20:23 Fanatizmiñ şejeresi | |
FANATIZMIÑ ŞEJERESI
Filosofiýa
▶ IÑ ULY ZALYMLAR KELLESI KESILMÄN GALAN MAZLUMLARYÑ ARASYNDAN ÇYKÝAR Hakyna seretseñ, her aýry pikir özbaşdakdyr, ýekedir. Ýa-da ol şeýle bolaýmalydyr. Ýöne adam ony jana getirýär, öz ýagşy-ýaman gorsanyşlaryny we hereketlerini siñdirýär. Ilkibaşky arassalygyny ýitiren we belli bir ynanja öwrülen pikir wagtyñ içinde özüne bölünip berlen ýere ornaşýar hem-de haýsydyr bir hadysanyñ şekiline bürenýär: Mantykdan tutgaý keseline geçiş prosesi tamamlanýar... Ideologiýalar, doktrinalar we ganyñ ysy gelýän eñekleşmeler şeýdip döreýär. Instiktiw taýdan butlara çokunýandygymyz üçin oý-hyýallarymyzyñ we şahsy bähbitlerimiziñ närselerini hökmany suratda amala aşaýmaly ýagdaýa getirýäris. Taryh - galp absolýutlar geçelgesinden, tutaryklara duwlanyp dikilen ybadathanalar toplumyndan, añyýetimiziñ göze görünmeýän ähtimallyklaryñ öñünde kiçelmeginden başga zat däldir. Adam dinden her näçe daşlaşsa-da, barybir ýene dine tabyn bolup galýar, ol ähli gujur-gaýratyny sarp edip hudaýpisint zatlary döredýär. Soñam öz döreden zatlaryna özi monça bolýar: içki joşgunyñ fantaziýasy, mifologiýa duýýan zerurlygy real hakykatdan we gülkünçilikden üstün çykdar. Onuñ ähli edýän jenaýatlarynyñ düýp sebäbi çokunma güýjündedir: adam öz çokunýan "hudaýyny" ähli batnyksyzlygy bilen söýüp başlasa, özgeleriñem öz söýýän "hudaýyny" söýmekligini isleýär, gerek bolsa munuñ üçun zorluk ulanmakdanam gaýtmaýar. Hatda ol muña razy bolmadyklary ýok etmäge taýýar ýagdaýa gelýär. Häzire çenli haýwany isleg-arzuwlaryny mälim etmedik hiç bir ylalaşyksyzlyk, ideologik takatsyzlyk ýa-da dini propoganda bolmandy. Aýratynam adam biparhlyk endigini ýitiren ýagdaýynda potansial jellada öwrülýär. Aýratynam ol öz pikirini "hudaýa" öwürse: munuñ netijeleri barmak büküp sanardan köp bolýar. Ýöne hudaýyñ ýa-da hudaý şekilleri berlen zatlaryñ hatyrasyna adamlar öldürilýär: Akyl hudaýynyñ (Afinanyñ -t.b.), ýurtlaryñ, synplaryñ ýa-da halklaryñ pikiriniñ getiren öte geçmeleri inkwizisiýa ýa-da reformalar döwründäkiler bilen birmeñzeşdir. Ganly üstünlikler babatda joşgunlylyk şol döwürler boýunça bolup bilmez: Tereza ene oda ýakylan adamlar bilen döwürdeş bolup bilerdi, Lýuterem daýhanlaryñ öç almalarynyñ içinde... Mistiki krizislerde gurban berilýänleriñ nalalary bilen ekstaz iññildileri biri-birine paralleldir... Dar agaçlary, zyndanlar, hüjreler diñe imanyñ kölegesinde köpelip biler - ýagny, ruhy dolap alan ynanç zerurlygynyñ saýasynda. Haýsydyr bir hakykaty, öz hakykatyny elinde saklaýan adamyñ ýanynda şeýtanam wiýtjik bolup galar. Neronlara, Tiberilere garşy adalatsyz çemeleşýäris: olar hiç wagt bölünşik (agzalalyk) adalgasyny agza almandylar. Olar hemişe diýen ýaly ganly öç almalar bilen özlerini güýmeýän, çygryndan çykan salgyma kowalaşýançylar bolupdy. Hakyky jellatlar dini ýa-da syýasy sistemada ortadoksallygy döredenlerdir, mömin bilen dinden çykanyñ arasynda çäk goýanlardyr. Pikirleriñ bir-biriniñ ýerini eýelemegine kanagat edilmänem, gan akyp başlaýar... Kesgitli kararlaryñ astyndan kesgir hanjar gezelýär, otlukly gözler jenaýatyñ buşlukçysydyr. Gamletden täsirlenen ikirjiñlenmeli ruh hiç haçan hiç zada zyýan ýetirmez. Erbetligiñ prinsipi erada daşgynlygyndadyr, bu prinsipde arkaýynlyk diýen zat bolmaýar. Ideallar bilen hyryn-dykyn doldurulan, kanagatlaryñ agyrlygyndan ýaña ýarylaýjak bolýan, şübhedir süýrenjeñligi - ähli artykmaçlyklaryndan hem has beteri aristokratik ejizlikleri ýañsylamakdan keýp alýandygy üçin öz weýran bolup barýan ýoluna we taryha bimöçber adatylyk hem-de kyýamat bulaşyklygyna giren halkyñ Prometeýi megalomaniýasyndadyr... Onda anyklyklar köp: Bulary taşlañ, hususanam netijelerini taşlañ: Jenneti özüñiz täzeden gurarsyñyz. Peseliş bir hakykatyñ yzyndan gitmekde we ony tapmakda däl bolsa, dogmatist üçin ymtylma şol dogmanyñ içine ýerleşme däl bolsa, onda näme? Mundan fanatizm döreýär - adama işbaşarjañlyk görkezme, "pygamberlik etme" we terror lezzetini beren o sebäpler, - ol liriki lepra arkaly ruhlara ýokuşýar, olary boýun egdirýär, ezýär ýa-da daşgynlaşdyryp taşlaýar... Mundan diñe skeptisistler (ýa-da misgin bendeler we estetikler) halas bolup biler. Sebäbi olar hiç zada parh edip duranoklar, çünki adamzadyñ ýeten hakyky kämil nusgasy bolan olar tarapgöýlügi ýok edip, içinden çykýan sesleri analiz edip bilme ukybyna eýedirler. Şahandaz danalygyñ zynjyryndan boşanan apostoldan has mylakatlydygy üçin Perhonyñ ýanynda özümi Apostol Paweliñ ýanynda bolmakdan has ygtybarly duýýaryn. Okgunly ruhda tüýsüni üýtgeden awçynyñ awy ganly bolar, şonuñ ýaly-da adamlaram "pygamberiñ" penjesinden añsat-añsat sypyp bilmezler... Ha ybadat bolsun, ha başga zat, haýsy bahanany tutaryk edinip sesini beýgeltdigiçe ondan daşlaşyñ: Ol siziñ ýalñyzlygyñyzyñ aýpaltasydyr, ol sizi öz hakykatlarynyñ we daşgynlyklarynyñ elýeterinden uzakda ýaşamagyñyza göz ýumup bilmez. Ol siziñ isteriýañyzy, baryñyzy-ýoguñyzy özi bilen deñ paýlaşmagyñyzy isleýär, muny size mejbur etmek we tanalmaz ýaly derejä getirmek isleýär. Haýsydyr bir ynanjyñ täsirine düşüp, şol ynanjy özgelere ýaýratmaýan adam aman-esenlik mübtelasynyñ durmuşy dem-düýtsüz goýýan ýeri bolan ýer ýüzüne bigäne hadysadyr. Daş-töweregiñize seredip görüñ: Çar tarapyñyzda öz dini akymlaryny ündeýän soguljanlar, dini guramalar bar. Ybadathanalar deýin munisipialetleruñ hem absolýut hakykatlary bar, häkimiýetiñ bolsa edara ediş ýollary - nädeniñde maýmynlary tans oýnadyp bolýandygyna degişli metafiziki oýunlary bar... Bularyñ hemmesi külli adamzadyñ jemgyýetçilik durmuşyna oñyn täsir etmäge çalyşýar: Hatda ýer urup ýerde galan dilegçi gedaýlardyr we derdine dowa tapylmadyk hassalaram munuñ üçin çytraşýar: Hassahanalar reformaçylardan hyryn-dykyn doly. Hadysanyñ gözbaşynda durma ýagdaýyna gelme islegi aýry-aýry añ bulaşyklygyny ýa-da adamyñ öz isleýän lagnaty kimin täsir eder. Jemgyýet - bu halasgärleriñ dowzahy! Ol Diogeniñ eli çyraly gözlän we hiç kime gereksiz bir zadydy... Kimdir biriniñ idealdan, gelejekden, pelsepeden janypkeşlik bilen söz açanda, "biz" diýenini, "beýlekileri" hem ýatlap geçendigini göremogam, eşdemogam hem-de özüni olaryñ wekili hökmünde görendigine duş gelen ýerim ýok, bu bolsa ony özüme duşman saýmak üçin ýeterlikdir. Men onda diñe garalawjy propogandany we boýdan-başa jellatlyk sypatyny görýärin; ol tiranlar kimin, uly jellatlar kimin çäksiz ýigrenje eýlenendir. Bu her bir imanyñ terrorçylykly sypat götermeginden gelip çykýar we muny köplenç "sadalaryñ" ýerine ýetirmegi hadysany hasam gorkunç ýagdaýa öwürýär. Hokgabazlara, hilegärlere, kakabaşlara ynam edip bolmaz, geçmişde bolup geçen uly uruşlary olara ýöñkäbem bolmaz. Çünki olar hiç zada ynanmaýandyklary üçin ýüregiñize hem, içki oý-hyýallaryñyza hem goşuljak bolup durmaýarlar, sizi öz gowşaklygyñyzyñ, umutsyzlygyñyzyñ ýa-da peýdasyzlygyñ ygtyýaryna goýarlar. Adamzat ujypsyz mukdarda galan iñ gowy zatlary üçin tokaýlara minnetdar bolmalydyr. Fanatikleriñ gynamalaryndan we "idealistleriñ" çökeren halklaryny halas eden tokaýlardyr. Olar doktrinasyzdyrlar, diñe ynjyklygy we bähbitleri bardyr. Bular prinsipleýin despotizmiñ getirýän ýykan-ýumranlyklaryndan müñ esse çydamly ejizliklerdir. Galyberse-de durmuşdaky ähli ýaramazlyklar "durmuş garaýşymyzdan" öñde gelýär. Kämilleşen syýasatçy köne sofistleriñ alyp baran işlerini çuñlaşdyrmaly we şan-şöhrat derslerini, şeýle bikanunçylykly işler, korrupsiýa boýunça derslerini almaly... Fanatikler bikanunçylykly işlere bulaşmaýarlar: gerek bolsa bir pikir üçin ölmelem bolsa ýaýdanman ölerler, emma her iki ýagdaýda-da: tiran (üflis -t.b) ýa-da şehit bolup ölenem bolsa, olaryñ bir mahlukdan tapawudy ýokdur. Haýsydyr bir ynanjyñ ugrunda özüñi pida etmeklikden howply zat bolup bilmez: Iñ uly zalymlar kellesi kesilmän galan mazlumlaryñ arasyndan çykýar. Gam-gussa güýje bolan ymtylyşy azaltmagyñ tersine ony sandan çykarýar, akyl bolsa özüni bir nekgendäniñ mejlisinde has arkaýyn duýup başlaýar. Ony haýsydyr bir pikir üçin pida bolan ýaly edip görkezmekden erbet zat bolup bilmez... Älem bilen deñ derejedäki sähra durmuşyna bolan mätäçligiñ beýiklikden we gan dökmekden bizar bolandygy üçin şübhäniñ hadysa, umydyñ muşakgat ýaly görünjek üýtgewsizligi bilen Taryhyñ arzuwyny edýär... Emil Mişel ÇORAN, rumyn-fransuz filosofy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||