FILIPP WANDENBERG
Filipp Wandenberg (hakyky familiýasy Walter), tanymal nemes ýazyjysy, ylmy-taryhy, arheologiki we ezoteriki kitaplaryñ we birnäçe taryhy we detektiw romanlaryñ awtory.
Filipp Wandenberg 1941-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Breslau şäherinde doguldy.
F.Wandenberg Mýunhende nemes dili we edebiýatyndan, sungatyñ taryhyndan ýokary bilim alandan soñ, dürli gazet-žurnallarda işledi. Onuñ otuz sany arheologyñ ölmegine sebäp bolan hakykatda bolup geçen wakalary çeper beýan edýän "Faraonlaryñ gargyşy" (1973) romany ýazyjyny Germaniýada we dünýäde giñden tanalmagyna getirdi. Bu meşhur romandan soñam ýazyjy Gadymy Müsüriñ we Rimiñ taryhy bilen baglanyşykly ýazan "Nefertita" (1975), "Nefertita we Ehnatonyñ kyssasy" (1976), "Ramzes" (1977), "Neron. Imperator we hudaý, hudožnik we masgarabaz" (1981), "Sezar we Kleopatra" (1986), "Pompeýli" (1986), "Sikstiniñ kasamy" (1988), "Bäşinji Injil" (1993), "Ranyñ oruntutar aýaly" (2008), "Kopernigiñ gargyşy" ýaly dünýä derejesinde meşhurlyk getiren birnäçe romanlary döretmegi başardy. Dünýäniñ otuz üç diline terjime edilen we göwrümli eserleriniñ sany otuza ýeten ýazyjynyñ kitaplarynyñ neşir edilişi 1999-njy ýylda 16 milliondan, 2006-njy ýylda 21 milliondan geçdi.
Wandenbergiñ hristianlyk ynançlaryna tankydy nukdaýnazardan seredýän germetiki we gnostiki eserleri syrly tapmaça mysaly okyjysyny taryhyñ çuñluklaryna aralaşdyrmagy başarýar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly