12:20

Essalamü aleykum.

Просмотров: 739 | Добавил: Oguzhan_aga | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 311 2 3 »
0
1 afrasyyap  
13
Teklibiñi goldaýaryn hanlaryñ hany Oguz han!

0
2 afrasyyap  
13
Bu teklibe gatnaşjak beyleki agzalara we awtorlara maslahatym kitapcy.ml saýtynda ýerleşdirilen elektron kitaplardan peýdalanylsa ýerlikli bolardy. Ýag ny Türkmen diliniñ düşündiriliş sözlügi bolmaly kitaphanada...

0
3 afrasyyap  
13
Menem gatnaşyp bilerdim, ýöne gynansakda käbir materiýallary paýlaşmakdan çäklendirildim, aslynda maña-ha tapawudy ýokdy!

0
4 Oguzhan_aga  
65
Alp Är Töňňe sizden öňe geçip bolmaz. Goldanyňa sag bol. Materýallaram näme, eger bu saýta zyýan etjek bolsa çap etmesiz bolarda. Öňem biriniň aýdyşy ýaly "biziň köçämizde-de toý bolarda". Bu wagt hökümet saýtyň eýeleri-dä. Ýagdaýa görä bolubereli inim.

0
5 Gumlygelin  
8
Oñat yeklibiñiz bar.Ýañky Salyhow agsañ temasyndan soñ pikir döredi.Käbir aýal maşgalalañ sögünýän sözi bar.
Ýagny,, Dudul''diýen söz.Bu söz iki ýerden aýrylyşyp gelen diýmekmikä???

0
6 Oguzhan_aga  
65
Älp Är Töňňäm seniň psihologiý barlagyň netije nädogry çykypdyr. Ýokarky ýorumy men özüm ýazdym we hiç kimiň täsiri astynda ýazmadym. Men diňe bir ýagdaýda ýazyp bilerin ýa aýdaryn olam iki sany adamyň arasyna tow düşse şonda bolup biler inim. Gaty arkaýyn bol menden saňa zowal ýetmez. Belki hiç kimdenem ýetmesin.

●gumly gelneje menä o sözü birinji gezek eşidýän, bilmedik belki başgaçarak manysam bardyr. Ýöne asyl kökdäki "dul" sözüniň manysy biler bir bolaýmasa.

0
7 afrasyyap  
13
Düşnükli!!!!!!!

0
8 Gurban  
24
Oguzhan aga ýerlikli teklip edipsiňiz gollaýan menä. Öýde türkmençe gürlesem öýdäkiler sözüme düşünenoklar hatda çagalaram. Özüm rus garylan türkmen sözleri gürlemegi halamok. Mysal üçin: kansener, holodinlik sözleri diýmän sowadyjy diýýän. Başgada garylan sözler kän. Köne aýdylman galan sözlermiz bar.

0
9 Gurban  
24
Afrasyyap dost gazet-žurnallarmyzda gyzykly maglumatlar kän ýaltanman taýýarlap saýta goýup bilseň. Gazet-žurnallardaky maglumatlar döwlet gözegçilikden geçen arkyýn goýubermeli. Hem öz başyň dynç bolar hem saýt ýöretýäniň başy dynç bolar.

0
10 Gurban  
24
Agarta, sowadyjy sözi rusça öwürsek şu söz bolýar холодильный; охладительный

1
11 Oguzhan_aga  
65
Amaş inim bu ýerde menem seniň tarapyňda. Menem seniň diýşiň ýaly "sowadyjy" diýýän. Agarta seň bilen ylalaşamok, sebäbi häzirki zamanda esasan hem şäher ýerlerinde orusça gürljek bolup jan edýänler bar, eşidýäs welin. Ýene otuz kyrk ýyldan türkmençeden näme galarka. Bizde ozaldan ýetik orus sözleri bar. Meselem: krowat, tualet (önler borna diýilerdi olam orusça)) aýyplaşmaň, kürüşge, bedre, indi täze sözlerem goşuldy : napitak (napitok), wilka, loşka, bumaga, doroşka (öňem diýilýädi) we şuňa meňzeşler. Indi aýdalyň, gitdigiçe gaýry milletiň sözlerini özümiziňki diýip kabul edibersek soňumyza näme galarka.
Orusçada Loşad diýen söz biziň alaşaat sözümizden geçipdir, ştany -içton+içdon, owes-öweç başgada kän. Indi bu günde biz ruslara siziň solar ýaly sözleriňiz biziňki eken diýeris. Bir gün olaram bize şoň ýaly diýmezlermi?

0
12 mekanhallayev1  
72
#Haweran örän dogry bellediňiz. Men sizden şuny soramakçy häzirki döwürde internet bilen baglanşykly ugurlar çalt ösýär we olary türkmençä terjime etmek kynçylygy ýüze çykýar, olaryň ählisi iňlis sözlerinden ýazyp çykmak türkmençä terjime etmek hasaplanarmy? Ýada nähili çemeleşilse has gowy boljak?
Olara degişli käbir mysallar:Artificial intellegence-Emeli intellegensiýa, data science- maglumat baradaky ylym, script-kod, web browser-web brauzer. Şular ýaly terjime edilse nähili bolar?

0
13 Oguzhan_aga  
65
Agarta biz önler salam ýerine "zarow" diýerdik, ýada köpçülik ýerine barsak "zarowlorow" diýerdik. Bu gün seredip otyrys welin bu bir gülkünç zat eken.

0
14 Oguzhan_aga  
65
Hää... agarta "agzy gyşyşygam bolsa baý ogly gürlesin" ýada "gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki" diýýäňmi. Dünýäde her dilem baýdyr, ýöne olar dile söze baý diýip olaryň sözlerini özümiziňkä goşmaklyk dogry hasap etmeýärin menä. Türkmeniň öz sözem baýdyr, emma döwür başga boldy.

0
15 Sanýat Şahbaratow  
Dogry, bizde name oñ döner sözi barmydy? Türksumaklaryñ tapan sozi şol

1-15 16-30 31-31
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]