuş oba, ýaşajyk Mälikguly urşuň elhençliklerine döz gelýär. Halkyň ýeňişe çenli sabyr bilen ýetmeginde hem goşgynyň beren ruhy goldawy tutuş eseriň süňňüne ussatlyk bilen ornaşdyrylypdyr. Eseri okap otyrkaň özüňem gaýybana adamlaryň arasyna goşulyp, Mälikgulynyň dilinden Magtymguly Pyragynyň ”Ýeldim tut” goşgusyny diňlän ýaly bolýarsyň. Romanyň esasynda Türkmenistanyň baş drama teatrynda goýlan sahna oýnunyň täsirliligi sözümiziň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de eseriň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi romanyň ähmiýetini we many-mazmunynyň ýokary derejededigini ýene bir gezek äşgär edýär. Geljekde bu romanyň esasynda çeper film surata alynsa, diňe kino sungatynyň däl, türkmen edebiýatynyň hem at-abraýyny mundanam belende galdyrar. Eseriň baş gahrymany on bir ýaşly ýetginjek Mälikgula kynçylyklary ýeňmekde hezreti Magtymguly ruhy medetkär bolýar. Şahyryň ”Ýeldim tut”, ”Gerekdir”, ”Içinde”, ”Türkmeniň”, ”Gözel sen” goşgulary hakynda eseriň dowamynda gahrymanlaryň dilinde nygtalyp bellenilýär. Mälikguly Magtymgulynyň şygyrlary bilen ýaraly ýüreklere melhem bolýar, ýykylany galdyrýar, umyt uçguny bolup göwünlere ýaýraýar, mertlige ruhlandyrýar. Ol Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ylhamlanyp, özi hem “Biz ýeňeris”, ”Köp ekeliň, dänäni!” ýaly goşgulary döredýär. Mälikguly aganyň uruş döwründe görkezen gahrymançylygy akyldaryň “Gidiji bolma” goşgusynda: “Döwletli ogullar ýaşda baş bolar” -diýen setirlerini biygtyýar ýadyňa salýar. Halk döredijiliginden, ýagny ,,Görogly” eposyndan gözbaş alyp, Magtymguly Pyragynyň baýlaşdyran setirleriniň ,,Döwlet guşy” romanynyň gahrymany Mälikgula baglanyşmagynyň özi hem Hormatly Ýazyjynyň özboluşly ussatlygyndan nyşandyr. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |