20:24 Eýwan | |
EÝWAN
Oýlanmalar
...Şapak gyzaryp ýaşyp barýarka dördünji gatdaky eywanjygyma çykyp, şäheri synlamagy gowy görýärin. Gijäniň öňüsyrasynda wehimli görünýän Köpetdagyň ýakasyny syryp gidibersem-ä, obama ýeterin. Täsindigini. Barymyz şu äpet älemdäki kiçijik bir zeminiň-Ýer şarynyň üstünde ýaşap ýörüs. Emma bir-biregiň didaryna zar. Özümi nokatjyk ýaly duýýaryn. Aslynda, biz - älemdäki kiçijik nokatjyklar dälmi?! Nokatjyklary - bizi birleşdirýän zat nämekä, megerem, ýatlamalardyr?! Arada bolsa uzak-uzak menziller ýatyr. Bir wagt ýaşkak, dabanymyzdan ot syçraýarka, bu barlyk biziňki, biziň hyzmatymyza goýlanmyka öýderdik, göýä ähli zat, şu Aýam, Günem, bulutlaram, ýyldyzlaram, daglaram, derýalaram... diňe özümiz üçin ýaradylandy. Bu ýalňyşam däldi. Emma... Nämüçinkä, kem-kem biz özümizi durmuşyň eýesi däl-de, onuň bir bölejigi ýaly duýup ugraýarkak? "Dünýäniň derdi ýetik. Menem onuň bir ýüki." Emma şonda-da "Durmuş mensiz oňup bilmez. Belki bu barlyk meniň özümdir? Men "gidemsoñ" bu dünýä dogrudanam, ýaşaýşyny dowam etdiräýermikä?” diýen, men-menlik duýgusy aklymy ezýär. Çagakam, düýşlerimde kän uçardym. Obalaryň-u-şäherleriň üstünden şol uçar barardym. Täsin ýeri, düýşlerim şeýlebir aýdyňdy, hyýal däl-de, edil hakykatdy. Indi-indiler oturyp şol uçuşlarymy küýseýärin. Ýekeje gezek düýşümde uçaýsam ukymam uka meňzäýjek ýaly. Uçma nirede. Oglankam, ýene bir zat, düýşlerimde ölerdim. Emma herne oýanardym. Şeýdip ölümiň nämedigini duýdum diýsem, lap etdigim bolar. Ölüm düşnüksizligi bilen meni örtän bolarly. Oýanamda begenerdim. "Ölüp" ýatyrkam hemmeleriň meniň ölendigime gynanýandyklaryny, aglaýan ejemi, kakamy, doganjyklarymy görüp, olaryň meni nähili gowy görýändiklerine begenerdim hemem olary şeýle hala salanyma gynanardym. Şeýdip, düýşlerimiň üsti bilen ölümiň bakylyk däldigine, haçanda bolsa hökman oýanjakdygyma ynanypdym. "Ölüm - biraz uzagrak diýäýmeseň, uklap turan ýaly bir zat-laý" diýýärkäm, munuň hakykatda-da şeýledigine, elnet, aklym ýetmezdi. Henizem çaga ynanjyma ikilik edesim gelenok. Anym bolar-bolgusyz pelsepelerden hyryn-dykyn, ruhum maddyýetçileriň pelsepelerine eýlenen bolsa-da, ölümiň ukudan enaýy zat däldigine ynanajym meni taşlap gidiberenok. Magtymgulynyň iki setirini gaýtalanymda, bagrym persala bolup aglasym geliberýär: - Ölüm ýadymdadyr, Gorky gözümde... ...Atam pahyr ölüm ýassygynda ýatyrdy. Aşgabatdan bardym. "Ata, ýagdaýlar neneň?" diýip soranymda, gahary gelip ýatandyr-da, bende biragyz "Erbet" diýdi. Atamy gowy görerdim. Eýwanjygymda durkam, merhum atam ýadyma düşüp, agym tutsa-da, aglap bilemok. Emma il-günden gizläp, içigip-içigip, aglan gezeklerim näçekä? Häzir welin birhili ruhuma ýeňillik ornaşýar. Çagalygymyň düýşlerindenmikä? Garşymda şapak gyzara-gyzara, Gün ýaşyp gidip barýar. "Köpetdagyň ýakasyny syryp gidibersem-ä obama ýeterin". Sazanda ýigitleriň biri şeýle diýipdi. "Sungat, saz-şygyr kalbyňa jinnek ýalyjak hapa ýokuşsa, seni terk etme bilendir". Ýazyp bilmeýändigime geň galardym, indi geň galamok. Ýazyp bilmýändigimi kalbymyň kirjigendiginden görýän, gizläp nätjek. Kalbyň gerdini aýryp bolsady. Oýlarymdan uç tapyp bilmän, nazarymy ýene daga dikýän. Garşy ýatan dag meniň kiçijik eýwanymdan eliň aýasynda ýaly görünýär. Ol maňa "Sen nokatjyk" diýip üstüme abananogam, meniň bile deň gabara - göwre bolup, ýüzbe-ýüz dur. Hakykatdanam, jahanda hiç bir zat adamdan uly däl. Beýigem däl, güýçlem däl. Başy ölümli bolsa-da, berlen ömri çäkli bolsa- da, adam ähmiýetsiz bir nokatjygam däl. Garyp göwnüm birneme çaglandy gitdi. ...Ertesi oýanyp, eýwanjygyma çyksam, alabaharyň ýagmyry jahanyň kirjigen meňzini tämizläp gidipdir. Baglar gök öwüsgin, Günem parlap dogupdyr. Iň esasy zadam, adamlar ýola çykypdyrlar. Belent-belent adamlar. Menem olara goşuldym. Ähli barlyk, belet binalaram, Köpetdagam bize salam berýär: - Essalawmaleýkim, jahanyñ hökümdary, Adam! Röwşen AMAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |