13:03 Prigožiniñ ölüminiñ döredýän pikirleri | |
PRIGOŽINIÑ ÖLÜMINIÑ DÖREDÝÄN PIKIRLERI
Publisistika
Köpimiz "Wagner" hakynatutma howpsuzlyk kompaniýasynyñ adyny ilkinji gezek 2014-nji ýylda Russiýanyñ Krymy anneksirlän wagtynda eşitdik. Ýewgeniý Prigožin uzak wagtlap "Wagner" bilen hiç hili ilteşiginiñ ýokdugyny öñe sürüp gelenem bolsa, Ukraina söweşi bilen birlikde beren beýanatlary we paýlaşan wideolary bilen Russiýanyñ hem-de dünýä jemgyýetçiliginiñ üns merkezine oturdy. Wagtyñ geçmegi bilen rus goşunyny tankyt edip, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen Ýaragly Güýçleriñ Ştabynyñ başlygy Waleriý Gerasimowa garşy haýbat atyjylykly çykyşlary etjek derejede öte geçdi. 90-njy ýyllardan bäri ýakyn dostluklary bolan prezident Putin Prigožiniñ bu bolşuna özünden garaşylmadyk ýagdaýda sesini çykarmady we üýtgeşmelere Kremlden tomaşa edip geziberdi. 23-nji iýulda göýä "Golliwudyñ" kinofilmlerini ýada salýan we bütin dünýäniñ añk bolup tomaşa eden 36 sagatlyk topalañ Putin ücin soñlanyşyñ başlangyjy hasaplananam bolsa, aslynda bu Prigožin üçin soñlanyşyñ başlangyjydy. "Wagner" hakynatutma howpsuzlyk kompaniýalary ýaly howpsuzlyk kompaniýalary ýa-da ýörite harby kompaniýalar Russiýa mahsus zatlar däl. Şeýle-de bolsa, "Sowuk uruş" döwründen soñ ABŞ ýaly käbir ýurtlarda az çykdajyly, has effektiw we has çeýe gurluşa eýe bolandygy üçin bular ýaly kompaniýalardan peýdalandylar. ABŞ-nyñ Yrakdaky güýjüni we at-abraýyny pese gaçyran "Blackwater" kompaniýasy şeýle strukturalaryñ iñ köp tanalýany bolsa gerek. "Wagner" 2014-nji ýylda guruldy. Onuñ düzüminde Russiýanyñ ýüzlerçe hususy howpsuzlyk şereketi bar, ýöne hakynatutma harby şereketleri gurmak Russiýanyñ çäklerinde kanuny taýdan doly gadagan. Muña garamazdan 2022-nji ýylda "Wagner" "ýörite harby kompaniýa" höknünde hasaba alyndy. "Wagneriñ" Siriýada, Liwiýada, Merkezi Afrika Respublikasynda, Malide, Madagaskarda, Sudanda hereket edýändigi hemmelere mälim hakykat, şeýle-de Mozambik, Gwineýa, Gwineýa Bisau, Angola, Zimbabwe ýaly ýurtlarda-da adamlarynyñ bardygy çak edilýär. "Wagner" hereket edýän Afrika ýurtlarynda diñe şol ýurtlaryñ howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenenok, olaryñ ýerasty baýlyklarynam işläp çykarmak işine gatnaşýarlar. Şonuñ üstünden milliardlarça dollarlyk girdeji gazanylýar. Russiýanyñ Ukrainadaky urşunyñ maddy çykdajysynyñ belli bir böleginiñ "Wagneriñ" üstünden gazanylýan pullaryñ hasabyna alnyp barylýandygy hem öñe sürülýär. "Wagneriñ" Afrikadaky işjeñligi Russiýanyñ materikdäki Günbatar we Hytaýyñ güýjüne garşy güýç bolup orta çykmagyna-da saldamly goşant goşýar. Aýratynam Sahel sebitinde soñky birnäçe ýylda bolup geçen harby döwlet agdarlyşyklary netijesinde Fransiýanyñ sebitden çykmaga mejbur bolmagynyñ döreden boşlugyny Russiýa "Wagneriñ" üstünden doldurýar. Beýleki bir ýandan "Wagneriñ" 2019-njy ýyldan bäri Wenesuelada hem hereket edýändigi aýdylýar. • Liderlerem ýalñyşýar Putin bilen Prigožiniñ tanyşlygy 90-njy ýyllara çenli uzaýar. Birnäçe ýyllap türmede ýatan Prigožin bir interwýusynda Sankt-Peterburgda sosiskaly sandwiç satyp baýandygyny, pullanyp şäherde restoran açandygyny, şol sanda Russiýada giñden bilinýän restoranly gämileri satyn alandygyny gürrüñ berýär. Onuñ aýdýan döwründe Russiýada ýaşanlar mafiýanyñ hemme ugurdaky güýjüniñ nähilidigini gowy bilýär. Şol sanda sosiska satýan biriniñ az wagtyñ içinde öz toplan puly bilen Sankt-Peterburgyñ iñ gelim-gidimli restoranlaryna eýe bolmajagyny-da gowy bilýärler. Putin Prigožiniñ restoranlaryna daşary ýurtly myhmanlaryny getirýär, şeýdibem olaryñ arasynda "dostluk" başlaýar. Wagtyñ geçmegi bilen nahar şereketi Kremliñ, Goranmak ministrliginiñ, Bilim ministrliginiñ esasy snabžensine öwrülýär. Emma Prigožin munuñ bilenem çäklenmeýär. Wagtyñ geçmegi bilen Putiniñ ynamyna giren Prigožiniñ prezident bilen iş gatnaşyklary dürli ölçeglere geçip gidýär. Şuña aýratyn ýagdaýda düşünmek gerek: "Wagner" hernäçe hususy kompaniýa bolsa-da, Russiýanyñ we hut Putiniñ öz eli bilen gurlan kompaniýadyr. "Wagner" rus döwletiniñ taýýarlan proýektidir. Russiýa gürrüñi gidýän şereketi dünýäniñ dürli ýerlerinde gyzgyn çaknyşyklaryñ bolup geçýän ýa-da çaknyşyk bolma ähtimallygy bolan ýurtlara ýerleşdirmek bilen, şol ýerlerdäki syýasy proseslere täsir etmegi, şol sanda harby we ykdysady güýjüni berkitmegi maksat edindi. Şu nukdaýnazardan seredilende, esasanam Afrikada işi şowlady. Eýse, Putin tarapdan alanda şular ýaly şowly ýöredilen proýekt haýsy tapgyrda we nämüçin kelleagyry döretmäge başlady? Ikinjisi, formasiýasy üçin gatnaşyklaryny ynamsyzlygyñ üstünde ýola goýan Putin wagtyñ geçmegi bilen Prigožine gereginden artyk ynam etdi we "Wagneriñ" ýüplerini köne dostunyñ eline berdi. Putin ikinji uly ýalñyşlygyny "Wagner" ýaly ýerligi rus döwletine dahylly bolmadyk we wagtyñ geçmegi bilen köplenç tussaglardan düzülen strukturany öz çäklerinde we Ukraina garşy aýratyn ähmiýet berýän ýurduna garşy ulanyp goýberdi. Agzalýan kompaniýanyñ dünýäniñ çet ýurtlarynda ulanylmagy başga, Russiýanyñ iñ ynjyk nokadynda ulanylmagy düýbünden başga netijelere sebäp bolup biljekdi. Şeýle-de boldy. "Wagnerçileriñ" gozgalañy wagtynda Prigožin hernäçe Putiniñ adyny agzamasa-da, ýurduñ baştutany bolandygy üçin Ukrainadaky urşa we onuñ bellän Goranmak ministrine, Ştabyñ başlygyna we serkerdelere gönükdiren tankydy bellikleri aslynda Putine gönükdirilen okdy. Käbirleriniñ pikiriçe "wagnerçileriñ" gozgalañy güýç synanyşma tutluşygydyr. Russiýanyñ hemra döwleti hasaplanyp bilinjek Belarus döwleti ara girdi we Putin bilen harby kompaniýanyñ başlygynyñ arasynda geçirilen "gepleşikleriñ" netijesinde" gozgalañy togtatdy. Putin gozgalañçylary dönük hasaplady, emma Prigožindir gozgalañçylaryñ Belarusa gitmegi bilen "Wagneriñ" başlygyna garşy açylan derñew işi-de ýapyldy. • Prigožiniñ ölüminiñ añyrsyndaky syryñ üsti açylarmyka? Taraplaryñ arasynda gelinen ylalaşygyñ çäklerinde "Wagner" güýçleri Belarusa geçirildi, emma Prigožin Moskwa bilen Sankt-Peterburgyñ arasynda arkaýyn gatnady ýördi. 27-28-nji iýukda Sankt-Peterburgda geçirilen Russiýa-Afrika ýygnanşygynda afrikaly ygtyýarlylar bilen raýat eşiginde surata düşdi. Soñky gezegem geçen hepde BRICS duşuşygynyñ başlan güni Maliniñ paýtagty Bamakodadygy aýdylýan lokasiýadan wideo paýlaşyp, Afrika we beýleki sebitlere "adalat" getirjeklerini aýtdy. Gyzykly ýeri, Prigožin 23-nji iýunda eden gozgalañyny-da "adalat ýörişi" hökmünde baha beripdi. Gozgalañdan tegelek iki aý geçenden soñ 23-nji awgustda Prigožiniñem arasynda bardygy aýdylýan hususy uçar Russiýanyñ howa giñişliginde heniz nämedendigi anyklanmadyk sebäp bilen heläkçilige uçrady. Uçaryñ düşen wagty wakanyñ bolan ýerine golaý ýerden biri el telefonynyñ kamerasy bilen wideoýazgy etdi. Tehniki näsazlyk, uçaryñ içinde bar bolmagy mümkin partlaýjy maddalaryñ partlamagy, uçaryñ urlup düşürilmegi ýaly ähtimallyklaryñ üstünde durulýar. Ukraina we Günbatar uçaryñ Kremliñ görkezmesi bilen urlandygy hakda dürli pikirleri orta atýar, Russiýa bolsa hadysada eliniñ bardygyny inkär edýär. Beýleki bir ýandan Prigožiniñ heläkçilige uçran uçara münjekleriñ sanawyna adyny ýazdyrandygy, emma soñky minutda başga bir uçara münendigi, şonuñ üçinem 2019-njy, 2022-nji ýyllarda edişi ýaly öldi diýip myş-myşlaryñ ýaýramagyndan belli bir wagt geçensoñ täzeden peýda bolup biljegi hakda-da pikirler orta atylýar. Iñ köp soralýan soraglaryñ ýene biri-de, haýynlygy bagyşlamaýan Putiniñ nämüçin iki aý garaşmagyñ ýerine Prigožini gozgalañ turzan wagtynda agyzdyryklamandygy. Birinji bilen iki aýa çeken wagtyñ içinde front liniýasyndaky "wagnerçiler" Belarusa geçirildi. Şeýtmek bilen rus goşunlarynyñ we "Wagner" güýçleriniñ arasynda döräp biläýjek dartgynlylyk aradan aýryldy. Ikinjisi, Putin dünýäniñ çar künjüne ýaýran "wagner" toruny Prigožin bolmazdan dolandyrmagyñ ýollaryny gözkedi we soñky ätjek ädimlerini kesgitledi. Wagty-sagady ýetende-de heläkçilik röwüşini berip, Prigožini we onuñ ýanyndakylary gümlema iberdi. Edil häzir-ä heläkçilik hakda häzirki maglumatlara esaslanyp sagdyn analiz bermek kyn. Wagtyñ geçmegi bilen käbir detallar orta çykdygy saýy has takyk çaklamalary edip bolar. Putin heläkçiligiñ yzyndan eden çykyşynda wepat bolanlaryñ maşgalalaryna "yzy ýarasyn" sözlerini ugradan we Prigožini çylşyrymly ykbala eýe, gödek ýalñyşlyklary goýberen, emma işbaşarjañ adam hökmünde sypatlandyran beýanatynda, heläkçiligiñ hemmetaraplaýyn öwrenilip, netijesiniñ halka mälim ediljekdigini aýtdy. Şu güne çenli urşa garşy çykan rus oligarhlarynyñ we syýasy oppozisionerleriñ ölümleri hiç wagtam üsti açylman geldi. Gaýtam üsti gömüldi. Megerem Prigožiniñ ölüminiñ üsti-de gömüler we onuñ üstüni açmak üçin hiç hili iş geçirilmez. • Prigožiniñ ölümi "Wagneriñ" soñlanjagyny añladýarmy? "Wagneriñ" soñunyñ gelmegi diýmek - Russiýanyñ esasanam Afrikada şumada çenli birnäçe ýylyñ dowamynda gazanan artykmaçlyklarynyñ ýok bilmagy diýmekdir. Şonuñ üçinem öñümizdäki döwürde "Wagneriñ" adynyñ üýtgedilmegi-de ahmal, ýa-da başga bir struktura birikdirilip, operasiýalaryny dowam etdirmekleri-de mümkin. Putin anna güni eden çykyşynda "wagnerçileriñ" Russiýa wepalylyk kasamyny etmegi talap etdi. Mundan soñ "wagnerçiler" Russiýa üçin işlemäge, Russiýanyñ bähbitlerini dürli ýurtlarda goramaga we ösdürmäge dowam ederler. Diñe Putiniñ dagy-duwara öñki ýalñyşlygy gaýtalap, "Wagner" ýaly strukturalary öz çäklerinde ulanmajagy anykdyr. Gülru GEZER, Los-Anželesdäki öñki türk konsuly. Duşenbe, 28.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||