20:17 Gana suwsan Dinara we men | |
Gana suwsan Dinara we men
Meniň häzirki berjek bolýan gürrüňlerim iki ýyl mundan ozalky bolan wakalar hakynda. Ol wagtlar men diňe liseýa gatnaýardym. Howwa, diňe ''okuw - öý, okuw-öý'' diýip mende kän bir söýgi, duýgy diýlen zadyň nämediginem bilmeýärdim. Mekdepde wagtlarymam men şeýle. Mugallym dagy bir zady beýan edäýse şony ýazmak bilen gara-başagaýdym. Näme ol wagtlar internet ýok, bu elimizdäki ýaly android, planşet ýaly elektron enjamlarymyz, telefonlarymyz ýokdy. Diňe düwmeli aýdym-saz diňlenýän telefonlarymyz bardy. Olam kä okuwçyda bar diýäýmeseň. Gürrüňi başga zada sowup oturasy zat ýok. Şonuň üçin beýan etjek bolýan wakalaryma geçeliň. Howwa şol liseýa gatnaýarkam günde öýe gaýdyljak wagty duralga-da bir owadan gyz meniň bilen bir awtobusa münüp, bir duralgada-da düşerdi. Özi ýurdumyzyň daşyrak ýerinden wagtlaýyn göçüp gelip biziň jaýymyzyň gapdalynda bir otagly jaýy kreýine tutup şol ýerde hem bolýardy. Ilki-ilkiler oň bilen gürleşemokdym. Awtobusa münende dagy öňünde sessizje gözüni bir nokada dikip penjireden daşara serederdi. Soň habar gatyp, halyndan habar alyp gürleşip başladym. Täze çykan kitaplary okamaga berýärdim. Olam kä wagtlar öz gowy görýän kitaplaryny maňa okamaga berýärdi. Şeýdip oň bilen sulhum alyşdy. Onuň ady Dinarady. Günlerde bir gün men ony duşuşyga çagyrdym. Owadanlygyna maýyl bolup şol duşuşykda ony bagryma basyp gujakladym. Şonda boýnumyň çep tarapynda gyzgyn gybyrdy duýdum. Onuň özüne maýyl ediji bedenine gujaklanan göwräm agyryny duýmadyk bolara çemeli. Şol wagt men essim aýylyp ýykylypdyryn. Bir haýukdan soň gözlerimi açsam Dinara maňa seredip otyr eken. Agzyndan bolsa gan akýardy. Edil aklyndan azaşan däliler ýaly. Özem meni çolalyga süýräpdir eken. Gözleri gyzaryp, gulaklary dagy ýokarlygyna jaýtarylyp durdy. Saçlary bolsa timarlydy. Egnimden syrygýan gany elim bilen elläp tisginip gidipdirin: ㅡ Dinara bu näme etdigiň boldugy, sen meni dişlediñmi? Eger şeýle bolsa, ozal näme üçin muny maňa aýtmadyň... ㅡ Dursana oglan näme ''Adam iýýänmi'' diýip seni lukma ete öwürip iýip oturan barmy. Boýun damaryňy görüp hyýalym küýsedi. Bir az tagamyňdan dadyp görmek isledim. ㅡ Aýdýanlaryň näme, hany biz halaşýardyk!.. ㅡ Ýuwaşyrak bolsana ezizim - : diýip Dinara meň üstüme pişik böken ýaly bökdi-de: ㅡ Bu wagt seýilgählerde polisiýa işgärleri aýlanyşyp ýörler, şolar bimaza bolmasyn galan zadyň alajy tapylar, diýip ol gulagyma pyşyrdady. Gözleriniň bäbenegi dagy gyzaryp edil janyňy alyp gelýärdi. Soň ol meni ýerimden turuzup bir gyrada oturtdy we elime daşyna gazet soralan içlekli bilen miweli suw berdi. Men açlygyma ony nädip iýenimi bilmändirin. Şeýdip özüme geldim: ㅡ Meni bagyşla Afrasyýap, ynanaý men... diýip ol sojap möňňürip aglamaga başlady. ''ㅡ Men bilip etmedim bu zady, ol meniň endigimde galypdyr. Ýöne senem beýdip birden gujaklamaly däldiň. Sende-de günä bar'' diýip ol meni sebäpkär etdi. Şol gün men hiç zat gürlemän diňe Dinaranyň ýanyndan garamy saýlamak bilen boldum. Ertesi ol meniň öýüme geldi. Elinde ýeke-je gül bar eken. Ony maňa sowgat etdi. Men öýdäkilere duýdurmazdan ony öz otagyma çagyrdym. Soň ol meni oturdyp boýnumdaky ýara siňe-siňe seredip daşymda perwana kakdy. Ýarama sargy etdi. Okuwa bolsa gidip bilmedim. Olam meň ýanymda boldy. Dişiniň geçen ýerleri biter ýaly däldi. Soň ol meň otagymda gününiň ýarty bölegini meň bilen gürleşip geçirýärdi. Bir günem men aşhanada kofe demlejek bolup durkam Dinara geldi. Ony aşhana çagyrdym. Ol kofeni maňa öz eli bilen taýynlap berjekdigini aýtdy. Men oňa razylyk bermedim. Şonda bir çaşka bulguryň üstünde ilki gygyryşdyk. Soňam çekelişip başladyk welin ýaňky pišik myrryldysyny edip çaşkany tutup duran elimi dişläp meni ýaralady. Şonda ol bilek ganymy hem emip sordy. Soň çaşka elimden gaçyp döwüldi. Şondan soň men Dinaradan has hem gorkup ugradym. Dinaranyň bu ýola nädip düşendigi bilen gyzyklanyp oňa sorag baryny berýärdim. Aýtmagyna görä onuň ejesem şeýle eken kakasam. Ýyrtyjy wampir, gana suwsaýan adamlar ekenler. Ony gürrüň bereninden soň dagy asylam has beter gorkmaga başladym. Onuň ejesinde nesil yzarlaýan ýyrtyjy adamhorluk bar eken. Ol bolsa muny adamsyna, eje-kakadanam gyzyna geçipdir eken. Şeýdip nesil yzarlaýan kesel indem gelip-gelip maňa degdi. Meň hyýalyma gyzy öldürip onam köprüden aşak sallap zyňmaly ýa-da bir ýerlere eltip ýakmaly ýa-da gömmeli. Şu zatlar hakda pikir edip otyrkam Dinara meň gujagyma girip elimden tutup ýüzüni elimiň aýasynda goýdy. Men şu wagt bu pidanyň hakyndan çykmagyň wagty diýip pikir etdim. Ýöne gorkdum. Adam aljyrasa dagy näme etjeginem bilenok eken. Şeýdip ony bu gün öýüne ugratdym. Okuwa bolsa näçe gündir gidemokdym. Öz otagymda ýatylýan düşekçämiň aşagynda uly, kakamyň mal soýýan pyçagyny goýdum. Ertesi ony öýe çagyrdym. Ol uly höwes bilen geldi. Öz otagymda garşyladym. Saçak ýazyp iýer-içer ýaly zatlar taýynlaşdyrdym. Nahardan soň ol meň bilen gülüşip-gürrüňleşip oturdy. Soň gapdalyma golaýlap başlady. Soň düşekçämiň aşagyna elimi sokanymda pyçagyň sapyna elim gowy ornaşdy. Soňra pyçagy çekip zarp bilen Dinaranyň bagryndan sokdum. Ol bolsa hylkyldap iki eli bilen egnimden ýapyşyp kellesini aşak oklady. Soňra ýüzüme gan syşrady. Sokulyp-çykarylan pyçaga çydap bilmän, gorkyma saňňyllap ýene bir sapar sançmak isledim. Emma elim ysgyndan gaçdy. Ol bolsa hyrkyldap bir-iki sapar üsgürdi. Şol üsgülek bilenem agzyndan gan akmaga durdy. Bu işi edenime welin ökündim. Ol meniň gujagymda hiç zat gürlemän demi-demine ýetmän maňa seretdi we ýylgyrdy. Men senden razy diýen äheňde bašyny atyp ''Meni öldürip dogry zat etdiň'' diýen ýaly edip sessizje jan berdi. Soň bolsa teni juwwak bolup agaryp ýüzündäki damarlar gögerip görünmäge başlady. Soň ol erbet sowamaga başlady. Özem takyrdap ýatan gaty jesede öwrüldi. Edil gymyldaman duran heýkel ýaly gatady. Ony ýerime geçirip üstüne bolsa ýorgan ýapdym. Öýdäkilere bildirmezlik üçin muny şeýtmelidim. Öýdäkilere bolsa Dinaranyň bu gün sapaklarynyň kändigini aýdyp, özüniňem ýanymda bu günlik ýatjakdygyny aýdyp razy etdim. Bu gün agşamlyk Dinaranyň jesedi bilen men bir otagda ýatdym. Düýşüme onuň ruhy girer, meni gara basar diýen gorky bilenem gijesi bilen ýatman geçirdim. Ertesi oýaly ukuly Dinaranyň ýatan ýerindäki ýorgany serpip aýyrdym welin ne jeset bar, ne gan yzy, ne Dinara bar. Geň zat oň gizläp bilmedik gan yzlary hem ýerde ýok eken. Soňra edil rowaýatlardaky ýaly gana suwsan ganhor adamlar ölse jesedi ýok bolup gidýändigine göz ýetirmäge başladym... Peşeñ ogly AFRASYÝAP | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |