18:52 Sudan: Içerki meselemi, daşarky güýçler çekişmesiniñ bir parçasymy? | |
SUDAN: IÇERKI MESELEMI, DAŞARKY GÜÝÇLER ÇEKIŞMESINIÑ BIR PARÇASYMY?
Publisistika
Sudanda 2023-nji ýylyñ 15-nji aprelinden şu güne çenli Abdylfettah el-Burhanyñ golastyndaky goşun bilen Omar el-Beşiriñ döwri 2003-nji ýyldan bäri aýratyn ýeñillikleri edinen we barha güýçlenýän Muhammet Hamdan Dagalonyñ (Hamidti) başynda duran Çakgan kömek güýçleriniñ arasynda gazaply çaknyşyklar bolup geçýär. 30-njy aprelde eýýäm ölenleriñ sany 528-e ýetdi. Geçen hepde taraplar ABŞ-nyñ öñbaşçylyk eden ýaraşyk arakesmesi bilen ylalaşanam bolsalar, çaknyşyklar dowam edýär. Ýurtdaky kese ýerliler ýurtdan çaltlyk bilen çyksa, käbir ýurtlar ilçihanalaryny göçürdiler. Ýakyn wagtda taraplaryñ arasyndaky çaknyşyklaryñ togtamak ähtimallygy barha azalýar, ýurtdaky konfliktler bolsa barha çuñalýar. • Meseläniñ düýbi Aslyýetinde Sudan 1956-njy ýylda garaşsyzlygyny alandan bäri hiç wagtam doly asudalyga ýetip bilmedi. Ýurtda köplenç harby hökümetler agalyk etdi, demokratik hökümete geçiş döwri tamamlanyp gidibermedi. Şeýle-de, ýurduñ geostrategiki ýerleşişi, ýerasty baýlyklarynyñ känligi we köpmilletli etniki gurluşy sebäpli daşarky güýçleriñ täsirine hemişe açyk boldy. Sudan bilen 2011-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Günorta Sudanyñ arasynda 1955-nji ýylda başlan we arakesmeli ýagdaýda onlarça ýyla çeken ganly çaknyşyklara parallellikde 2003-nji ýylda bolup geçen Darfur konflikti we el-Beşiriñ 2009-njy ýylda Halkara Sudda genosidden aýyplanmagyna sebäp bolan işi ýañy agzy aşa ýetip barýan ýurdy garyplyga gark etdi. Ýüz müñlerçe adam wepat boldy, millionlarçasy göç etdi. Häzir bolup geçýän konflikte seretmeli bolsa, Çakgan kömek güýçleriniñ añyrsy 1989-njy ýylda harby döwlet agdarlyşygyny geçirip häkimiýet başyna gelen we 2019-njy ýylda özü-de döwlet agdarlyşygy bilen gyrakladylan Omar el-Beşiriñ Darfura gönükdiril ulanan "Janjawid" milisiýa otrýadyna çenli uzaýar. Doganlar Dagalolaryñ emele getiren hökümeti Sudanda alyp barýan paramilitaristik işleri bilen bir hatarda el-Beşiriñ döwründe käbir ygtyýarlyklara eýe bolup, ýurtda altyn känlerini ýöretme hukugyny eýeledi. Dagalolaryñ maşgalasyna berilen bu ýeñillik arkaly Hamidti görlüp-eşdilmedik baýlyk toplady we harbylary-da soñky orna süýşürjek derejede özüne garaşly güýçleriñ ýurtdaky täsirini konsolidirledi. 2019-njy ýylda harbylar el-Beşiri agdarandan soñ harbylardan we raýat edaralaryndan düzülen hem-de ýurdy raýat hökümetine tabşyryp biljek müddeti dolandyrjak Dolandyryş geñeşini gurdy. 2021-nji ýylda bolsa harbylaryñ başynda oturan el-Burhan häkimiýeti raýat hökümetine tabşyrma müddetini paltalap ikinji döwlet agdarlyşygyny geçirdi-de, Dolandyryş geñeşindäki raýat işgärleri we premýer-ministri wezipeden boşatdy. Bu gezek ony Hamidti hem goldady. Dolandyryş geñeşiniñ başlygy el-Burhan boldy, başlygyñ orunbasary wezipesini-de Hamidti eýeledi. Çakgan kömek güýçleriniñ harbylara birikmegi bilen başlan müddet bolsa Hamidtiniñ ýeñilliklerinden we elinde saklaýan güýçden el çekmek islemändigi sebäpli petige diredi. Netijede taraplaryñ arasynda apreliñ ortasynda çaknyşyklar başlady. Taraplar hüjümleri garşydaş tarapyñ başladandygyny aýdyp, biri-birlerini günäkärleýärler. • Daşarky faktorlar Arap dünýäsi bilen bir hatarda Afrikanyñam möhüm ähmiýetli ýurdy bolan we Gyzyl deñizi erñekleýän Sudanda başlan çaknyşyklar sebit ýurtlaryny-da, Sudanda bähbitleri bolan başga ýurtlary-da gaýga goýdy. Sudanyñ serhetdeş goñşulary Eritreýa, Efiopiýa, Günorta Sudan, Merkezi Afrika Respublikasy, Çad, Müsür, Liwiýa. Sebitiñ şonsuzam ynjyk gurluşy bar. Çad bolup biläýjek bosgun akymyna garşy Sudan bilen araçäkdäki gümrük postlaryny ýapmakçy bolsa-da, bosgunlaryñ öñüni alardan ejiz gelýär. 2011-nji ýylda Sudandan bölünen Günorta Sudan çaknyşyklaryñ haýal etmän togtadylmagy we durnukly ýaraşygyñ baglaşylmagy üçin taraplar bilen gepleşikler geçirýär. Müsür hem öz gezeginde Günorta Sudan bilen gepleşikler geçirip, çaknyşyklary soñlandyrmak üçin diplomatik synanyşyklary edýär. Aslynda-ha, Müsüriñ ýurda durnuklylyk getirip biljekdigi pikiri bilen el-Burhany goldaýandygy barada maglumatlar bar. Liwiýada bolsa Halife Hafteriñ Hamidtini goldaýandygyny bilmeýän ýok. Pars aýlagy ýurtlary, ylaýta-da Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) üçin Sudanyñ gymmaty aýry. BAE-niñ Sudanhñ Gyzyl deñiz kenarynda Abu Amama portuny gurmakçy bolýandygy, altyn magdanyny işläp çykarýanlaryñ hatarynda ýer alýandygy we Sudanda çykarylýan altynyñ BAE-niñ üstünden satýandygy mälim. Munuñ bilen birlikde Hamidtiniñ şahsy baýlygynyñam BAE-dedigi aýdylýar. Aslynda BAE-niñ 2019-njy ýyldan bäri el-Burhan we Hamidtiniñ arasynda deñagramlylyk syýasatyny ýöretmäge synanyşýandygy, emma soñky bolup geçen çaknyşyklar bilen birlikde Hafteriñ üstünden Hamidtä goldaw berilýändigi-de öñe sürülýär. Sudanyñ ähmiýeti ABŞ üçin 70-nji ýyllarda bolup geçen nebit konflikti we 1979-njy ýyldaky Eýran Yslam Rewolýusiýasyndan soñ hasam artdy. ABŞ-nyñ "Chevron" kompaniýasy 1974-nji ýylda günorta we günorta-günbatar Sudanda nebit-gözleg işlerine başlan ilkinji daşary ýurt kompaniýasydyr. Başga-da amerikan, kanadaly, fransuz nebit-gözleg kompaniýalary Sudanda ýeñillikler edindi. Ýurtda dowam edip gelen içerki gapma-garşylyklar sebäpli amerikan kompaniýalaryna garşy hüjümler bolup geçdi we käbir amerikan kompaniýalary gyra çekilmäge mejbur boldy. ABŞ-nyñ Sudan bilen diplomatiki gatnaşyklary bolsa inişli-çykyşly boldy. 1993-nji ýylda Sudany terrorçylygy goldaýan döwletleriñ sanawyna goşan ABŞ 1996-2002-nji ýyllarda Hartumdaky ilçihanasyny ýapdy. 2002-nji ýyldan soñ diplomatiki gatnaşyklar täzeden ýola goýuldy. ABŞ 2005-nju ýylda günortanyñ referendum geçirmegine we Sudan bilen Günorta Sudanyñ arasynyñ bölünmegine şert döredýän gepleşiklerde aktiw rol oýnady. 2019-njy ýyldan soñ bolsa ABŞ Sudan meselesini köp möçberde BAE-niñ we Saud Arabystanynyñ üstünden dolandyrmagy saýlap aldy. Şular ýaly strategik ähmiýete eýe we şolar ýalam ynjyk gurluşy bolan Sudanda Orsyýetiñ bolmazlygy mümkin däl. Sowet Soýuzy döwründe sebitleýin üýtgeşmeler, ABŞ faktory we SSSR-iñ Owganystany okkupirlemegi gatnaşyklara ýiti täsirini ýetirdi. Wladimir Putiniñ Orsyýetiñ döwlet ýolbaşçysy bolandab soñ durnuklylyk gazanyldy. Orsyýetiñ nukdaýnazaryndan Sudan Afrika kontingentine açylan gapy. Orsyýetiñ el-Beşire Darfurda BMG-nyñ ýarag embargosyny bozup, ok-däri serişdelerini kömek edendigi barada jedelli maglumatlar bar. Sudan bolsa Krymyñ Orsyýete birikdirilmegini ykrar edýän ýurtlaryñ hataryna girýär. Ukraina urşy bilen birlikde Orsyýet Sudan bilen gatnaşyklaryny hasam berkitmegiñ ugruna çykdy. 2023-nji ýylyñ fewralynda soñky Afrika gezimine çykan Orsyýetiñ Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Sudanda-da resmi duşuşyklary geçirdi. ABŞ-nyñ nägileliklerine garamazdan, Orsyýetiñ Gyzyldeñiz kenarynda harby baza gurmagyna garaşylýar. Çaknyşyklaryñ başlamagynyñ yzysüre Orsyýetden gelen birinji garşylyk taraplaryñ arasynda haýal etmän atyşygy bes etmäge çagyryş boldy. Orsyýetiñ Sudandaky güýjüniñ ýene bir subutnamasy ýurtda el-Beşir döwründe almaz we altyn känlerini işletmek boýunça käbir ýeñillikleri alan "Wagner" toparydyr. "Wagner" ücin Sudan el çekip bolmajak girdeji çeşmesi. Sudan "Wagner"-iñ Liwiýadaky, Merkezi Afrika Respublikasyndaky harby bazalarynyñ gözegciligi we transport liniýalary babatda-da möhüm ähmiýete eýe. • Ynsanperwer konflikt 15-nji aprelden öñem dowam edip gelen uruşlar we etniki çaknyşyklar sebäpli Sudanda ynsanperwer konflikt bardy. BMG-nyñ Gumanitar kömek koordinasiýasy boýunça ofisiniñ (OCHA) berýän maglumatyna görä, ilatynyñ üçden biri, ýagny, 15,8 milliony gumanitar kömege mätäç Sudanda bu çaknyşyklar sebäpli ynsanperwer konflikt katastrofiki möçberlere ýetip biler. Çaknyşyklar zerarly adamlar öýünden çykyp, lukmanlaram hassahanalara gidip bilenok, saglygy goraýyş ulgamy doly çökmegiñ gyrasynda dur. Hartumdaky saglygy goraýyş edaralarynyñ 61%-iniñ gapysy gulply, olaryñ bary-ýogy 16%-i işläp bilýär. Nyrhlaryñ galandygy sebäpli azyk önümlerini we ýangyç alyp bolanok. Arassa suw tapyp bolmaýandygy sebäpli köpçülikleýin ýokanç keselleriñ çaltlyk bilen ýaýramagyndan howatyr edilýär. Eýýämden serhetdeş ýurtlara göçhä-göçlük başlady. BMG çaknyşyklaryñ dowam eden ýagdaýynsa diñe Çada gitjek göçegçileriñ sanynyñ 350 müñe ýeteñkirlejekdigini çak edýär. Bu ýagdaý öñdenem ynjyk sebit üçin aşagyndan çykyp bolmajak juda agyr jogapkärçilik bolup öñe çykýar. • Çaknyşyklaryñ soñy nirä barýar? Görlüşi ýaly, Sudanda içerki dinamikalar bilen bir hatarda daşarky faktorlar sebäpli-de örän çylşyrymly ýagdaý bar. Şol sebäpli-de çaknyşyklaryñ ümzüginiñ graždanlyk urşuna gönügip-gönükmejeg8 ýa-da agzalalygyñ goñşy ýurtlara syçrama ähtimallygy babatda çaklamalary etmek kyn. Emma ýakyn wagtda iki aýry harby toparlanşygyñ arasynda çaknyşyklar soñlanjaga meñzänok. Daşarky güýçleriñ aýry-aýry taraplary goldamagy-da konfliktiñ uly güýçleriñ özara göreşiniñ bir bölegine öwrülip biljegi-de çaknyşyklaryñ entek dowam etme ähtimallygyny güýçlendirýär. Gülru GEZER, Los-Anželes konsullygynyñ öñki konsuly. @g_gulru Duşenbe, 01.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |