23:49 Eýran we Mawy Turana çykalga | |
EÝRAN WE MAWY TURANA ÇYKALGA
Publisistika
Adamlar jynsyny üýtgedip bilýär, käte ýurtlaram milletini üýtgedýär. Agalyk sürýän häkimiýet üýtgeýär, resmi dili ýa-da köşküň düzümi üýtgeýär, aňyýet we bilim-terbiýe berlişiniň formasy üýtgeýär we häkimiýet başyna geçen kimseler milli garaýyşlary bilen bir hatarda ýurtlaram milli jynsyýetlerini üýtgedýärler. Munuň özi transseksuallyk ýaly däl. Transnasional üýtgeşme. Kämahal şeýle ýagdaý çaklaňrak şäherlerde-de bolup geçýär. Belgiýanyň paýtagty Brýussel mundan altmyş ýyl öňem belli flemenk şäheridi, häzir bolsa Ýewropa bileleşiginiň edara binalarynyň bu ýere ýerleşmegi we Ýewropanyň resmi däl paýtagtyna öwrülmegi bilen iň ýakynyndaky güýjüň dil täsirine görä şekillenip, häzirkizaman fransuz şäherine öwrüldi. Şäherlerdäki öwrülişik we ýurtlaryň öwrülişigi agalyk ediji gatlagyň ýa-da halkyň gözegçiligi ýitirmegi netijesinde geografiýalaryň medeni görnüşini-de üýtgedýär. Palestinanyň Ysraýyla öwrülmegi, aglaba ýeri yslam patyşalyklary bilen dolandyrylan Hindistanyň häzirki wagtda butparaz ýurda öwrülmegi-de şuňa meňzeş hadysadyr. Deli metjitleriniň ýykylyp aýrylmagy häzirem dowam edýär. Filippinleriň yslam ülkesidigine garamazdan hristian ýurtlaryň basybalyjylyklary netijesinde barypýatan reaksioner häsiýetli katolik ýurda öwrülmegi-de şuňa meňzeş hadysa. Transnasionalizm üznüksiz diýen ýaly birnäçe ýerde dowam edýän hadysa we Eýran şu babatda türklügiň parslyga öwrülmäge dyrjaşylýan we munda belli bir derejede üstünlik gazanan ýurt. Türk dünýäsiniň aýrylmaz parçasy bolan Eýrana häzir şaýy yslamyň we parslygyň galasy diýsegem bolar. Ine, belki-de, şu sebäpden Eýran türk dünýäsiniň ýeke-täk trans ýurdudyr. Birmahallar türk ýurdy bolandygyna garamazdan, wagtyň geçmegi bilen milli jynsyny üýtgedip, pars ýurduna öwrülen, hasam öte geçip pars-şaýy diktaturasy bolan täsin dini döwlet. Aslynda ýurduň öwrülme müddeti juda uzyn. Sasany döwleti araplara ýeňilýär we ýurt yslamlaşýar. Birküç asyr gönüden-göni Yslam halyflygynyň düzüminde bolandan soň pars ruhuny özünde saklaýan ilkinji ýurduň şineleri bolan Samanidler döwleti gurulýar. Sasanidleriň yzyndan gurlan bu döwlet biraz wagtdan soň türkleriň ygtyýarlygyna geçýär. Türkleriň ygtyýarlygy diýenimizde, bu döwletiň dolandyryş apparatynda synpy we etniki diskrimanisýanyň bolmandygyny aýdyp bileris. Soňra dolandyryş düzümi galapyn türklerden ybarat Gaznawy, Seljukly, Horezmşalar ýaly türkmen döwletleri gurulýar. Emma Eýrany türkleşdiren türklerem wagtyň geçmegi bilen eýranlaşypdyr. Munuň özi aslynda geň ýagdaý we taryhda birnäçe mysallary bar. Agalyk sürýän jemgyýetiňi bilgeşleýin ýa-da özüň bilmezden özüňe meňzetjek bolup, özüňem olara meňzäp gidýärsiň. Aradan geçen şonça wagtyň içinde türkmen döwletleri diplomatiýanyň dili hökmünde pars dilini saýlap alýarlar. Şäherlerdäki pars medeniýetine öýkünmek şeýle bir görnetin ýüze çykýar welin, pars dilinde diwanlary, şygyrlary, eserleri döretmek şol medeniýetiň ilkinji görkezijisi bolýar. Munuň özi bolaýmaly zat. Islendik basybalyjy eýelän ýeriniň ýerli jemgyýetlerine öýkünýär, olaryň medeniýetini saýrylaşdyrman, ýadyrgaman, gaýtam oňlaýar, özünki saýýar. Şeýdibem onuň medeniýeti-de üýtgeýär. Türkleriň bu ýere ýerleşmegi bilen bir hatarda pehlewi diliniň pese düşmegi we häzirkizaman pars diliniň ýogyn çekimli türki sözleri alyp orta parsçanyň ýerine geçmegi şu döwürlerde bolup geçipdir. Türkler bilen bile ýaşamak aslynda parslar üçin mesele döretmändir, şonsuzam ilki arap basybalyjylykly ýörişlerini başdan geçiren halk az salym dowam eden häkimiýetleriniň yzyndan türk agalygyna giripdirler. Öz döwürlerinde Buhara ýaly möhüm türk şäherlerine agalyk sürendikleri üçin türkler bilen ýaşaýyş-durmuş babatda tejribe gory ýetik bolupdyr. Bulam olaryň türkleri ýadyrgamazlyklaryna sebäp bolýar. türkler bilen parslaryň arasyndaky bilelikdäki sebitleýin ýaşaýyş köp ýerde ikidillik düşünjesiniň ornaşmagyna sebäp bolupdyr. Bilingualizm, ýagny ikidillilik bilelikde ýaşaýan ýurtlarda köp gabat gelýär. Belgiýadaky flemenkler bilen walonlaryň, Kanadadaky iňlisler bilen fransuzlaryň, Ukrainadaky ukrainleriň ýagdaýy ýaly. Aslynda muňa iň köp meňzeýän düşünje-de soňkusydyr. Ukrainanyň uzak wagtlap rus häkimiýetiniň astynda ýaşamagy we ahyrynda suwara rus dilinde gürlemegi, hatda käbir ukrainalylaryň öz ene diliniň ýerine rusça gürlemegi Eýrandaky häzirbegjanly türkleriň ýagdaýyna meňzeýär. Edil häzirbegjanly türkleriň bir mahallar Eýranyň hojaýynlary bolşy ýaly, ukrainalylaram bir mahallar slawýan dünýäsiniň, ruslaryň öňbaşçy ýurdudy. Emma ol ýurt rus agalygyna girdem welin, ukrain dili yza galdy, yza galdy we yza galdy. Russiýa prawoslawlyga perdelenip ukrainalylary öz arasyna siňdirmek üçin elinden geleni gaýgyrmady. Emma taryhyň jilwesi bolan geografiýa faktorynyň täsirini ýatdan çykardy. Ukraina Günbatardady, Russiýa bolsa göz-görtele gündogarda. Günbatarda ýerleşen Ukraina günbatar bilen bileleşmek, günbatarlylara meňzemek isledigiçe Russiýanyň doganlyk prinsipleri üýtgedi we duşmançylykly sözler aralaşdy. Emma dolandyryş apparatyna bolan duşmançylyk. Russiýa o diýen ynandyryjy bolmasa-da, ukrain halkyna dost-doganlyk goluny uzatmagyny dowam etdirýär. Eýrandaky pars häkimiýetiniňem şuňa meňzeş ýoldan ýörejegine şek-şübhäňiz bolmasyn. Günorta Häzirbegjan diýilýän Eýranyň Häzirbegjan welaýatyndaky ynjalyksyzlyk hernäçe “gozgalaň” diýilse-de, aslynda häzirem ýüze çykyp barýan gozgalaň ýok. Adamlar öz işi-güýji, dert-aladasy bilen başagaý. Kürtleriň Eýranda aýaga galmagy üçin üç sebäp bolýan bolsa, häzirbegjan türkleriniň bir sebäbi bar. Kürtleriň birinji sebäbi pars däldigi. Ikinji sebäbi - şaýy däldikleri, bu bolsa olary ýönekeý eýranly şaýy bilen doganlyk bähbidinde aýry-aýry ýere goýýar. Üçünji sebäbi bolsa häkimiýetden duýýan ynjalyksyzlyklary we ala tutulmagy. Türkleriň bolsa Eýranda ýeke sebäbi bar: pars däldikleri. Ýöne beýleki sebäpleri o diýen göze ilip duranok. Şaýy ynanjy metjitlerde, Kerbela gününde ýa-da haýsydyr şaýy baýramçylygynda parslar bilen olaryň başyny birikdirýär. Häkimiýetden nägilelikleri bar, ýöne ala tutulanok, çünki eýran mejlisiniň deputatlarynyň deň ýarsynyň diýen ýaly aňyrsy türki gelip çykyşly. Eýranda geçirilen bir pikir soralşygynyň netijesiniň görkezişi ýaly, eje-kakasynyň milleti türk bolan adamlar ilatyň 25%-ni düzýär. Ejeden ýa kakadan biri türk bolanlar ilatyň 30%-ni düzýär. Ejesinden ýa kakasyndan biriniň ene-atasy, ýagny ýa türk enesi ýa atasy bolanlar bolsa ilatyň 40%-ni emele getirýär. Eýranyň günbatar welaýatlarynda dünýä inenleriň ganynda türki gany bolmadyklara seýrek duşulýar. Elbetde, parslaryňam güýçli medeniýeti bar. Muny hernäçe äwmezlige salsaňyzam, ortada Persepolis diýen bir hakykat bar. Olaryň ortada müňlerçe ýyllyk taryhy ýazuw ýadygärlikleri bar. Şeýle oturymly medeniýet belli bir derejede gelenleri-de hökmän täsiri astyna alypdyr, ýöne gelenlerem olary. Eýran Ýozgatdan we Kyrşehirden gidip Genjä, ol ýerdenem Eýranyň dürli ýerlerine ýerleşen we wagtyň geçmegi bilen agalyk sürüji gatlaga öwrülen gajar-türkmen hanendalygynyň golastyndady. Aslynda olaryň türklüge goşandy-da ýokdy, çünki gajar-türkmen hanedanlygynyň golastyndaky Eýran beýleki birnäçe milletsiz imperiýalar ýaly imperiýady. Ady Eýran däldi diýýänler näme diýseler-de, olaryň pul biriliklerinde “Eýran” sözi bardy. Eýran – döwletiň, ýurduň adydy. Anadoly nähili Anadoly bolýan bolsa, Eýranam şonuň ýaly Eýrandyr we sebitiň adydyr. Ine, şol ýerem türki ýurtdy. Demirgazykda Geýlan welaýatyndaky tokaýlykda başlan we ady-da “Tokaý hereketi” bolan gozgalaňa “Kordistan” welaýatyndaky kürtlerem goşulyp, şanyň paýtagtdan başga ýerde gözegçiligi ele alyp bilmezligi ýagdaýy orta çykarýar. Tanyş görünýärmi? Görünsin. Netijede 1921-nji ýylda Eýranyň gajar hanedanlygynyň iň soňky türk hökümdary we örän ýaş wagty tejribesiz ýagdaýda tagta çykan Ahmet şa Gajar hakykatdanam gajar. Rus-iňlis goldawly döwlet agdarlyşygy netijesinde tagtdan çetleşdirilip, ýerine Ryza şa Pehlewi geçensoň, ýagdaýlar üýtgeýär. Mundan beýläk türklügiň okeanlara çykýan ganaty döwülipdi. Okeanlarda howply garşydaşynyň bolmagyny islemeýän Angliýa Hindistana barýan ýolda ne nemesleriň, ne-de geljekde Türk Federasiýasyny gurup biläýjek türkleriň çykyp bilmejek hanedanlygy gurdurýar. Ine, şol hanedanam Pehlewi hanedanlygydyr. Ine, hut şu ýerde-de güýç elindekä ygtyýarlyk berenleriňiziň, güýç eliiziden çykan pursatynda nämeleri edip biljekdigini oýlamak gerek. Muny güýçlükäňiz bilmeli. Çünki režimleriň güýçsüzkä bilmek däl-de, diri galmak çytraşygy agyr basýar. Şeýle ýalňyşlygy häzirlerem gaýtalaýanlar bar. Ýalňyşlyklaram, almaly sapaklaram biziň üçin. 1921-nji ýylda ruslaryň we iňlisleriň goldawy bilen agdarylan türk hanedanlygynyň ýerine oturdylan Ryza şa aslynda türk şalarynyň häkimiýeti wagtynda serkerdedi. Geň ýeri, Eýranda ruslaryň tälim berýän we dolandyrýan hem-de ofiserleriniň rus bolan eýran-kazak goşunynda gulluk edýärdi. Bu goşun rus kazaklarynyň goşun bölümleri nusga alnyp döredilipdi we Ryza şa-da onuň serkerdesi wezipesine bellenipdir. Birnäçe fotosuratda Ryza şa Eýranyň iň soňky türk şasy Ahmet şanyň arkasynda göýä janpenasy ýaly durýar. Edil Sisiniň Mursiniň iň ynamdar adamy bolşy ýaly ýagdaý-da bu! Ikinji adamlara güýç berip, birinjilik bolmak mümkinçiligini bermek Günbataryň tanyş syýasaty. Ikinjiniň aşa güýçli yhlasy, beýgelme höwesi, beýgelmek üçin hemme zady edip, hemmeler bilen tegelek stoluň başyna geçip bilme ýagdaýy peýdalanmaga iň amatly zatdyr. Partiýanyň ikinji adamy, ideologiýanyň ikinji adamy, dini tarykatyň ikinji adamy eger esaslandyryjy ölmänkä başga bir fraksiýanyň düýbüni tutýan bolsa, ol eýýäm tegelek stoluň başyna geçdigidir. Hudaýa şükür, hernä beýle zatlar biden daş. Biz faktorlary ýazýarys. Kişileri däl. Ine, şu sebäpli diktatоrlar köplenç ikinji adam bolandygy üçin beýleki ikinji adamlara duşman bolýarlar. Biriniň ady, ygtyýarlygy, derejesi, sylag-hormaty biraz beýgelip ugrasa, ony öz hökmürowanlygyna howp salýandyr öýdýär we onuň başyny iýmek bilen bolýarlar. Diktаtоr ýurtlarda ikinji şahs bolmaýar, üçünji şahs bolýar. çünki ikinji şahs köplenç ýagdaýda diktаtоrlaryň öz ýanýoldaşy bolýar. Üçünji şahs bolsa, ýagdaýa görä maşgaladan ýa-da maşgala bilen organiki baglanyşygy bolan biridir. Albaniýada Enwer Hojanyň özünden soň gelen Mehmet Şehýunyň başyny iýmegi we ýurdy özi bilen aýaly Nejmiýäniň dolandyrmagy-da şoňa meňzeş ýagdaýdyr. Ikinji adamlar köplenç içinde kine saklaýan adamlardyr we olara üns bermeseňiz, ikinjiniň kinesi sizi sürgüne ýollap biler. Türkler golastyndaky dürli milletleriň serkerde, telekeçi, söwdagär, býurоkrаt we özi üçin söweşýän esgerler bolup ýetişmegini gowy görýär we şeýle ýagdaýa buýsanýarlar. Köplenjem şeýle ýagdaýyň özleriniň başyna getirjek belasyna intipis etmeýärler. Şeýle ýagdaý olar güýçlükä problema döredip durmasa-da, güýçden gaçanlarynda we döwlet durnuksyzlaşanda belli bolýar. Osmanlyda belli bir guramaçylykly medeniýet baram bolsa, bizi halas eden bu däl. Osmanlydaky birinjileri, ikinjileriň, üçünjileri, bäşinjileri syryp-süpürip zibile atan uly halk hereketi we oňa guramaçylyk eden Gazy Mustapa Kemal paşanyň inisiatiwasy bolmadyk bolsa, şu günki ýeten sepgidimize ýetip bilmezdik. Eýranda bolsa bu şeýle bolmady, boljagam bolmady. Ýurtdaky türk duýgusy hiç wagtam birinji planda däldi we türklük diýen zat atlandyrylman, türklük beýgeldilmän dowm eden handanlygyň halky-da türklük duýgusy bilen türk şasyna arka durup, onuň üçin söweşmedi. Gönüläp aýdanymyzda, şa ekmedik zadyny orup bilmedi. Nähili täsin, Ahmet şa tagtdan agdarylanda, güýjüni ýitirip Ýewropa gaçýar we onuň ýoklugyndaky Eýranyň Mejlisi tagta Ryza şany oturdýardy. Saglyk ýagdaýy sebäpli gitdi diýlenem bolsa, birnäçe ýyl geçenden soň onuň gidişi sürgüne öwrüldi. Ine, hut şol ýyllarda-da Türkiýe Respublikasynyň başyna Şeýh Sait we Seýit Ryza gozgalaňlary bela edilipdi. Şol döwürdäki gapma-garşylyklaryň we galagoply wakalaryň dowam edýän wagtynda Türkiýe Respublikasynyň Eýranyň içerki syýasy ýagdaýlaryna goşulara ýagdaýy ýokdy. Netijede Eýran sessiz-sedasyz täze şanyň golastyna geçýär. Bu şa özüniň parsdygyny mazamlaýan ýaly täze dinastiýany yslamdan öňki Eýranyň dili bolan pehlewi dilinden alan Pehlewi hanedanlygy diýip atlandyrypdy. Pars nasionalizmi şol döwürde başlady we giňden ýaýrady. Elli dört ýyllyk agalyk süren döwründe ýetişdirilen adamlar Eýran Yslam Rewolýusiýasyny amala aşyranam bolsalar, elmydama “saman aşagyndan suw goýberip” işlediler. Şaýylyk pars nasionalizminiň ýerini alyp, onuň has kanuny gaçybatalgasyna öwrüldi. Türkçe we türklük bilen baglanyşykly her sese parslyk bilen däl-de, şaýylyk bilen tälim berildi. Netijede edil Ukrainanyň jümmüşindäki we gündogaryndaky ukrainçe gürlemän rusça gürleýän ukrainalylar ýaly Tähranda-da parsça gürleýän türki gatlak peýda boldy. Şular ýaly türkleriň ýanynda gozgalaňdan söz açmagyň hiç hili manysy ýok. Çünki Eýrandaky türklük soňky onýyllyklaryň dowamynda parslyga we yslamy häkimiýete duýulýan gahar-gazap bilen utgaşan güýçli infraidentiçnostdyr. Infraidentiçnost (alt kimlik) diýýärin, sebäbi Eýranda ýokary identiçnost eýranlylykdyr. Günorta Häzirbegjan türkleriniň göreşi bilen baglanyşykly söhbetdeşlige gatnaşypdym. Biraz wagtdan soň biri beýlekini, beýleki ýene birini tankyt etdi, tankyt hem etmedi, biri-birleriniň sözünden aýyp gözlediler. Meniň özüm-ä olaryň ýerinde bolasym gelenok, çünki olar “ol eý diýdi”, “bul beý diýdi” diýişip, biri-birlerine topulmaga başladylar. Şol wagt şol ýerde haýsydyr bir pars milletçisi ýa-da şaýy Eýran döwletiniň jansyzy duran bolsa, çigit çigitläp durşuna hezil edip mugt tomaşa görendir. Boýunturyk astyndaky gullaryň biri-birleri bilen edýän dawasyna iň köp hojaýynlar begenýär. Entek asmana galdyrylan bir baýdak ýokka, nämäniň dawasyny edýärkäler? Mantyksyz... Eýrandaky ýagdaýam şolar ýaly güýçli türk gozgalaňlaryny wada berenok. Muny Eýrana gidip görenler gowy bilýändir. Töwrizde türki dilde gürleýänlere her ýerde duşmak bolýar, Tähranda bolsa belli-belli raýonlarda gürlenýär, ýaşlara kän bir türki dilde gürlejegem bolup duranoklar. “Meniň özüm türki, läkin eýran raýatyýam!” diýýän adamlar türki gelip çykyşyny, ýöne eýran raýatydygyny nygtaýar. Töwrizdäki 20-40 ýaş aralagyndaky türkleriň türklüge gujak açmagyna köp sanly sebäpleri tapyp bileris, ýöne munuň iň esasylarynyň biri – özbaşdak Häzirbegjan döwletiniň barlygydyr. Häzirbegjandaky zamanabap ýaşaýyş-durmuş formasy, dünýä jemgyýetçiligine açylan jemgyýet, türklügiň gadryny bilýän döwlet edaralary, türk dilinde çykarylýan neşirler, gazet-žurnallar we Eýranda 1921-nji ýylda togtan pulsuň dowamy hökmündäki Gündogar türklüginiň iň soňky garaşsyz galasy Häzirbegjan eýran türklerine uly ruhy güýç berýär. Türkiýäniň barlygy we güýjü-de esasy zat, ýöne olar şaýy we türk bolandygy üçin bize garanda Häzirbegjana ýakyn duranlaryny gowy görýärler. Aglaba köpçüligi döwlet edaralarynda işleýän we ýeten derejelerini Yslam rewolýusiýasyna we elbetde şaýy doganlygyna borçly nesil aňsat-aňsat aň-düşünjelerini üýtgederli görünmeýär. Elbetde, eýran türklügi diňe Günbatar etraplardaky häzirbegjanlylardan ybarat däl. Ýezd-Kirman we Şiraz üçburçlugynda, aýratynam Şirazyň töwereklerinde ýaşaýan bir milliondan gowrak kaşkaý türkleri-de aýratyn öwrenilmäge degişli. Türkmenistanyň çägine golaý ýaşaýan Horasan türkmenleri bolsa Eýranyň başga bir türk toparydyr we Eýranda türkleriň gozgalaňyny Eýranyň türkleriň tabynlygyna girjeginiň kepilligi hökmünde garamaly däldigini ýatdan çykarmazlyk gerek. 1921-nji ýylda Eýranyň türk şasy tagtdan agdarylanda-da, gozgalaň turzanlar Geýlan welaýatyndaky türklerdi. Emma netije ýaramaz boldy. Tohumy siziňki bolmadyk her ýaşyl şinäni narpyzdyr öýtmäň. Kekre-de ýerden şineläp çykýar. Wakalara heniz şineläp başlanda aň etmek kyn bolýar, ýöne iň aňsady gozgalaňyň şinelän uran ýerindäki köküne seretmek. Eýrandaky häzirki gozgalaň kürtleriň köp ýaşaýan etraplarynda turdy we açyk görlüşi ýaly olar Eýrany parçalamak isleýärler. Hindistan parçalanan wagty Hindistandaky musulmanlar uçursyz begenipdiler. Sebäp mundan beýläk olaryň özbaşdak ýurdy we döwleti bolmalydy. Arkaýyn gurbanlyk mallaryny soýup biljekdiler, Päk ýurdunyň päkize köçelerinde ýaşap biljekdiler. Bu ýurduň ady-da Päkistan bolmalydy. Ýogsam bolmasa olar geçmişde-de özbaşdakdylar, ýöne ara iňlis basybalyjylary girip, musulmanlary induslar bilen deňleşdirip, hemmesini bir koloniýa öwrüp taşlapdylar. Mahatma Gandiniň ýadawsyz tagallasy bilen gurulan täze döwletiň edaralarynda işlemek we geljekdäki Hindistanyň ýeke-täk we güýçli parçasy bolmagyň ýerine hindistanly musulmanlar meniň pikirimçe örän uly myh bolan Päkistan pikirine ýönelipdir. Bu heýjanlama olaryň şü günlere çenli dowam eden we elmydama Hindistanyň garşysynda gowşak bolup galmaklaryna sebäp boljak geografiki ýalňyşlygyňam başlangyjydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň günorta ganatyny emele getiren bölegi hindileriň öz goldawy bilen bölünip, Bangladeş döwleti döredilýär we bu ýurt häzirki wagtam Hindistanyň hemrasy ýaly hereket edýär. Kaşmirdäki ýagdaý aýry mesele. Päkistanyň paýyna bolsa diňe hasylsyz demirgazyk daglyk raýonlary, uç-gyraksyz çöl we bol hasylly ýeke etraplary bolan Günbatar Penjap we Lahor düşýär. Gojaman Hindistanyň aşakky kenarynyň ilatynyň bir bölegi ähli paty-putusyny, mal-mülküni, taryhy mirasyny alyp, Päkistana göçüpdir, galan bölegi Hindistanda galypdyr. Häzir şogadar gadymy musulman şäherlerinden Päkistanyň elinde endigan kenardaky Karaçi bilen Hindistanyň çägine golaý Lahor ýaly iki metropoliýa galypdyr. Deli, Haýdarabat, Allahabat ýaly onlarça şäher indi Hindistanyň emlägi, mülki. Bu myh Päkistana urulan iň uly myhdyr. Dury suwdan başga tebigy baýlygy bolmadyk, şol suwuňam ep-esli bölegini Kaşmirde Hindistana aldyran Päkistan ýaly şindi günbatar goldawly parçalanma arkaly guruljak Eýran Häzirbegjanynya eýe bolmak isleýärismi? Özümize şu sowaly bermek gerek. Hind okeanyna erňekleşýän Eýranda türkleriň agalygy üçin heniz hemme mümkinçiligi heniz elden gideremzok. Gajar hanedanlygynyň iň soňky nesilleri bilen aragatnaşyk ýola goýlup, sürgündäki gajar nesilşalygynyň nebereleri Türkiýe Respublikasynyň goragy astyna alynmaly. Babek Mürze Gajar han ol hanedanlygyň häzirki wagtda iň soňky wekilidir. Babek Mürze Gajar han Hakykatlar bilen ýaşamak we hemmeler üçin bähbitli çözgütleri orta atmak gerek. Еýranyň tеrritorial bitеwiligi Тürkiýäniň gündоgar sеrhediniň kерilligidir. Еýrandan bаşga-bаşga ýurtlаry çуkаrmagyň ýеrine ýurduň аglaba köрçüligini düzýän türklеr еýdip-bеýdip рarslary-da (рarslara gаrşy ýörеdilýän рropoganda gоwy däl) gujаgyna sуgdyryp biljеk fоrmada, ýönе yslam döwlеtinden bаşgaça fоrmula bilеn häkimiýеte gеlmeli. Eger Eýrana gidip gören bolsaňyz, özüňizem bilýänsiňiz. Adamlar öz işi-güýji bilen başagaý. Hawa, olaryň birem hökümetiň bolşundan hoşal däl. Hawa, ykdysadyýetdenem, syýasatdanam hoşal däl, ýöne şeýle nägileligiň iň öňünde kürtlerdir buluçlar ýaly jemgyýetler bar. Türkler sistema gereginden artyk integrasiýalaşypdyr. Şeýle jemgyýetden Garaşsyz Günorta Häzirbegjan çykarmagyň ýerine Eýranyň 1921-nji ýyldaky döwlet agdarlyşygyna çenli häkimiýet başynda oturan gajar dinastiýasynyň iň soňky wekili Babek Mürze hanyň goldanmagy gerek. Diňe şeýle ýagdaýda bikanun ýagdaýda eýran tagtyna oturdylan we ABŞ tarapyndanam goldanan pehlweilere garşy Türkiýäniň maksatnamasy aýdyňlaşar we okeanyň aňyrsyndan Ýakyn Gündogary dizaýn etmek bilen meşgul bolýanlara garşy bu ýerleriň adamlarynyň maksatnamasy eýran zemininde ornuny tapmalydyr. Türkleriň okeana çykyp biljek ýeke-täk türk ýurdy Eýrandyr. Diňe аntitürkçülik рroроgandalary taryhyň sahypalaryna müdimilik gömülen ýagdaýynda Eýran gaýtadan türkleriň we parslaryň ýurduna öwrüler. Munuň iň aňsat ýoly Häzirbegjanyň günorta böleginiň аzat edilmegidir. Iň aňsat ýoly bilen Päkistan guruldy we öli doguldy. Onuň ösme-özgerme mümkinçiligi ýok. Sowtasyzlygy ýok edip biljek bilim ojaklary, progresi ýurt derejesine ýaýjak çeşmeleri, güýjü-de ýok. Ol Hindistana garşy güýçli boljak bolup, saklaýan goşunyny we ýadro güýjüni saklamak üçin ýurdunyň ähli çäkli resurslaryny yrýa edýär. Şonuň üçinem uly duşmanyna garşy duşmanynyň duşmanyny saýlap, eýýämden Hytaýyň “guýrugy” bolmaga isleg bildirdi. Iň kyny saýlanyp alynan bolsa, ýagdaý başgaça bolardy. Hawa, hernäme-de bolsa yslam dünýäsiniň ýadro güýji-hä bar we hernäm-de bolsa ýadro ýaragly dostumyz bar. Ýöne şol dostumyz Hind okeanynyň aşakky kenarlaryny elinde saklabam biljekdi. Muny bilip bilmeýäs, çünki hiç synanşyp gören bolmady. Häzirbegjan gurulsa, Eýranda hökman özbaşdak kürt döwleti-de gurular. Emma bütin Eýran Häzirbegjan bolsa, türkleriň çägini üç müň kilometr gündogara giňelder. Oňaryp bilerismi? Belki, oňarmarysam. Ýöne synanyşyp görmän bilip bolmaz, biz muňa hökman synanyşmaly. - Jahan urşunyň gutarmagyna az wagt galanda Bakuwa girip Häzirbegjany azat eden türk goşuny ruslaryň Eýran maksatnamasynyň arasyny şarpa ýolupdy, ýöne maksatnamany Hindistan tarapdan iňlisler goldady. Biz elmydama sahnada bolmaly. Özüne degişli zady gaýdyp almagyň kanunydygyna ynanýan adamlar boldugyça sahna ýapylmaz. Türk geografiýasynyň günbataryndan gündogaryna at dabratdygyça umyt bar. Türküň okunyň düşen ýerinde sözi diňlener. Allanyň arzy we haklylaryň haky üçin, nasioanlizmimiz üçin bu barada oýlanmaga mejburdyrys. Türk dünýäsini türk ýurduna baglamak üçin Sokullynyň işläp düzen maksatnamasyndan bäri hyýal baglap geldik. Şu ugurda iň soňky gezek şirin janyny orta goýanam “jaýy jennet bolmuş şehidimiz” Enwer paşadyr. Gum bagyrtlan her bir gahryman gum bagyrtlan baýdak bolup bize wezipe berýär, mübärek hyýala bizi has-da ýakynlaşdyryp, ýalňyşlyklarymyzy we geografiki duzaklary öwredýär. Öwredäýmeli, şugadar zady şonuň üçin ýazdym. Gadyrly dostlar! Köpçülikleýin gozgalaň turuzmak arkaly Häzirbegjanyň günortasyny azat etmek kyn iş däl. Eýrandaky 30 milliona ýakyn türk muny amala aşyryp biljek güýçde, ýöne biz olardan has aňsat, has idealist herekete garaşmaly. Bulam bütin Eýrany täzeden ele almalarydyr. Diňe şeýdenimizde biz türk dünýäsini Päkistan serhedine deňiç uzadyp, birnäçe gämi doly garamaňlaý esger bilen Ýemenden kowulan okeanlarymyza täzeden gowşup, Türküstany Mawy Turana (Hind okeanyna) birikdirip bileris. Mawy Turana birigensoň, “Mawy Watan” bary-ýogy bir parça bolup galar. Okeanlara birigip bilmesek, dünýäde ýerimiz gury ýeriň ortasyna dykylyp galan Anadoly ýarymadasyndan aňry gidip bilmez. Bu ýarymada öldürmez, beýgeltmez, diňe iýjek çöregiňi berer. Türkleriň beýgelmegi üçin okeanlara birikmek hökmany borçdyr. Ýaşaýyş ulgamy teoriýasy görä bu prinsip türk halkynyň öňünde duran mejbury borçdyr. Iň kynyny saýlap almakdan başga çärämiz ýok. Eýranyň territorial bitewiligi goldanmaly, ýöne howadan, gury ýerden, medeni, syýasy, mediýa kanallary arkaly her edip-hesip edip eýran türklügini goldamaly. Eýrandan getirilen talyplaryň sany müňe ýetýän bolsa, elli müňe ýetirilmeli we olaryň husileri Ýemende, Hizbullahy Liwanda ornaşdyryşy ýaly bizem Eýranyň içindäki babadaşlarymyzyň ýagdaýyny oňyn tarapa üýtgetmelidiris. Garyp şahyr Namyk Kemal Midilli adasyndaky türkleriň hammalçylyk, orak-döwekçilik, çopançylyk edişlerini görüp, olara niýetlän maksatnamalary bilen azajyk wagt dowam eden ýolbaşçylyk döwründe adaly türkleriň öz iş ýerleri bolan ösen jemgyýete öwrülmegine sebäp bolupdy. Ýeke adamyň gaýrat-tagallasyny millionlarça adamyň eşreti we geljegi üçin gurulan we başynda işbaşarjaň adamlaryň oturan edaralary bilen bilelikde amala aşyrsaňyz has oňyn netijeleri gazanarsyňyz. Işbaşarjaňlyk babatda nämynasyp we aňyrsy çüýrük adamlaryň gara nebsi we ýaranjaňlygy zerarly erbet ýagdaýda agsaýarys, ýöne onuňam hötdesinden gelmek borjumyzdyr. Wezipe borçlary bilen ýaşaýan adamlar idealist adamlardyr. Idealist bolmagyň bahasy bolsa, ýekirilmek, duşman gazanmak we göreş bilen doly ömürdir. Şol sebäpli juda az adam şu ýola baş goşýar. Bir döwüm çöregiň yzynda ylgap, jübiňi doldurmak bolsa iň aňsadydyr. Ýöne biz ideallarymyzy bir döwüm çöregimizden has eziz görýäris. Munuň üçin çöreksiz galyp aç ölme howpy baram bolsa, şeýle belent prinsip üçin ölmegiň özi nämä degmeýär. Heýjanyňyzy daýym, gazabyňyzy diňe duşmanyňyza garşy gaýym, pähim-paýhasyňyzy-da kesgir tutuň. Hormatlamak bilen. Dr. Ýüksel HOŞ Penşenbe 10.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |