08:56 Fantast ýazyjy Baryş Müstejaplyogly Hytaýa çagyryldy.. | |
TÜRK EDEBIÝATYNYÑ ILKINJI YLMY-FANTASTIKI ROMANY ÝAÑADANDAN OKYJYLARA HÖDÜRLENDI
Edebiýat täzelikleri
Türkiýede fantastiki roman diýlende, ilki bilen Baryş Müstejaplyoglynyñ "Perg legendalary" romanlar tapgyry "Ithakı" neşirýatynyñ neşir etmeginde ýene-de ylmy-fantastiki edebiýatynyñ muşdaklarynyñ arasynda elden-ele geçip başlady. Soñky wagtlarda fantastiki edebiýata has köp isleg bildirilmegi bilen türk ýazyjylarynyñ bu žanrda döreden eserleriniñ sany-da gün-günden artýar. Baryş Müstejaplyoglynyñ "Perg legendalary" romanlar tapgyry ylmy-fantastiki eserleriñ arasynda aýratyn ýer tutýar. • Ilkinji türk fantastiki romany "Perg legendalary" türk ýazyjysy tarapyndan ilkinji gezek ylmy-fantastiki žanrda ýazylan romandyr. Ilkinji gezek neşir edilenne eýýäm birnäçe ýyl bolandygy üçin fantastiki edebiýatyñ muşdaklary tarapyndan seýrek tapylýan gyt kitaplara öwrülen bu eser "İthaki" neşirýaty tarapyndan gaýtadan okyjylara elýeterli edildi. Tapgyryñ birinji kitaby: "Gorkak we jandar". Eserde XX asyryñ fantastiki roman tradisiýasy türk fantaziýasy bilen utgaşdyrylýar. Bu roman bolgar, serb, hytaý dillerine terjime hem edilipdi. • Dört kitaplyk tapgyryñ öñe sürýän pikirleri "Perg legendalary" tapgyry gowy ýa-da erbet bolmak taýdan aýry-aýry halklaryñ we ynançlaryñ arasynda tapawudyñ ýokdugyna ünsi çekýär. Ortada bir urşuñ ýüze çykmagy üçin iki tarapdan biriniñ bütinleý günäkär bolmagy gerek däl; her iki tarapda-da gowy we erbet adamlaryñ bolup biljekdigi wakalar bilen berkidilipdir. Özüñ bilen pikiri bir dällere agressiw bolmazlyk kitabyñ iñ belli-başly öñe sürýän temasydyr. Kürsüde oturan ketdeleriñ adaty adamlaryñ ykballaryna nähili täsir edýändikleri eserde diýseñ täsirli görnüşde suratlandyrylýar. "Gorkak we jandaryñ" yzyndan neşir ediljek "Merderanyñ syry", "Batgalyk ýurt", "Hudaýlaryñ elipbiýi" bolsa "Perg legendalarynyñ beýleki kitaplarydyr. • Müstejaplyogly Şanhaýda geçirilen Edebiýat festiwalyna çagyryldy Fantastika we ylmy-fantastika sungatlary guramasynyñ (FABİSAD) esaslandyryjylarynyñ biri bolan Baryş Müstejaplyogly Şanhaý Edebiýat festiwalyna çakylyk alan ilkinji türk ýazyjysy boldy. Häzirki wagta çenli ýazyjynyñ birnäçe hekaýalary we romanlary iñlis, polýak, rumyn, bolgar, hytaý, arap dillerine terjime edildi. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |