22:41 Eýesiz itleriñ söhbeti / ýumoreska | |
EÝESIZ ITLERIÑ SÖHBETI
Satiriki hekaýalar
Şäheriñ gaýra ýüzündäki zibilhananyñ daşynda ertirden bäri ala-hasyrdy bolup lukma agtaryp ýören öýsüz-öwzarsyz itler ýeke-ýekeden çäge alañlaryna tarap çekildiler. Az-owlak güneşlänlerinden soñ, gyñyr köpek Alabaý olaryñ hemmesini ýanyna çagyryp, gürrüñe başlady: - Hany, şu gün biziñ sürimize goşulan barmy, ýa-da... Garny hepbik ýaly tazy ilgezik häsiýetine görä haýdan-haý jogap berdi: - Şu gün, hanha, şol çetdäki üçüsi gelip goşuldy. - Onda hany, bir tanşalyñ. Şujagaz tümmege gezek-gezegine çykyp, özüñizi tanadyñ, başdan geçireniñizi gürrüñ beriñ. Kimdigiñizi bilmän, biz sizi aramyzda saklap bilmeris. Onsoñam, yzyñyza düşüp, ol it tutýan edaradan geläýmezler-ä? Görkezilen tümmegiñ ýanyna geçen itler birden gabyr-gubur edişip: - Ýok! - diýdiler. - Onda haýsyñ başlajak? - Men - diýip, gulaklary agzyndanam aşak geçip duran gaýyñ tümmege çykdy. - Meniñ adym Bokurdak, bu ýere gelmegime özüm günäkär. Sebäbi gowy durmuş meni azdyrdy. Dostumyz adam aýtmyşlaýyn, "doýan günümiz ogurlyk etmek" biziñ käbirimize mahsus. Ogurlan zadymam ýok-la. Öý eýesiniñ adyny tutup oturmaýyn, bilip bolmaz, pelek işini. Hawa, meniñ hojaýynym bir uly ýerde işleýärdi, ýygy-ýygydan raýonlara barlaga giderdi. Geldigem meniñ ýatagymyñ aşagyna bir zatlar gömerdi. Ine, bir gün onuñ öýüne organ işgärleri dökülip, bir zatlar gözläp başladylar. Ahyram alty-ýedi banka pul çykardylar. Öý eýesinem alyp gitdiler. Ýene-de on bäş ýyldan geljekmiş. Ony äkitdilerem welin, başlanandyr bir şady-horramlyk. Hojaýynyñ aýaly öýünw jahyl-jümrüleri üýşürip, keýp-sapa çekip başlady. Şol günler-ä meniñkem kemje-kerdem däldi, günüm baýguşyñky ýalydy, iýjek-içjegim geler durardy. Günlerde bir gün öýdäkileriñ birine üýräýmenmi. Nämäñe gerek diýsene? Asyl ol hanymyñka gelýän ýigit it öldürýän edarada işleýän bolara çemeli, "Ertir itiñi atdyraryn" diýdi-de, ir bilen çykyp gitdi. Ol gidendir, menem eñäýendirin ümdüzüme. Bir hepde hor-homsy onda-munda gezdim. Öññün, ine şu üçaýak ite duşdum, olam özüm ýaly ekeni, bärik gaýtdyk. Indi gezegi üçaýak it aldy: - Meniñ adym Akgulak, ýöne gulaklarymyñ biri akdy, gulaklarymam, guýrugymam kesdiler - diýip, Akgulak gözünden boýur-boýur ýaş döküp, artky jonnuk sag aýagyna seretdi. - Sen Bokurdak han, öwünen bolma "doýýadym" diýen bolup, men günde täzeje gapyrga syrardym, işbiliñ dagy heñlän ýerini aýryp, aşagyny iýerdim. Arman, bolmady, meniñ eýämi "gapjadylar-da". Uly bazanyñ hasapçysydy - diýip, ol ýene-de zarynlady. Alabaý: - Hany, gysgarak - diýensoñ, Akgulak ýene-de gürrüñini dowam etdirdi. - Eýämi äkidenlerinden soñ, onuñ jaýyny çagalar bagyna öwürdiler. Üçünji it nobatyny aldy: - Meniñ adym Gaplañ. Meñ eýäm bilen ylalaşyp, hoşlaşyp gaýtdym, onuñ hem ýagdaýyna düşünmek gerek. Onuñ kiçijik howlusy bardy, iki sany-da otagy, alty baş bolubam allanäme ýaşap ýördüler, bir gün "saña mikroraýonlaryñ birinden jaý berjek" diýdiler. Ol orta mekdepde mugallym bolansoñ, goşy-golamy-da köp däl, şonuñ üçindir-dä, oña dördünji gatdan jaý berdiler. Kimiñ öý goşy köp bolsa, ýagny söwda işgärine, sklad müdirine we şoña meñzeşlere aşaky gatlardan jaý berilýän eken, adamçylyk-da. Olañ ýüki köp-dä, "göterip ýörmesinler" diýýändirler-dä. Olaryñ baran jaýynda ylaýyk kyrk sekiz hojalyk ýaşaýan ekeni. Bir gijejok öýünde-de boldum. Onuñ münüp-düşmeg-ä bir görgi, ýogsam art aýagyñ birini gapdyrmaly wagty näme ederinem bilmedim, her niçik, men ertire çenli çydadym. Geplejek gepläp bolansoñ, Alabaý eýläk-beýläk selkildäp, söze başlady: - Biz bu üçüsini kabul edeliñ! Gaplañ, senem hapa bolma, özümem seniñ ýagdaýyña düşündim, bu oturanlaryñam köpüsiniñ eýeleri täze jaý alan. Ol öýlerde, aýdyşyñ ýaly ellä golaý hojalyk ýaşamaly. Olaryñ her haýsam bir it saklaýsalar, ýagdaýyñ nähili boljagyny özüñiz gowy bilýärsiñiz. Hawa, köpekler, ganjyklar, güjükler, ana maşynlar ýene-de zibil getirýärler. Olar gidenlerinden soñ baryp mazalyja naharlanarys. Ýöne, bir zady ýatdan çykarmañ. Adamlaryñ tarhan dökerligi sebäpli bu ýere örän köp azyk, iýmit galyndysy getirilýär. Bu ýagdaý biziñ üçin kem däl, ýöne birden olar tygşytlylygy öwrenäýseler, bizem ata-babalarymyzyñky ýaly awumyzy kowalap almaly bolaýsak, köpümiz aç öleris. Içimizde semränimiz çaksyz köp. Ana, maşynlar gitdiler, ýörüñ, naharlanalyñ. Kakajan MOMMADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |