22:04 Galeanonyň hökman görmeli dünýä çempionaty | |
SOŇKY ÝAZGY: GALEANONYŇ HÖKMAN GÖRMELI DÜNÝÄ ÇEMPIONATY
Sport we turizm
Ýazmak maňa hemişe iň gowy ekspressionistik çykalga boldy. Ekspressionistlikden ötri durmuş ýol-ýörelgämi ýokary okuw jaýyny okap gutarandan soň köplenç ýazyp edindim Hiç wagt aram daşlaşmadyk futbol hakda ýazmagam durmuşyň kynçylyklarynyň garşysynda öz azat edilen ugrum hakda pikir ýüwürtmegimi we okyjylaryň dykgatyna ýetirme artykmaçlygyny üpjün etdi. Şeýle artykmaçlygyň saýasynda azat ýagdaýda pikir edýändigimi, şu saýtda üç ýarym ýyl öň başlan döredijilik ýoluma häzirlikçe arakesme berýärin. Adamlaryň köplenç az okaýandygyny we sabyr-takatyň juda pese düşen şu döwründe mundan beýläk ýazmagyň ýerine kän oňarmaýan we düzedişlere kän bir mümkinçilik bermeýän gürrüňdeşlik bölüminde has köp bolaryn. Emma demim gelip-gidip durjak boş sahypalarda dogry jümleleri ýazma höwesi-de her daýym içimde bolar. * * * Her bir futbol janköýeriniň ýadyndan çykarmaýan bir dünýä çempionaty bolýar. Meniňki 1990-njy ýylda Italiýada bolan çempionat. Bobbi Robsonyň ýaşyl žaketinden Gazzanyň gözýaşlaryna çenli biraz angliýaly, Omam Byýygyň 1,5 metre galyp, Golden Higuitanyň Milla goşmaça minutlarda aldyran pökgüsine çenli biraz kameunly, ady birinji gezek eşidilýän Skilaççiden Argentinanyň oýnuna çenli derwezesine pökgi saldyrmadyk Zenga çenli biraz italiýaly, Maradonanyň täzeden utmagy üçin ähli napolililer ýaly iň köpem argentinaly ýalydym. Özem bary-ýogy ýedi ýaşymdadym. Bütin bu bolup geçenleri soň-soňlar wideoýazgylaryndan tomaşa edip, ýatlamalarymyň hemmesini bir ýere jemläpdim. Ýyllar geçdi. Aýratynam 2000-nji ýyldan soňky ähli bolup geçen çempionatlar hakdaky ýatlamalarymy bir ýere jemlemedim. Munuň iň uly sebäbi-de, oýunlaryň barha emelileşmegidi. Edil Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda bolşy ýaly... Katardaky gepli-gürrüňli dünýä çempionatyny iň köp görmelileriň biri-de Eduardo Galeanodyr. Galeano “Kölegede we günüň aşagynda futbol” kitabynda FIFA-nyň oýunlary ýyllaryň dowamynda niçiksi ýagdaýa getirendigini gürrüň bermek bilen çäklenenok. Megerem ol, şu dünýä çempionaty boýunça-da, Kataryň FIFA we konfederasiýalara beren para-peşgeşlerinden, Zepp Blatterden, Platiniden, hatda 2022-nji ýyldaky ýaryş üçin ses berlişikde bijeleriniň çykmandygy üçin derňew işini açyp, soň näme bolanam bolsa – iki ýylyň içinde derňew işini bes eden FBI-den özüne mahsus jümleleler bilen gyzyklydan gyzykly söhbetleri ederdi. Stadionlaryň gurluşygynda gul ýaly işledilip wepat bolan müňlerçe işçiniň gören horluklaryndan gürrüň bererdi. Gadagançylyklara we açylyş dabarasynda hemme zady adatylaşdyryp Kataryň üstünden ýewropa taryhy bilen hasaplaşan Infantino üçinem aýratyn paragraflary açardy. “Kölegede we günüň aşagynda futbol” kitabynda iň halaýan baplarym – dünýä çempionatlary başlan ýylynda dünýäde nämeleriň bolup geçendigini gürrüň berýän sahypalardy. * * * Iki ýyl mundan öň başlan kowid-19 pandemiýasynda simptom alamatyny berenleriň sany 500 milliondan, aradan çykanlaryň sany-da 6 milliondan geçýärdi. Baltimorda geçirilen bir üstünlikli operasiýada doňuzyň ýüregi adama oturdylypdy. Burkina Fasoda harby döwlet agdarlyşygy bolup geçip, prezident Kabore wezipesinden giderilýärdi. Ýyl gutarmanka ýene bir döwlet agdarlyşygy bolup geçip, harbylar bu gezek birinji agdarlyşygy amala aşyran general Damibany agdarýardy. Ukrainalylar mejbury ýagdaýda dogduk depelerini terk edýärdiler. Birnäçe halkara sanksiýalara uçran Russiýada bolsa sportsmenlere çenli halkara turnirlere gatnaşmakdan mahrum edilýärdi. Döwlet baştutanlygy döwründe Perudaky korrupsiýa, gandöküşlikler, 300 müňden gowrak aýal-gyzyň zorlukly önelgesizleşdirilmegi ýaly aýyplamalar bilen jogapkärçilige çekilen Alberto Fuhimori saglyk ýagdaýynyň ýaramazalaşandygy sebäpli jogapkärçilikden boşadylýardy. Dünýäniň iň baý adamy Elon Mask 44 milliard dollara Twitteri satyn alýardy. Endi Warolyň “Merilin Monro” kartinasynа ABŞ-da geçirilen auksionda 195 million dollar berip satyn alýan müşderi tapylýardy. 1960-njy ýylda Belgiýanyň we ABŞ-nyň hemaýatkärliginde ölüm jezasyna höküm edilen hem-de jesedi kislota oklanyp ýok edilen Demokratik Kongo respublikasynyň döwlet ýolbaşçysy Patrik Lumumbanyň synasyndan galan ýeke-täk parça bolan dişi 61 ýyldan soň Brýusseliň “Egmont” köşgünde maşgalasyna gowşurylýardy. Tehasda taşlanan tyryň içinde 53 sany göçegçi yssydan demigip, Marokkadan Ispaniýanyň Melilýa şäherine geçmäge synanşan 37 göçegçi bolsa dyknyşykda ölýärdi. Şu güne çenli bolup geçen ähli dünýä çempionatlaryny gören şa aýal Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykyp, onuň ogly Çarlz çärýek asyrlyk garaşmanyň soňunda korollygyny yglan edýärdi. Tähranda 22 ýaşly Mahsa Amininiň başýapynjasyny talabalaýyk dakynmandygyny bahana edip, “ahlak polisiýasy” tarapyndan öldürilmeginiň yzyndan eýranly aýal-gyzlar azatlyk üçin başlaryny açyp köçä çykdylar. NASA 50 ýyldan sоň Aýa gitmek üçin “Artemis-1” raketasyny uçursa, jedelli 22-nji dünýä çempionaty ilkinji gezek gyş paslyna gabat getirilip, Katarda badalga aldy. Infantino ýaryşyň açylyş dabarasynda üç sagat piwo içmäniňiz bilen ölesiňiz ýok diýýär we Günbatar ýurtlarynyň Katardaky migrant işçiler seslenýänçä öz taryhynda eden gabahatçylyklary üçin ötünç soramagynyň gerekdigini aýdýardy. Infantino munuň bilenem çäklenmän: “Özümi katarly biri ýaly duýýaryn, geý ýaly duýýaryn, maýyp biri ýaly duýýaryn, migrant işçi ýaly duýýaryn” diýýärdi. Infantinonyň pikiriçe bu çempionat häzire çenli bolup geçen ýaryşlaryň iň gowusy bolmalydy, emma ýaşyl meýdançadaky oýunlar onuň sözlerini ýalana çykarýardy. Heniz topardaky oýunlar tamamlanmanka bäş oýun deňe-deň gutardy. Hemmeler VAR sebäpli hasap edilmedik gollar, gereksiz goşmaça minutlar, körüň urşuna dönen oýunlar we konserwator tälimçiler bilen henize çenli bolup geçen iň biderek çempionata tomaşa edýärdiler. Bu içgysgynç turniri iki ýygyndy topar täsin biraz gyzykdyrdy. Ýaponlar nemes hüjümlerini jerime meýdançasynda yza tesdirip, çakgan oýunçylary arkaly iki gol saldy. Arabystan bolsa Argentinanyň öňe saýlanan we hemmeleriň hasam öňe saýlanmagyna garaşan oýnunda bütin dünýäniň agzyny öwelden oýun görkezdi. Ak köýnekli fransuz Erwe Renar araplara öň görmedik goranyş berkligini we hüjüm edijilikli akyly goşupdy. Messi Mеksika oýnunda bütin ýurdy jebisleşdiren goluny salyp, häzirlikçe täzeden ýurdunyň gahrymanyna öwrülen bolsa, Ronaldo hem Portugaliýanyň hatarynda täzeden abraýyny dikeldýärdi... Ussady ýatlamak menim hetdim däl, ýöne onuň stilinde “Kölegede we günüň aşagynda futbola” 2022-nji ýylyň dünýä çempionaty hakda goşundy girizmek isledim. Futbolyň häzir hemişekisinden has beter Galeano ýaly rawylara mätäçligi bar. Emre SARYKUŞ, @the_emres imresarikus@gmail.com Çarşenbe, 30.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |