20:51 Gara pişik-ak pişik | |
GARA PIŞIK-AK PIŞIK
Publisistika
Biziñ üçin möhümi býužetimize amatly täzeläp bolaýjak energetika çeşmelerimize we elektrik togy bilen işleýän awtoulaglara eýe bolmakdyr. Muny kimiñ öndürýändigi ikinji mesele Meşhur iñlis futbolçusy we kommentatory Gari Lineker birmahallar "futbol 22 futbolçy we bir top bilen oýnalýan, ahyrynda-da nemesleriñ utýan oýnudyr" diýipdi. Şol günden bäri nijeme ýyllar geçdi we indi nemes futboly-da öñki at-owazasyny ýitiren bolmagy mümkin. Emma bu sözi biziñ günlerimize kybap getirip: "kapitalizm bazar bilen oýnalýan we günbatarlylaryñ utýan oýnudyr" diýse bolar. Eger oýunda günbatarlylar utmaýan bolsa, sen hökman hilegärlik edýänsiñ, şonda ýene günbatarlylar utar ýaly düzgünler girizilýändir. Häzir dünýä ykdysadyýetiniñ uñ uly üç oýunçysyndan ikisi günbatarly. ABŞ we ÝB umuman alanda hyzmatdaş hasaplanjak düşünje gurluşy bilen ýyldyrym çaltlygynda ösüp barýan Hytaýy basgylamaga synanyşýarlar. Mumuñ añyrsyndaky düýp sebäbem Hytaýyñ ABŞ-dyr ÝB-nyñ iş paradigmasyna ugurdaş gitmeýän döwlet mehanizmidir. ABŞ-dyr ÝB-niñ iş düzgünini bilýäris. Döwlet adyl bazar ykdysadyýeti üçin düzgün-tertibi işläp düzüji we şol düzgün-tertibiñ talabalaýyk işlemegini üpjün ediji güýçdür. Çäkli gurallaryñ daşynda bazaryñ işleýişine we gidiş ugruna garyşmaýar. Hytaýda bolsa döwlet tertip-düzgüni işläp düzüji we sazlaýjydan has beter bazaryñ we önümçiligiñ gidiş ugruny-da kesgitleýän güýçdür. Aslynda biziñ ýurdumyz hem uzak wagt bäri şoña meñzeş tagallanyñ içinde. Häzir bu tagallanyñ miwesi bolan 12-nji ösüş maksatnamasy dowam edýär. Emma Günbatara bolan inçe ýakynlygymyz meýilnamalaýyn ykdysadyýetiñ durmuşa geçirilmegini elmydama kynlaşdyryp gelýär diýip bileris. Hytaýda bolsa, partiýa uzak möhletleýin meýilnamalary işläp düzüp, bu meýilnamalaryñ durmuşa geçirilmegini berk talap edýär. Mao Szedunyñ aradan çykmagynyñ yzysüre ädilen ädimler Hytaýy şu günki ösüşine getirdi. Taryh kitaplarynda-da görşümiz ýaly, Hytaýyñ ösüş maksatbamalaryny durmuşa geçirme prosesiniñ azyndan iki gezek analiz edilen bäşýyllyk meýilnamalar däldir. Uzak möhletleýin maksatnamalaryñ durmuşa geçirilmegi netijesinde Hytaý şu günki derejesine gelip ýetdi. Haýyş edýärin, ýalñyş düşünmäñ, bu ýazgynyñ maksady Hytaýy öwmek däl. Diñe Günbataryñ göwnüne ýaramadyk wagty oýnuñ düzgünleriniñ üýtgedilýändigine garamazdan, Hytaýyñ meýilnamalaýyn we uzak möhletleýin ädimler bilen ösýändigini aýtjak bolýaryn. Häzir Hytaýyñ önümçilik meýilnamalary üç esasy ugur boýunça gyzgalañly alnyp barylýar: Elektrik togy bilen işleýän awtoulaglar, batareýa tehnologiýasy, täzelenýän energetika. Hytaýly ygtyýarlylar bu üç tehnologiýanyñ geljegiñ üstüne gurlan strukturadygyny öñünden görüp bilendikleri üçin uzak wagt bäri maýa goýumlaryny şu tehnologiýalara we bularyñ tehniki üpjünçiligine yatyrdylar. Şonuñ üçinem Hytaý häzir şu üç tehnologiýa boýunça dünýäde birinjiligi eýeleýär. Adamlaryñ şu güne çenli uçran iñ esasy problemasy klimat üýtgeşmeleridir. Bu krizisiñ döredýän problemalaryny dünýäniñ hemme ýerinde görmäge başladyk. Klimat üýtgeşmelerini döredenem ýakan kömürimiz, nebitimiz, tebigy gazymyzdyr. Tebigy ýangyja bolan garaşlylygymyz ösen ýurtlaryñ tehnologiýasynyñ ählu adamzada ýaýramagy bilen añsat gutulyp bolmajak ýagdaýa geldi. Meseläniñ ilki göze ilip başlan wagtyndan bäri ösen ýurtlar beter hapa gören tehnologiýalaryny ösüp barýan ýurtlara satyp, özleri olardan diñe çig mal satyn aldylar. Häzir Hytaý, Hindistan ýaly ösüp barýan ýurtlaryñ beter hapa tehnologiýalara eýe bolmagynyñ añyrsyndaky sebäpleriñ birem togsanynjy ýyllardan bäri ösen ýurtlaryñ özlerini arassa görkezjek bolmagydyr. Häzirki gelinen sepgit diñe hapa tehnologiýalaryñ däl-de, eýsem gündelik durmuşda ulanylýan köp tehnologiýanyñam çalyşma isleginiñ barlygydyr. Ösen ýurtlar indi energetikasyny günden we ýelden edinip, bu energetikany üýşürip, ähli sistemalaryny elejtrik togy esasynda gurnajak bolýar. Bärde kiçeñräk bir mesele bar. Olar üç pudagy-da öz ýerlerinde ösdürmek isleýär. Elektrikleşme operasiýasy-da üç esasy ugra gollanýar: tehnologiýa, çig mal, işçi güýji. Bularyñ birinjisinde ösen ýurtlar hernäçe güýçli hem bolsa, çig mal babatda häzir herekete geçmekde gijä galdylar. Täzelenýän energetika we elektrikleşme tehnologiýalarynyñ talap edýän çig mal üpjünçiligik liniýasyny Hytaý uzak tagallalaryñ soñynda gurdy we işe girizdi. Ösen ýurtlardaky işçi güýji-de häzirem Hytaýa garanda gymmat düşýänligunden ýeke-täk artykmaçlygy hökmünde tehnologiýasy galýar. Diñe Hytaýyñ özi eýýäm bu soñky artykmaçlygy-da soñky ýyllarda ösen ýurtlaryñ elinden gañryp almagy başardy. Şu babatda Hytaý dünýä bazarlaryny has arzan täzelenýän energetika we elektrikleşen enhamlar bilen doldurýar. Mundan esasanam ösen ýurtlar nägile. Ösen ýurtlardaky telekeçiler öz bazar sistemalarynyñ içinde önüm öndürmäge mejburdyklary üçin döwlet goldawly önümçilik sistemasyna garşy durup bilmeýärler. Günbatar düşünjesi tarapyndan endoktrinlenmedik bolsañyz, meselä daşardan seretmek beýle-de kyn däl. Bir tarapda bazar ykdysadyýetine goldanyp beýgelen ösen ýurtlar, beýleki tarapda-da meýilnamaly döwlet kapitalizmine arkalanan Hytaý. Daşardan sereden ildeş añsatlyk bilen "Siz nämüçin Hytaýyñ oñarýan zadyny oñaryp bileñzok?" diýip biler. Aýratynam klimat üýtgeşmelerine çykalga tapmaga synanyşýan täzelenen energetika we elektrikleşme çözgütleri agzalanda. "Biz adamzadyñ we bu planetanyñ geljeginiñ gürrüñini edýäris, siz hytaýly öndürijileriñ haksyz bäsdeşliginiñ täzelenen energetika pudagyna has arzan önüm öndürýänliginden. Siz näme üçin şolañ edenini edip bileñzok? Edil häzir hemmämiz has köp we has arzan täzelenen energetika mätäçlik duýýarys". Bulam bizi Den Sýaopiniñ meşhur sözüne salgylanmaga iterýär: "Esasy zat pişigiñ gara ýa aklygy däl-de, syçany tutup bilmegidir". Biziñ üçinem möhümi býužetimize amatly täzeläp bolaýjak energetika çeşmelerimize we elektrik togy bilen işleýän awtoulaglara eýe bolmakdyr. Muny kimiñ öndürýändigi ikinji meseledir. Elbetde, ösen ýurtlar munuñ garşysynda dürli taktikalara ýüz urar we düzgün-tertip üýtgeşmelerini geçirer. Emma nämäniñ has möhümdigini gözden sypdyrmalyñ. Planetanyñ geljegi mümkingadar çalt täzelenen energiýa tehnogiýalaryna geçip bilmegimize bagly. Sözi edilýän planetanyñ we biziñ şol planetadaky geljegimiziñ soñuny soñ görübereris. Lewent KURNAZ. mlkurnaz@gmail.com "T24" internet gazeti, 17.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |