19:29 Eýran Owganystana döndümi? | |
EÝRAN OWGANYSTANA DÖNDÜMI?
Publisistika
Ýer yranmalaryndan soñ raýdaşlyk bildirmek maksady bilen daşary ýurtlaryñ ýokary wezipeli ygtyýarlylary Türkiýä resmi saparlary amala aşyrdylar. Geçen hepde Ankara gelen daşary ýurtly döwlet adamlarynyñ arasynda Eýranyñ Daşary işler ministri Emir Abdullahiýan hem bardy. Eýranly ministriñ sapary 8-nji mart Halkara Zähmetkeş Zenanlar gününe gabat geldi. Iki daşary işler ministriniñ arasynda geçen bilelikdäki metbugat ýygnagynda myhman ministr çykyşyna "Halkara Zenanlar güni mynasybetli bütin dünýädäki zenan doganlarymy, aýratynam Türkiýedäki, Eýrandaky we şu ýerdäki zenanlary gutlaýaryn. Eýranda Hezreti Patma salamullanyñ doglan güni ylla şugladyr we rahmetdir. Şonuñ üçinem bu mübärek gün Zenanlar güni hökmünde bellenýär, ýakynda biz muny belläp geçdik. Aýal-gyzlar Eýran Yslam Respublikasynda jemgyýetimiziñ iñ güýçli parçasydyr, şol bir ýagdaýda Türkiýede-de aýal-gyzlar birmeñzeş rol oýnaýarlar" sözleri bilen başlady. Abdullahiýan bu sözleri aýdyp durka ýurdunda 2022-nji ýylyñ sentýabrynda 22 ýaşly Mahsa Amininiñ polisiýa bölüminde ölmeginiñ döreden tolgunşygy sebäpli protest demonstrasiýalary dowam edýärdi, gyz okuwçylar mekdeplerde nämedigi belli däl sebäpler bilen zäherlenýärdi. Emir Abdullahiýan • Inkärden soñky boýun almalyk Eýranyñ Kum şäheriniñ mekdeplerinde noýabr aýynyñ soñky günlerinde okuwçy gyzlar zäherlendi. Ilkibaşda Kum Nur Ýazdanşahr konserwatoriýasynda zäherlenme hadysalary ýüze çykan bolsa, soñabaka şäherde 500-den gowrak okuwçy gyzyñ zäherlenendigi ýüze çykdy. Zäherlenme hadysalary az wagtyñ içinde paýtagt Tähran bilen bir hatarda Eýranyñ birnäçe şäherlerinde ýüze çykmaga başlady. Eýranly ygtyýarlylar uzak wagtlap bu boýunça görmezlige-bilmezlige salyp hiç hili beýanat bermedigem bolsalar, zäherlenme hadysalary hakdaky fotosuratlaryñ sosial mediýa arkaly ýaýradylmagy we mugallymlaryñ protest çykyşlaryny gurnamaklaryñ yzyndan Eýranyñ Baş prokurory "bilkastlaýyn edilýän jenaýatçylykly hereketler bolmagy mümkin" diýip, derñew işini açmak hakda görkezme berdi. Munuñ yzysüre Eýranyñ Kontrrazwedka ministrligi derñew işini açdy. Berilen birinji resmi beýanatlardan biri Eýranyñ Saglygy goraýyş ministriniñ orunbasary Ýunus Panahiden geldi. Panahi 2023-nji ýylyñ 26-njy fewralynda geçiren metbugat ýygnagynda "Görşüñiz ýaly käbir betpygyllar ähli mekdepleriñ, ylaýta-da gyzlary okadýan mekdepleriñ ýapylmagyny isleýär" diýdi. Mugallymlaryñ we okuwçy gyzlaryñ başlan protest çykyşlarynyñ Mahsa Amini protestlerini täzeden tutaşdyrma howpy bar bolansoñ bolsa gerek, prezident Ybraýym Reisi mart aýynyñ başynda Içeri işler ministri Ahmet Wahidä, Kontrrazwedka ministri Ysmaýyl Hatibä, Saglygy goraýyş ministri Behram Aýnullahä meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy. Reisi beren beýanatynda: "Häzir ýurdumyzyñ ösmegi köpleriñ bize bolan duşmançylygyny artdyrdy. Munuñ iñ soñky mysaly okuw jaýlarynda ynamsyzlyk we maşgalalarda howsala döretmäge synanyşmadyr. Şeýle bahana bilen jemgyýetiñ psihologiýasyny nyşana alýanlar hiç bir ýagdaýda okuwçylaryñ we olaryñ maşgalalarynyñ jan saglygynyñ pikirini edenoklar, olaryñ bar maksady eýdip-beýdip ýurtda gozgalañ turzup, haos döretmek" diýip, meseläni daşarky güýçleriñ üstüne syrykdyrdy. Eýranyñ dini ýolbaşçysy Ali Hamaneý hem meseläniñ içgin öwrenilmegini we günäkärleriñ tapylyp, iñ berk jeza çäresiniñ berilmegini buýurdy. Eýranyñ Mejlisiniñ Zäherlenme hadysalary boýunça barlag komissiýasynyñ agzasy Muhammet Hasan Asferi 2023-nji ýylyñ 7-nji martynda eden çykyşynda 2022-nji ýylyñ 30-njy noýabryndan bäri 25 welaýatyñ 230 mekdebinde aglabasy okuwçy gyzlar bolan 5 müñden gowrak okuwçynyñ zäherlenendigini mälim etdi. Adam hukuklary boýunça guramalar munuñ mälim edilen sandan has köpdügini aýdýarlar. Režime garşy gidýänler Mahsa Amini protestlerinde aktiw rol oýnan okuwçy gyzlaryñ jezalandyryljak bolunandygyny we hadysalaryñ okuwçy gyzlary okuw jaýlaryndan daşlaşdyrmak maksady bilen edilendigini, Eýrandaky käbir toparlaryñ Talibanyñ Owganystanda gyzlaryñ bilim almagyny çäklendirişi ýaly çäreleri goldaýandyklaryny öñe sürýär. Şu babatda käbir synçylar zäherlenme hadysalarynyñ 2008-nji ýyldan bäri Owganystanda bolup geçen zäherlenme hadysalaryna meñzeýändigine ünsi çekýär. Režimiñ içindäki käbir ylymlylar bolsa radikal şaýy toparlaryñ hadysalarda eliniñ bolmagynyñ mümkindigini aýdýarlar. Zäherlenme hadysalaryny amala aşyryjylaryñ kimdigi babatda bolsa eýran hökümetinden gapma-garşylykly beýanatlar berilýär. Hadysalary daşarky güýçlerden başga-da ýurduñ içindäki režime garşydaş toparlar we hatda gyzlaryñ okamagyny islemeýän mekdep adminstrasiýasy hem-de mugallymlar tarapyndan edilip bilinjegi-de öñe sürülýär. Beýleki bir ýandan aradan birnäçe aý geçendigine garamazdan okuwçy gyzlaryñ zäherlenmegine getiren maddanyñ ýa-da maddalaryñ nämedigi hakda-da anyk maglumat ýok. Eýranly ygtyýarlylaryñ dürli-dürli we biri-birine garşy gelýän beýanatlary jemgyýetdäki howsalany we ynamsyzlygy has-da artdyrýar. Soñky gezek 12-nji martda Eýranyñ Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda 100-den gowrak adamyñ tussag edilendigini, hadysalaryñ terrorçylykly baglanyşygynyñ bolup-bolmandygy boýunça derñew işiniñ dowam edýändigi, hadysany amala aşyryjylaryñ gorky-howsala döretmek, käbirleriniñ bolsa okuwlaryñ ýatyrylmagyny gazanmak maksady bilen şeýle edendiklerini, geçen hepdeden bäri zäherlenme hadysalarynda azalmalaryñ bolandygy nygtaldy. • Halkara jemgyýetçiliginden bildirilýän nägilelikler täsir edenok Zäherlenme wakalarynyñ köpelmegi bilen birlikde UNICEF ýaly BMG-nyñ garamagyndaky guramalardan wakalary ýazgarýan beýanatlar gelip gowuşdy. Halkara Günä geçişlik guramasy tarapyndan berilen beýanatda Mahsa Amini protestlerine işjeñ gatnaşan aýallaryñ we gyz okuwçylaryñ öz hak-hukuklaryny talap edýändikleri üçin jynsy kemsitmelere duçar edilmeginiñ howatyrlandyryjydygy nygtaldy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) ilkibaşda hadysalaryñ köpçülikleýin zäherlenme bolmagynyñ ahmaldygyny aýdanam bolsa, soñky beren beýanatynda barlaglaryñ heniz beýle delile yşarat etmeýändigine ünsi çekdi. Öñdenem garaşylyşy ýaly, Eýran barlaglar üçin BSGG-dan ýa-da başga bir halkara guramadan kömek soramady. Annalena Berbok Daşary ýurtlardan bildirilen nägilelikler bolsa şumada çenli ýeterlik bolmady. Germaniýanyñ Daşary işler ministri Annalena Berbok, ABŞ-nyñ Döwlet Howpsuzlyk geñeşiniñ Aragatnaşyk koordinatory Jon Kýorbi adam hukuklaryna ünsi çekip, haýal etmän hadysalaryñ anyklansa gowy boljakdygyny ýatlatdy. Ak Tamyñ press-sekretary Karin Žan-Pýer bolsa zäherlenme hadysalary bilen Mahsa Amini protestleriniñ arasynda haýsydyr bir baglanyşyk tapylan ýagdaýynda meseläniñ BMG-nyñ Maglumat toplamak boýunça garaşsyz komissiýasynyñ garamagyna goýlup bilinjekdigini aýtdy. Karin Žan-Pýer Ýer yranmasy we ýakynlaşyp gelýän saýlawlar hernäçe başagaýlyga salýanam bolsa, görlüşi ýaly Türkiýeden muña degişli beýanat berilmezligi aýratyn pikirlendirýän mesele. Halkara jemgyýetçiligi Eýranyñ ýadro maksatnamasyna garşy ençeme ýyl bäri berk sanksiýalary girizip gelýär. Munuñ bilen birlikde häzire çenli Eýranyñ ýadro maksatnamasy babatda hiç hili üýtgeşme gazanylmady. 500-den gowrak adamyñ ölümine we 17 müñe golaý adamyñ tussag edilmegine sebäp bolan Mahsa Amini protestlerinden soñ Ýewropa bileleşigi Eýrana we onuñ ýokary düzümli ygtyýarlylaryna sanksiýa yglan etdi. Şol sanda Eýran BMG-nyñ Zenan statusy komissiýasynyñ hataryndanam çykaryldy. Birnäçe ýurduñ ýazgarma beýanatlary çap edildi we eýranly ygtyýarlylaryñ halkara guramalaryñ münberinde eden çykyşlaryna garşy protest bildirildi. Bu bildirilen nägilelikden entek bärden gaýdýar. Edýän işlerindenem görlüşi ýaly girizilen sanksiýalaryñ, çap edilen ýazgarma beýanatlaryñ we Eýranyñ halkara jemgyýetçilikden çetleşdirilmeginiñ molla režimine hiç hili täsiri ýok. Gaýtam tersine, bular eýran hökümetiniñ ýöredýän syýasatyny öñküsindenem beter zoñtarlaşdyrýar, ýowuzlaşdyrýar. Eýran ýurtda birnäçe aýlap dowam eden içerki gapma-garşylyga garamazda sebitde we beýleki ýerlerde 1979-njy ýyldan bäri ýöredip gelen durnuksyzlaşdyryjy roluny artdyryp gelýär. Eýranyñ ukrain urşunda Orsyýete uçarmansyz dolandyrylýan bombalaýjy istrebitelleri bermek ýaly ýarag kömegini edýändigini bilmeýän ýok. Eýran Häzirbegjan-Ermenistan konfliktinde-de Ermenistanyñ tarapyny tutup, Günorta Kawkazda parahatçylygyñ ýola goýulmagyna aç-açan päsgelçilik döredýär. Eýranyñ Yrak, Siriýa, Liwan, Palestina ýaly ýurtlara-da ýaramaz täsiri bar. ABŞ-nyñ esasy ünsüni Aziýa-Ýuwaş okeana gönükdirmegi bilen sebitdäki täsiri gowşaýar. Geçen hepde Eýran bilen Saud Arabystanynyñ arasynda diplomatik gatnaşyklaryñ täzeden ýola goýulmagy bilen baglanyşyklylykda Hytaýyñ arada durmagynda baglaşylan ylalaşyk munuñ iñ bärki mysaly. Benýamin Netanýahu Eýrana garşy awuly sözlerini sözlerini pürküp duranam bolsa, altynjy Netanýahu hökümetiniñ ýöredýän syýasatynyñ Ysraýylda döredýän haosy Eýrana ýaraýar. Mahsa Amininiñ öldürilmeginden soñ başlan protestlerde halk reformalaryñ geçirilmegini islänok. Halk molla režiminiñ düýpgöter üýtgedilmegini talap edýär. Emma gelinen sepgitde munuñ o diýen mümkin däldigini, sebäp eýran halkynyñ alyp baran göreşinde ýeke galdyrylandygyny görmek bolýar. Ukrain urşunyñ dünýä boýunça döreden ýaramaz täsirlerine goşmaça Eýranda bolup biläýjek içerki gapma-garşylygy ýa-da hökümet çalşygy bilen bir hatarda dörejek nämälimlik ýa-da munuñ täsirleri Günbatary howatyrlandyrman duranok. Bulam ABŞ-nyñ we Ýewropanyñ demokratiýa arka durmak babatda ynanar ýaly tarap däldiklerine ýene bir gezek güwä geçýär. Gülru GEZER, Türkiýäniñ Los-Anželesdäki öñki konsuly. @g_gulru Duşenbe, 13.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |