22:17 Fudziýama | |
FUDZIÝAMA
Ömrümiň iň bagtly pursatlaryny Ýaponiýanyň deňiz kenar ýakalarynda geçirdim; soňra şol şekilli ganatlanan pursatlarymyň bolany ýadyma düşenok. Kaýutama şemal kürsäp uransoň, Gün dogmanka, säher bilen oýandym, üstesine, ukuda-da şatlykdan ýaňa joşup duramsoň, mundan artyk ýatybam biljek däldim, penjireden seretsem garşymda gara buluda meňzäp, ajaýyp bir dag duran ekeni... ýok, ol bulut däldi, ol - Fudziýamady. Bu ajaýyp dag asmandan asylan ýaly bolup, dünýäniň üstüne abanyp durdy, ol menden alysdady, onuň uçlary Ýaponiýanyň asmanyny örten mawy tüssä goşulyşyp gidýärdi. Ol howada ýeňiljek bulut bolup asylyp duran ýalydy, şonuň üçin ägirt ýer bölegine daýanyp, älem giňişligine ymtylan ýeňiljek sudur birbada öňümde dikeldi. Göýä, ýaşajyk saýýar — Ýer demirgazyk şapagy bilen garylan deňziň mawy öwüşgininden täjini başyna geýip, Gün şöhlesi düşýän yklymyň köpdürli toprak örtügine dulanyp, tümlükden çykyşyna, älem päkizeligi bilen alnymda dikelen ýalydy. Bu pursat meni çaganyň täze bir zada, mysal üçin, sypaljyga ýa aýnanyň ýüzünden syrygýan damja gözi düşendäki ýaly, sadaja bir duýgy gurşap aldy. Soňra endik edilen görnüşler çagalygy ýitirilen ýurda öwrüp, gözümiziň düşüp ýöreninden başga has ýakymly, alasarmyk ýatlamalara tarap äkidýär. Fudziýama gözüm düşenden, ýaşap ýörenimizden başga barlyklar baradaky iň soňky arzuwym hem duw-dagyn boldy. Men garaşyp ýören artykmaç dünýämiň şu ýaşap ýören dünýämizdigine düşündim, ýöne hiç haçan onuň takyk her bir pursadyna düşünip bilmeris, Iki adaty durmuşda ony başarardan biz juda asgyn gelýäris. Şundan öndümli pikir ýokdur. Bu, dogrusy, adamyň amal edip biljek ýeke-täk zadydyr. Şonuň üçin Fudziýama — mukaddes dag, köpleriň zyýarat edýän ýeridir. Eý, Kolumb! Hakydaňdan öçmeýän ýekeje şatlyk bar, olam mukaddes topragy alnyňa sylmakdyr. Ýohannes Wilhelm ÝENSEN, daniýaly ýazyjy. Rusçadan terjime eden: Jumageldi MÜLKIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |