12:49 Françesko Petrarka | |
FRANÇESKO PETRARKA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Françesko Petrarka, öz döwrüniñ iñ meşhur akyldarlarynyñ biri hasaplanan dünýä belli italýan şahyry, gumanist. • Terjimehaly Françesko Petrarka 1304-nji ýylyñ 20-nji iýulynda Arezzo şäherinde dünýä inýär. Kakasynyñ ady Noter Petrarka di Parenzo, ejesiniñ ady bolsa Eletta Kanigianidir. Noter Petrarka 1302-nji ýylda milletparazlyk edilip Florensiýadan kowulýar we Arezzo göçüp gelýär. Petrarkanyñ kakasy papalygyñ täze merkezi Awignona gelýär, maşgalasy bolsa Karpentrasda galýar. Françesko Petrarka öz döwrüniñ Konwenewole da Prato ýaly saýlama mugallymlaryndan dil bilimini özleşdirýär. Petrarka 1316-njy ýylda Montpellier uniwersitetinde hukukdan bilim almaga başlaýar. Emma onuñ klassyky medeniýete bolan gyzyklanmasy has agdyklyk edýärdi. Hukukdan bilimi doly tamamlamak üçin 1320-nji ýylda Boloniýa gidenem bolsa, 1326-njy ýylda kakasynyñ aradan çykandygy zerarly Awignona gelýär. Ol ýerde şahyr Kardinal Žowanni Kolonnanyñ ýörite din ygtyýarlysy bolup işläp başlaýar (1330). Ol bu wezipede 1347-1348-nji ýyllara çenli işländigi çak edilýär. Şahyr 1333-nji ýylda Fransiýany, Flandreni, Brabanty we Finlandiýany öz içine alan Demirgazyk Ýewropa syýahatyna çykýar. 1336-njy ýylyñ dekabrynda Kolonna maşgalasynyñ myhmany bolup ilkinji gezek Rimde bolýar. 1337-nji ýylda Wasluide Sorgue derýasynyñ boýunda kiçijik bir jaý satyn alýar. Şol ýyl onuñ gezýän aýalyndan Žowanni atly ogly bolýar. Şeýle hem ol "Meşhur erkekler" ("De Viris Illustribus") eserini ýazmaga başlaýar. 1338-1339-njy ýyllarda "Afrika" atly epiki goşgusyny ýazmaga başlaýar. "Ýeñiş goşgulary" poetiki eserini ýazmak pikiri bu ýyllarda döreýär we eseriñ "Söýginiñ ýeñşi" bölümini ýazmaga başlaýar. • Edebi we ahlak düşünjesiniñ kemala gelmegi (1340-1346) 1340-njy ýylda Pariž uniwersitetinden hem-de Rim senatorlygyndan Petrarka "Şahyrlyk täji" teklip edilýär. Şahyr Rimiñ teklibini kabul edýär. Ol 1341-nji ýylda Napolä gidýär, korol Robertonyñ huzurynda üç güne çeken synagdan geçýär we 8-nji aprel güni dabaraly ýagdaýda "Şahyrlyk täjini" başa geýýär. 1341-1342-nji ýyllarda "Afrikanyñ" birinji wersiýasyny tamamlaýar. "Ýeniş goşgularyna-da" dowam edýär. 1342-nji ýylyñ fewral (ýa-da mart) aýynda Prowensiýa gitmek üçin ýola çykýar. 1342-1343-nji ýyllarda Wasluide we Awignonda ýaşaýar. Şol ýyl gyzy Françeska hem dünýä inýär. "Içki dünýäm" ("Secretum Meum") eseriniñ başyny hem ýazyp başlaýar. Şeýle-de "Undulmajak zatlar" ("Rerum Memorandarum Libri") eserini ýazmaga başlaýar. Şahyr 1343-nji ýylda Napoli şäheriniñ ýer bilen ýegsan boluşynyñ, adatça parahat ýagdaýda bolan portuñ gämileriniñ ýeke-ýekeden suwa gark boluşynyñ gözli şaýady bolýar. • Täze bir garaýyşa tarap (1346-1353) Wasluide ýaşan 1346-1347-nj ýyllarynda "Ýalñyz durmuş" ("De Vita Solitaria") eserini ýazýar. "Çopanyñ goşgulary" ("Bucolicum Carmen") eseriniñ käbir baplaryny ýazýar. 1347-nji ýylda "Dini rahatlyk" ("De Otio Religioso") eserini ýazýar. Kola di Rienzonyñ Rim reslublikasyny gaýtadan dikeltmek boýunça synanşyklaryny goldamak üçin Rime tarap ýola rowana bolýar we synanyşygyñ şowsuzlyga uçranyny eşidip, 1347-nji ýylyñ dekabrynda Ženowada galýar. Ol ýerdenem Werona tarap ýola çykýar. Gara mergi keseliniñ ýaýran ýyly bolan 1348-nji ýylyñ ýanwar aýynda Weronadady. Şol ýylyñ mart aýynda Parma dolanýar. 19-njy maýda söýgülisi Lauranyñ we Kardinal Kolonna ýaly birnäçe dostunyñ aradan çykandygy barada eşidýär. Ýewropany aldym-berdime salan mergi keseli we birnäçe ýakyn dostlaryny ýitirmegi ony "Ölümiñ ýeñşini" ýazmaga iterýär. 1350-nji ýylda Padowada "Aýan hadysalar boýunça hatlar" ("Rerum Familiarium Libri") eseriniñ birinji hatyny ýazýar. Florensiýada Žowanni Bokassio bilen dostlaşýar. 1351-nji ýylda Wasluýä gelýär we "Meşhur erkekler", "Canzoniere" eserleriniñ üstünde işleýär. Ol Papanyñ sekretary bolmak baradaky teklipden ýüz dönderýär we Awignondaky Papalyk merkezine garşydygyny mälim edýär. "Atsyz kitap" ("Liber Sine Nomine") atly hatlar ýygyndysyna başlaýar. 1352-nji ýylda "Aýan hadysalar boýunça hatlaryñ", "Meşhur erkekleriñ" we "Ýeñiş goşgularynyñ" üstünde işleýär. Papa Klement VI-niñ aradan çykmagy bilen papa saýlanan Innokentiý VI tarapyndan ýanalmalara sezewar bolmagy onuñ Awignondan göçmegine sebäp bolýar. • Ömrüniñ ahyrky ýyllary (1353-1374) Petrarka 1353-nji ýylda Italiýa gelýär, ýöne ol indi Prowensiýa gitmekçi däldi. 1354-nji ýylda "Gowy we erbet mümkinçilige garşy çäreleri" ("De Remediis Utriusque Fortune") ýazmaga başlaýar. Şol ýylyñ güýzünde Bohemiýanyñ koroly Karl Italiýada resmi saparda bolup, Rimde Roman-German imperatorlygynyñ täjini geýýär. Petrarka dekabr aýynda Mantowada Karl bilen duşuşýar. 1356-njy ýylda Karlyñ köşgünde işe durýar. Awgustyñ ahyrlaryna Milana barýar. "Canzoniere" eserine üçünji gezek üýtgeşmeler girizýär. 1357-nji ýylda "Ýeñiş goşgularyny" täzeden gözden geçirýär. "Çopanyñ goşgulary", "Dini rahatlyk" eserleriniñ üstünde işleýär. 1358-nji ýylda "Canzoniere" eseriniñ üçünji üýtgeşme wariantyny tamamlaýar. "Içki dünýämi" gaýtadan gözden geçirýär. 1361-nji ýylda ogly Žowanni mergi keseli zerarly aradan çykýar. Şol ýylyñ güýzünde "Gojalyk hatlary" ("Rerum Senilium Libri") eserini ýazmaga başlaýar. 1362-nji ýylyñ iýulynda Wenesiýa göçüp barýar. Graflar köşgünden azajyk uzakda bir jaý satyn alýar we aradan çykansoñ ony kitaphanasy ýaly Wenesiýa respublikasyna tabşyrmagy wesýet edýär. Ýaz gelmänkä gyzy Françeska durmuşa çykýar. 1363-nji ýylda Žowanni Bokassiýony Wenesiýadaky öýünde myhman alýar. "Tanymallygyñ ýeñşi" eseriniñ üstünde işleýär. 1367-nji ýylyñ ahyrynda Padowa barýar, soñra ýene Wenesiý dolanýar. Ondan soñ ýene gaýtadan Pawiýa tarap ýola çykýar. Ýolda barýan döwri iñ şowly çykan "Özüniñ we başga birnäçeleriniñ düşünjesizligi barada" ("De Sui Ipsius et Multorum Ignorantia") eserini ýazýar. 1370-nji ýylyñ mart aýynda Arkuadaky täze alan öýüne göçýär. Aprel aýynda öz wesýetnamasyny ýazýar. Papanyñ çakylygy bilen Rime barýarka Ferrarada saglygy ýaramazlaşýar we Padowa dolanmaga mejbur bolýar. 1370-1372-nji ýylda "Gelejekki nesillere ("Posteritati") hatyny ýazýar. Bu hatda ol 1351-nji ýyla çenli durmuş ýoluny beýan edýär. 1373-1374-nji ýyllarda ol "Canzoniere" eseriniñ täze sekizinji nusgasyny ýazyp gutarýar. 1375-nji ýylda bolsa bu eseriñ dokuzynjy we iñ soñky nusgasyny ýazýar. "Edebiligiñ ýeñşi" eserini ýazýar. 1375-nji ýylyñ 18-nji iýulynda Arkuadaky öýünde aradan çykýar. Onuñ iñ soñky islegini berjaý edip Arkuadaky buthananyñ howlusynda jaýlaýarlar. • Petrarka we Laura "Canzoniere", "Ýeñiş goşgulary" eserlerinde Laura bolan söýgüsini beýan eden şahyryñ söýgülisi Laurasynyñ real şahs bolandygy ýa-da bolmandygy barada häli-häzirlerem jedel dowam edip gelýär. Laura Petrarkanyñ goşgularynyñ baş liriki gahrymany bolup çykyş edýär. Petrarka özüniñ "Wergiliý" kitabynyñ bir ýerinde Laura bilen bolan duşuşygyny şeýle beýan edýär: "...Laura bilen ilkinji gezek ýaşlyk ýyllarymda sataşdym. 1327-nji ýylyñ 6-njy aprelinde Awignondaky "St.Clare" buthanasynda säher çagy şol şäherde ýene şol wagtda emma bu gezek 1348-nji ýylda ömür nury Gün nurundan arasy üzüldi... Şum habar bilen men Parmada gezip ýörkäm, şol ýylyñ 19-njy maý güni ir bilen Lýudowigiñ hatyny okap tanyş boldum. Onuñ syrdam we owadan bedeni ýogalan gününiñ agşamy Fransiskenleriñ buthanasynda jaýlanypdyr. Senekanyñ "Scipio Africanus" üçin aýdyşy ýaly onuñ ruhunyñ gelen ýeri bolan behişde gidendigine ynanýaryn". • Italýan dilinde döreden eserleri: 1). "Canzonaire" ýa-da "Diwan" ("Rerum Vulgarium Fragmenta"); 2). "Ýeñiş goşgulary" ("Triumphi" ýa-da "I Trionfi"). • Latyn dilinde döreden eserleri: 1). "Afrika"; 2). "Çopanyñ goşgulary" ("Bucolicum Carmen"); 3). "Poetiki hatlar"; ("Epistole Metrice"); 4). "Toba nagmalary" ("Psalmi Penitentiales"); 6). "Meşhur kişiler barada" ("De Viris Illustribus"); 7). "Undulmajak zatlar" ("Rerum Memorandarum Libri"; 8). "Isanyñ mazaryna zyýarat" ("Itinerarium ad Sepulcrum Domini"); 9). "Içki dünýäm" ("Secretum Meum"); 10). "Ýalñyz durmuş" ("De Vita Solitaria"); 11). "Dini rahatlyk" ("De Otio Religioso"); 12). "Gowy we erbet mümkinçilige garşy çäreler" ("De Remediis Utriusque Fortune"; 13). "Özüniñ we başgalarynyñ düşünjesizligi barada" ("De Sui Ipsius et Multorum Ignorantia"). • Hatlar 1). "Aýan hadysalar boýunça hatlar" ("Rerum Familiarium Libri"); 2). "Gojalyk hatlary" ("Rerum Senilium Libri"); 3). "Atsyz kitap" ("Liber Sine Nomine"). | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |