08:25 Eýran bürenjek dakynmaýan aýal-gyzlary emeli añ ulanyp yzarlaýarmy? | |
EÝRAN BÜRENJEK DAKYNMAÝAN AÝAL-GYZLARY EMELI AÑ ULANYP YZARLAÝARMY?
Publisistika
Hökümet köçeleriñ ugrunda bürenjeksiz gezýän aýal-gyzlary anyklamak üçin emeli añ ulanýandygyny öñe sürýär, emma muny etmek üçin güýçli sanly infrastruktura gerek. Eýran hökümeti köçeleriñ ugrunda başyaçyk aýal-gyzlary surata düşürmekden hiç el çekerli däl / Fotosurat: AFP Eýranda Jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ müdiri Ahmet Ryza Radanyñ eýran şäherlerindäki gözegçilik kameralary arkaly bürenjek dakynmaýan aýal-gyzlary anyklamak meýilnamasynyñ üstünde işlenýändigini mälim etmeginiñ yzyndan hökümetiñ şeýle tehnologiýanyñ nähili ykjamdygyny we hiç hili nätakyklygyñ ýokdugyny görkezýän wideoroligi ýaýratdy. Emma has soñra ol wideoroligiñ öñ öndürilen ýasama kamera (CCTV) tarapyndan taýýarlanandygy belli boldy. Eýran hökümeti başyaçyk aýal-gyzlary anyklamak üçin emeli añ ulanýandygyny aýtdy. Şoña görä halka açyk köçelere gurulan howpsuzlyk kameralary bilen hökümetiñ gözüniñ köçededigi aýdyljak bolunýar. Soñ ýaýradylan bir wideoýazga görä, Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasyna garaşly "Fars" habarlar agentligi bürenjek dakynmaýan aýal-gyzlaryñ fotosuratlarynyñ emeli añ arkaly tanaljakdygyny öñe sürdi we käbir ýagdaýlarda kanuny jogapkärçilige çekilip, suda beriljekdigini nygtady. Ýogsa-da, bu aýdylýanlar dogrumy? Eýranda emeli añ arkaly ýüzleri tanap bolýarmy? Turuwbaşdan şuny aýtmak gerek, haýsydyr bir ýurtda ýüz tanama tehnologiýasynyñ işledilmegi üçin güýçli we ýokary hilli infrastruktura gerek. Bürenjek dakynmaýan aýal-gyzlaryñ ýüzlerini ymykly saýgarybilýän ulgam döretmek üçin Eýranyñ örän uly möçberdäki maglumat goruny dolandyryp biljek işleýiş sistemasyny emele getirmeli bolýar. Hakykatda ýüz tanama tejnologiýasy sekuntda uly möçberdäki maglumaty analiz etmek maksady bilen örän çylşyrymly algoritmlere esaslanýar. Bürenjek dakynmaýan aýal-gyzlaryñ köçelerde, metro duralgalarynda we beýleki köpçülikleýin ýerlerde anyklanmagyndan söz açanymyzda, munuñ özi, döwlet derejesinde işlenmeli ummasyz köp möçberli maglumat gorunyñ bardygyny añladýar. Şeýle ymgyr köp möçberli maglumat goruny işlemek üçin sekuntda milliardlarça hasaplama geçirip bilýän döwrebap hödürleýjiler, maglumat merkezleri, raýatlar üçin ullakan maglumat bazasy, uly mukdardaky elektrik energiýasy, seleñlendiriji sistemalar gerek. Şol sanda kamera ýazgylarynyñ hödürleýjilere ýetirilmegi üçin ýokary lenta giñligi we pes aragatnaşyk müddetlerine eýe tor infrastrukturasyna mätäçlik duýulýar. Goşmaça alanda ýüz tanama tehnologiýasy birkemsiz däl we kemçiliklerden ýa-da bökdençliklerden azat däl. Kän ýerde ýalñyşyp biler we döwrabap, ösen ulgamlaryñ özem dürli aýdyñlaşdyrma şertlerinde aralyk we seretme üýtgeşikliklerinde maska, äýnek, makiýaž ulanylýan ýerlerde kynçylyklar çekip biler. Şol sebäpli ýüz seljerme ulgamlarynyñ hiliniñ ep-esli peselmegi we ýüzleriñ bölekleýin ýa-da doly ýapylan ýagdaýynda anyk tanamagyñ kynlaşjakdygyna garaşylýar. Tehniki bulaşyklyklaryñ ýany bilen şeýle meýilnamanyñ üstünlikli ýola goýulmagy üçin Eýrandaky ähli raýatlaryñ ýüzüni öz içine alýan giñ möçberli maglumat gory gerek bolýar. Şeýle maglumat gorunyñ emele getirilmegi diñe bir kyn iş bolman, şol bir wagtyñ özünde uly ölçegli we köp sanly logistik kynçylyklardan doly. Maglumatlar doly güýjünde bolaýanda-da, olary gündelik täzeläp durmak gerek we hili babatda ýüze çykjak meseleler şindizem ullakan bökdençlik bolup durýar. Üns berilmeli ýene bir faktor bolsa, raýatyñ kimdigini doly anyklamak üçin ideal surata düşürişiñ üpjün edilmegi. "Fars" habarlar agentligi tarapyndan ýaýradylan wideoda surata düşürişiñ kämil däldigi we rolikde hil, aralyk, anyklyk ýaly kemçilikleriñ bardygy ýüze çykdy. Bu ýagdaý anyklama işini hasam çylşyrymlylaşdyrýar. Şol sebäpli ýüz tanama ulgamynyñ emeli añ ulanyp wideoýazgylary maglumat gorundaky şekiller bilen deñeşdirip görmeli bolýar we bulam akylly sistemalar üçin ullakan kynçylyk hem-de bulaşyklyk döredýär. Başga bir möhüm husus bolsa sistemanyñ gowşaklygydyr, çünki köpçülik, sferalaýyn faktorlar, çalt hereketler gürrüñsiz diýen ýaly sistemanyñ hilini ep-esli mukdarda pese düşürýär. Şeýle tapawutlylyklary dolandyrmak üçin degişli maglymatlary we obýektleri gurşap alýan faktorlaryñ arasynda seljeriş geçirmek üçin ösen emeli añ modelleri gerek. Tejribe we maýa goýumlaryny talap edýän ýalñyşlyklaryñ dolandyryşy emeli añ binýatly ulgamyñ işleýşinde möhüm rol oýnaýar. Ünsi çekýän zadam şeýle tehnologiýanyñ Eýranda öñ ýoklugy we has täzedigi. Eýran hökümeti tarapyndan Yslamy Propoganda edarasy, Ahlak taýdan özüñi alyp baryş edarasy, Teleradio edarasy ýaly edara-guramalara bölüp beren ummasyz puly hökümetiñ durmuşa geçirilmegini talap eden ýaşaýyş-durmuş terziniñ wagzynda we eýran raýatlaryny muña mejbur etmekde garaşylan netijeleri bermedi. Beýleki bir ýandan käbir çeşmelere görä derñew edaralarynda seredilmegine garaşylýan 17 million sany jenaýat işi bar. Şol sebäpli eýran hökümetiniñ gorky we terror döwletini döretmekden başga alajy ýok. Eýran hökümetiniñ emeli añ ulanyp bürenjek talabyna eýermeýän aýal-gyzlaryñ kimdigini anyklap bilýändigi baradaky öñe süren pikiri hakykata ýakyn bolmakdan has beter gorkuzmagy maksat edinýän çäredir. Eýranda giñ möçberli ýüz tanama ulgamyny döretme tapgyrynda gabat gelinjek kynçylyklar diýseñ uludyr we muña eýran sistemasynyñ häzirki ýagdaýynyñ, sanly mümkinçilikleriniñ güýji-de ýetmeýär. Ali RYZA MANAFI. Duşenbe, 26.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |