21:27 Gel, baryny başlaly biz başyndan | |
GEL, BARYNY BAŞLALY BIZ BAŞYNDAN
Goşgular
Gel, baryny başlaly biz başyndan, Öýke-kine düýne siňsin ebedi. Ykbal bagtyn gysganybam durmaýa, Bozulmasa ýaşamagyň edebi. Kim günälidigniň parhy ýok indi, Göwünler döwlensoň tutmasa ýama. Bilýäňmi, bagtymda adyň göründi, Palçy daýza bakanynda aýama. Diýipsiň hatyňda: “Bozmak aňsatdyr, Gel, ikimiz täze haýat guraly. Durmuş bir-de bahar, bir-de aňzakdyr, Biz mydama sözümizde duraly. Diýýärler: “Söýginiň kadasy şeýle, Uruş-dawa kän ilipdir bellige. Ýok, göwne degmeklik kada bolmasyn, Öýkeleşmek öwrülmesin endige. Uzak menzillere ýoldaş bolmaga, Sarsmasyn kalpdaky ynamyň saly. Umyt, ynam ganat berse kalplara, Şonda söýgi bagtly eder ynsany. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||