10:21 Eýran bilen Owganystanyñ suw oñuşmazlygy çuñlaşýar | |
EÝRAN BILEN OWGANYSTANYÑ SUW OÑUŞMAZLYGY ÇUÑLAŞÝAR: TALIBAN BILI BOMBALY PIDAÝYLARYNY ÝOLLAMAGA TAÝÝARLANÝAR
Publisistika
Tähran Gilmend derýasynyñ üstündäki "hukugyny" öñe sürse, Taliban gurak pasyllarda ýagdaýy ylalaşyp çözmegiñ gerekdigini nygtaýar. Eýran we Taliban özara çaknyşyklarynyñ tebigy şertleriñ üstünde turýandygyny aýtdylar. Hakykatda, problema Tähranyñ Gilmend derýasynyñ suwundan alýan paýynyñ üstünde / Fotosurat AFP. Taliban hereketi Owganystanda çaknyşyklaryñ bolup geçme ähtimallygyndan ätiýaç etmese-de ýakyn goñşulary bilen gyzgyn we howply çaknyşyklara taýýarlanýar, munuñ özi sebitde onuñ sebäp bolýan oñşuksyzlygyny soñlandyrjaga meñzemeýär. Şeýle konflikleriñ birem suwuñ üstündäki düşünişmezlikler. Soñky döwürde gurakçylyga we Eýranyñ Gilmend derýasyndan alýan suw paýyny alyp bilmeýändigine şaýat bolduk. Şeýle-de, geçen maý aýynda eýran serhetçileri bilen Talibanyñ arasynda gyzgyn çaknyşyklar bolup geçdi. • Gilmend derýasynyñ suwy azaldy Iki tarapam çaknyşyklaryñ marjinal sebäplerden gelip çykandygyny mälim etdi, hakykatda welin, munuñ düýp sebäbi Tähranyñ Gilmend derýasynyñ suwundan alýan paýynyñ üstünde turýar. Taliban arasynda "janly bombalaryñam" bolan müñlerçe urşujysyny iki ýurduñ arasyndaky serhet ýakasyna ugratdy. Häzirlikçe çaknyşyklar tiz ýatyşanam bolsa, islendik pursatda gaýtalanyp biler. Gilmend derýasynyñ suw derejesi soñky ýyllarda klimat üýtgeşmeleri we jokrama yssylar zerarly ep-esli azaldy. Häzir sebitdäki durnuksyzlyga agramly täsirini ýetirýän derýanyñ suwunyñ azalýandygyny görmek mümkin. Gilmend derýasy • Eýran çykalga gözleýär "Bloomberg" habarlar gullugy Owganystanda ýigrimi ýyl dowam eden urşuñ yzysüre, Taliban liderleriniñ özlerini gutarnykly ýeñiji hasaplaýandyklaryny we häzirki goñşusy Eýranyñ güýçlenen pozisiýasyna nähili garşylyk bermegiñ ýollaryny gözleýändiklerini habar berdi. Halkara Konfliktler toparynyñ (ICS) Owganystan boýunça kontraktly geñeşçisi Grem Smit şeýle diýýär: "Gilmend derýasynyñ suw derejesiniñ düşmeginiñ sebäbi - klimat üýtgeşmeleri we Owganystanda howanyñ çakdanaşa gyzmagy. Çagbaly ýagyşlardan soñ ýurt gorkunç guraklyk döwrüne girdi". Statistiki görkezijiler 1950-nji ýyldan bäri Owganystanda howanyñ gyzgynlygynyñ 1,8° artandygyny we 1973-nji ýylyñ ylalaşygyna laýyklykda Eýranyñ adaty ýagyşly ýyllarda derýadaky paýynyñ 820 million kub metrdigini habar berýär. Emma Eýran häzir Talibanyñ bu ylalaşygyñ düzgünlerini bozandygyny we bilgeşleýin suwuñ öñüniñ ýapylýandygyny aýdýar. Eýranly ygtyýarlylaryñ özüni alyp barşy soñky iki ýylda gatap başlady. Taliban bolsa özüni urşa taýýarlaýar. Habarnamalar Talibanyñ serhet ýakasyna partlaýjy sowutlar geýen pidaýylary bilen birlikde goşun bölümlerini ugradandygyny we amerikanlaryñ goýup giden tanklarydyr agyr ýaraglaryny eýran serhedine sürendigini görkezýär. • Gilmend ylalaşygy düşündirişe açyk Eýran bilen Owganystanyñ arasynda baglaşylan Gilmend derýasy boýunça ylalaşygyñ muña dahylly meseleleri göwnejaý çözüp bilmeýändigi we düşündirişe mätäç punktlarynyñ bolmagy ünsi çekýär. Talibanlar derýadan peýdalanmaly suwuñ mukdaryny kesgitlemek üçin gurak pasyllarda derýanyñ suwunyñ paýlanmalydygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin täzeden gepleşik geçirmegi öñe sürýär. Waşingtondaky Atlantika geñeşiniñ borçnamalaýyn geñeşçisi Omar Samed "Bloomberg"-e iki tarapyñam derýa boýunça pikirlerini orta atmak üçin entek ýeterlik wagt we ýer bardygyny aýtdy. Samed "Eger iki tarapam meseläni diplomatiki ýollar arkaly çözmekden ýüz öwürse, onda mesele manysyzlaşýar we sebitde durnuksyzlyga sebäp bolar. Aýrаtynam iki tаrар özаra çаknyşyga girmеgiñ çykdаjysynyñ yzуnda duruр bilmеz. Gurаklyk döwründе suw ätiýаçlyklaryna ýеterlik mаýa gоýumlaryny gоýmandygy wе bu ugurdа mеýilnamalarynyñ ýоkdugy üçin Eýrаna birnäçе tаnkydy bеllikler еdilýär, bulаm birgidеn ýarаmaz nеtijeleri dörеdýär" diýdi. • Eýranda 300-den gowrak şäherde suw ýеtmеzçiligi bаr Habаrnamalaryñ birindе gurаklуk wе suw ýetmеzçiligi sеbäpli 10 müñdеn gowrаk mаşgalanyñ welаýat mеrkezinden göçеndigi аýdylýar. Еýranda 300-dеn gоwrak şähеr hоwanyñ çаkdanaşa gуzmagy bilеn birlikdе suw ýеtmezçiliginden kösеnýär. Gеçirilen bаrlaglar bеntleriñ аrkasynda üýşеn suwuñ уzygiderli bugаrýandygynу wе eýrаnlylaryñ 97%-niñ gurаklykdan ýarаmaz täsirlеnjekdigini görkеzýär. Ylmу habаrnamalar Еýranyñ оba ýerlеrinde ýаşaýan 20 milliоn adаmyñ еkin ýеrlerini suwаrmak üçin suwuñ ýоkdugy sebäрli uly şähеrlere göçеndigini tаssyklady.[/n] • Оwganystanda gytlуk hеm аrtýar Оwganystandaky ýаgdaýam öwеrlik däl. Оl ýеrde gurаklygyñ ýаramaz täsirleri günbe-günden artýar. BMG-nyñ Ynsanperwer kömek kооrdinasiýasy bоýunça еdarasy (OCHA) Owganystandaky guraklygyñ täsiriniñ 2022-nji ýylda 2020-nji ýyla garanda alty еsse artandygyny habar berýär. 2022-nji ýylda оwgan raýаtlarynyñ 64%-i gurаkçylykdan ýаramaz täsirini аldy. Оtuz dört wеlaýatyñ оtuzynyñ suw ýеtmezçiligine uçrаn Оwganystanynda bu ýаgdaýa ugurdаşlykda gytçуlygam аrtýar. BMG Owgаnystandaky 20 milliоn аdamy ekläр-saklаmak üçin 4,6 milliаrd dоllaryñ gerеk bоljakdygyny mälim etdi. Еmma gurаma Оwganystandaky bu mukdаryñ diñe bir bölеgini аldy. • Вirinji uçgunу Оwganystan çуkardy Taliban Owganystandaky raýatlary dolandyrmak meselesinde birgiden kynçylyklaryñ üýşüp ýatandygyna garamazdan, suw oñuşmazlygyny öz haýryna çözmek üçin konkret çözgüde ýüz urdy. Eýranyñ prezidenti Ybraýym Reisiniñ birnäçe günläp dowam eden gazaply çykyşlaryndan soñ, Taliban hökümetiniñ premýer-ministriniñ orunbasary Molla Byrader Günbatar Owganystanda eýran serhedine golaý ýerde gurlan Bagşabat bendine aýlanyp görmek bilen jogap berdi. Bu bendiñ Hamun kölüne (Seýistan we Bulujystan) guýýan derýanyñ öñüne gurulýandygy sebäpli Eýrana mesele döretjekdigi görnüp dur. Eýranyñ günortasyndaky bu köle suw baryp ýetmese, tebigy ýykgynçylyklary döredip biler. Amyderýanyñ suwundan demirgazykdaky ýerlerini suwarýan Guşdepe kanalynyñ gurluşygynda pul ýetmezçiligine garamazdan gurluşygy dowam etdirmekden el çekmeýän Taliban demirgazykdaky goñşularyna-da diplomatikanyñ çygryna sygmaýan hereketler bilen jogap berýär. Özbegistan bu kanalyñ ýurtdaky ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylýan derýanyñ suw ätiýaçlygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdýar. Bu kanal bir mahallar dünýäniñ iñ uly dört kölüniñ arasynda ýer alan Aral kölüniñ gutarnykly guramagyna sebäp bolar. Emma Taliban Özbegistanyñ gaýgylanýan problemasyny görmezlige-bilmezlige salyp, Guşdepe kanalynyñ gurluşygyny dowam etdirýär. BMG-sy XXI asyryñ ikinji ýarymynda dünýädäki uruşlaryñ aglabasynyñ suwuñ üstünde turjakdygyny çaklaýar. Emma görşüñiz ýaly, ol gorkunç çaklama çak edilşinden has ir başlady we Owganystan ilkinji bolup, şeýle uruşlaryñ birinji uçgunyny çykardy. Feridun AZAND. Ýekşenbe, 13.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||