18:56 Eýran. Daşarky syýasat we içerki meseleler | |
EÝRAN. DAŞARY SYÝASAT WE IÇERKI MESELELER
Publisistika
Eýran režimi Siriýanyñ, Yragyñ, Liwanyñ, Ýemeniñ bitap düşen halklaryna beren zäherini ahyrsoñy özi-de datmaly boldy. Režimiñ häkimiýetden çekilmeginiñ mümkin däldigi dogry bolsa-da, şeýle sarsgyndan soñ öñki režim bilen soñky režimiñ tapawudy kän bolar. Eýran režimi hemmeleriñ Dünýä çempionaty bilen başagaýlygyndan hezil edip peýdalanýana meñzeýär. Ýurduñ içindäki aýylganç sarsgyn režimi düýpli yralady. Ol bular ýaly uly protest demonstrasiýalaryna garaşmaýardy. Bularyñ barsynyñ sebäbi režimiñ teokratiýasy we dini despotizmidir. Bürenjek atynmandygy üçin aýal-gyzlar köçäniñ orra-ortasynda gamçylanýar, urlup-ýenilip öldürilýär. Režime yşyk tutup biljek birnäçe sowal bar. "El-Mesbar" ylmy-barlaglar merkezi "Eýran we daşarky syýasat: Içerki hyýanat" atly gymmatly kitaby çapdan çykaryp, gowy işiñ başyny başlady. "El-Mesbar" "Yslam Respublikasynyñ "mollalaryñ" şa režiminiñ galyndylarynyñ üstünde gurlan hökümetiñ başyna geçen badyna artan syýasy, harby, ykdysady, mezhep meseleleriniñ üstünden regional strategiýalaryny nähili işläp düzendiklerine düşünmek maksady bilen şu kitabyñ çykarylandygyny nygtaýar. Eýran täsirini berkitmek we döwletiñ bähbidi diýip atlandyran zatlaryny goramak üçin durmuşda birnäçe ugra öñbaşçylyk etdi. Birtopar arap ýurdundaky käbir şaýylaryñ "ýanalýandygyny we olary güýçlendirmelidigiñ gerekdigini" bahanalady. Şeýlelikde bu ýurtlary ýerli we sebitleýin wekilleriñ ýwny bilen ýurduñ daşyndaky ýaragly toparlardyr guramalardan peýdalanmagy bilen durnuksyzlyk ýüze çykdy. Tähranyñ haosyñ ortasyndaky geografiýada özüni "regional güýç" hökmünde görkezjek bolmagy diñe daşynda däl, öz içinde-de agyr ýitgilerk çekmegine sebäp boldy. Ýurduñ baýlyklarymyñ regional güýç boljak bolmagyñ hasabyna ýele sowrulmagyna garşy çykýan halk köpçüligi barha artmaga başlady. 2017-nji ýylyñ ahyrlarynda bolup geçen protest hereketi - demonstratlaryñ nägilelikleriniñ iñ esasylary işsizligiñ artmagyny we halkyñ güzeranynyñ pese gaçmagyny hasaba goşanymyzda, ykdysady şertleriñ ýaramazlaşandygynyñ netijesidir. Size kitapdaky iñ täsin barlaglaryñ netijeleri barada gürrüñ berjek bolaýyn. Eýran meseleleri boýunça ýörite hünärmen bolan eýranly alym Ziýa Nasyr kitapda eýran režiminiñ içerki opurlyşygyna getirip biljek üýtgeşmeleri we şol üýtgeşmeleriñ delillerini, sebäplerini, netijelerini we alamatlaryny orta atmaga synanyşdy. Nasyr Eýranyñ regional operasiýalarynyñ teoretiki esaslarynyñ, tilsimleriniñ we getiren netijelerininiñ üstünde durup geçýär. Şol bir wagtyñ özünde Eýran öz içindäki nägilelikleri we protestleriñ döreýiş uçgunlaryny seljerip, "demonstratlar kim?" soragyna jogap agtarýar. Nasyryñ pikiriçe, Eýranyñ Ýakyn Gündogardaky we ondan añyrlardaky ýöreden syýasaty ýurduna we halkyna gymmat düşdi. Täze mediýa serişdeleriniñ we halkara informasiýa torlarynyñ bardygynyñ, maglumat alyş-beriş ulgamymyñ döwletiñ gysymynda bolman hemmelere açyk bolmagynyñ täsiri bilen eýran halky şu sowallary orta atýar: [i♧- Nämüçin ýurduñ baýlygy hökümetiñ daşary syýasatdaky hamhyýallarynyñ amala aşmagy üçin harçlanmaly? - Ýalñyş alnyp barylan syýasy ugurlar nämüçin milli walýutanyñ hümmetiniñ peselmegine, halkyñ garyplaşmagyna we jemgyýetdäki synplaryñ arasyndaky tapawudyñ artmagynyñ sebäp bolmaly?[/i] Nasyr hökümet ygtyýarlylarynyñ arasynda we hökümete ýa-da Rewolýusion gwardiýa garaşly maliýe edaralarynda korrupsiýanyñ giñden ýaýrandygyna ünsi çekýär. Şeýle-de jaý gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniñ "Hatemul-Enbiýa" gurluşyk müdirliginiñ garamagyndadygyny belläp geçýär. Eýran halky ýurtdaky dolandyryş sistemasyndan umydyny doly umydyny üzen ýagdaýda. Bu sistema Siriýadaky ýaşlary ölüme iterýär, pullaryny elinden gañryp alýar, olary garyplaşdyrýar, dünýäniñ olara bolan hormatyny azaldýar, hak-hukuklaryny we azatlyklaryny gödek bozýar. Nasyryñ pikiriçe diniñ we mezhebiñ syýasy emellere ýetmek üçin gural hökmünde ulanylmagy adamlary dine sowuk-sala we biperwaý garamagyna sebãp bolýar. Netijede, eýran režimi Siriýanyñ, Yragyñ, Liwanyñ, Ýemeniñ bitap düşen halklaryna beren zäherini ahyrsoñy özi-de datmaly boldy. Režimiñ häkimiýetden çekilmeginiñ mümkin däldigi dogry bolsa-da, şeýle sarsgyndan soñ öñki režim bilen soñky režimiñ tapawudy kän bolar. Fahd SÜLEÝMAN ŞUKEÝRAN, Saud Arabystanly žurnalist. Anna, 16.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |