13:35 Füruzan aradan çykdy... | |
• Şu gün - 11-nji fewralda görnükli türk ýazyjysy Füruzan aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Ýazyjy hakynda Häzirkizaman türk edebiýatynyñ görnükli wekili, ýazyjy Füruzan aradan çykdy. Füruzan ýetmişinji ýyllarda döreden eserleri bilen Sewgi Soýsal, Adalet Agaogly ýaly türk edebiýatynyñ iñ esasy zenan ýazyjylarynyñ hataryna giripdi. Birinji kitaby "Pulsuz ýatymlaýyn" ("Parasız Yatılı") bilen 1972-nji ýylda Sait Fait adyndaky edebi baýraga mynasyp bolan ýazyjy 91 ýaşynda aradan çykdy. Füruzanyñ aradan çykandygy hakdaky habary şahyr Elif Sofýa "Füruzan soñsuzlyga gitdi" sözleri bilen mälim etdi. * * * Feruze Çerçi ady bilen 1932-nji ýylda Stambulda dünýä inen Füruzan döredijilik işinde ýeke gezegem familiýasyny ulanmandygy bilen tanalypdy. Onuñ proza eserleri fransuz, ispan, pars, italýan, ýapon, iñlis, rus, bolgar, bosniýa dillerine terjime edildi. Hekaýalar ýygyndysy A.Saraçgil tarapyndan toplanyp, italýan diline geçirildi we 1991-nji ýylda Napolide çap edildi. "Kyrk ýedililer" romany 1986-njy ýylda S.Pirwanowanyñ terjimesi bilen Bolgariýada çap edildi. "Söýgüden doly tomus", "Derýa", "İskele seýilgählerinde" hekaýalary Damian Kraftyñ iñlis diline edej terjimesi bilen 2001-nji ýylda Londonda köpçüligiñ dykgatyna ýetirildi. Hekaýalary şindizem Gül Yşyk tarapyndan ispan diline edilip ýörlen Füruzan "Dokuz häzirkizaman türk prozaçysy" (1982, Volk und Welt Verlag) atly antologiýany we "Die Kinder der Türkei" (1979, Kinderbuch Verlag) atly çagalar kitabyny Gündogar Berlinde myhmançylykda ýaşap ýören döwri taýýarlady. 2007-nji ýylda Dil jemgyýetiniñ geçiren "Dil baýramynda" we Antalýa hekaýa günlerinde, 2008-nji ýylda 7-nji Izmir hekaýa günlerinde ýörite baýraklara mynasyp boldy. 2008-nji ýylda Stambul kitap sergisiniñ "Hormatly ýazyjysy" ady berildi. 1988-1990-njy ýyllarda surata düşüren "Meniñ kinofilmlerim" filmi 1990-njy ýylda "Kann" kinofestiwalynda "Tankytçylaryñ ýedi güni" we "Altyn kamera" ugurlary boýunça 158 kinofilmiñ arasyndan saýlanan sekiz filmiñ biri hökmünde görkezilişe girdi. 1991-nji ýylda Eýranda geçirilen "Fejr" Halkara kinofestiwalydna halkara eminiñ "Iñ gowy ilkinji film" ýörite baýragyna mynasyp boldy. 1991-nji ýylda Tokioda geçirilen kinoofestiwalda saýlanan "Iñ gowy on aziýa kinofilminiñ" arasyna girdi. Füruzan 1994-nji ýylda Bosniýa-Gersegowina, Gresiýa, Bolgariýa eden syýahatlaryny "Balkan ýolagçysy" atly kitapda jemledi. Sahnalaşdyrylan "Söýgüden doly tomus" eseri 2000-2005-nji ýyllarda Ankaranyñ döwlet teatrlarynda iki ýüzden gowrak gezek oýnaldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |