13:32 Geçmişiñ sedasy siñen ýerler | |
GEÇMIŞIÑ SEDASY SIÑEN ÝERLER
Taryhy ýerler
Nobatdaky arheologik tapyndylar türkmen paýtagtynyň gadymylygyny tassyklaýar. Golaýda Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar. 2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy. Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi. Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň, takmynan, ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwuklygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky iki müň ýylyň dowamynda häzirki Aşgabadyň çäginde we onuň töwereklerinde galalaryň, mülkleriň, oturymly ýerleriň tutuş ulgamy ýerleşipdir. Olar biri-birinden ep-esli aralykda ýerleşipdir. Şol ýerde, gadymy Köşi türkmen obasynyň ýerlerinde, baryp geçen asyryň ortalarynda Parfiýa döwrüne degişli uly galalaryň ikisini we uly bolmadyk harabalyklaryň hataryny görmek bolýardy. Türkmenler uly depäni Köne gala diýip atlandyrypdyr. Onuň beýikligi 13 metre barabar bolupdyr we çig kerpiçden gurlan desgalaryň galyndylaryny saklap galypdyr. 70 ýyla golaý mundan ozal alymlar hem-de «Ýaş taryhçy» jemgyýetine giren aşgabatly talyplardyr mekdep okuwçylary bu depeleri öwrenipdirler, birnäçe taryhy galyndylary ýüze çykarypdyrlar. Şeýle hem taryhçylar häzirki Aşgabadyň merkezi bölegindäki oturymly ýeriň eýýäm şol döwürde uly şäher görnüşinde bolandygyny çaklaýarlar. Ol kärizler ulgamy bilen gurşalypdyr hem-de suw geçiriji ulgama eýe bolupdyr. Şol döwürde Türkmenistanyň çägindäki suw geçirijiler nähili bolupdyr? Olar bişen toýundan ýasalan berk turbalar bolupdyr. Şol turbalar paýtagtymyzyň «Gülüstan» söwda merkeziniň golaýynda telefon kabeli çekilen mahalynda tötänden ýüze çykarylan turbalara meňzeşdir. Bu ýagdaý geçen asyryň edebiýatynda beýan edilen, hakykata laýyk gelmeýän pikiri ret edýär. Şol pikire laýyklykda, Aşgabadyň merkezi bölegi XIX asyryň ahyrynda boş ýerde peýda bolupdyr. Umuman, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini we arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini 2018 — 2021-nji ýyllarda wagyz etmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri eýýäm bu ylmy-barlaglaryň ilkinji netijeleri barada habar berdiler. Ýakyn geljekde biz arheologlaryň täze açyşlary hem-de ussat restawratorlaryň üstünlikleri barada hem ençeme gezek eşideris. «Nesil» gazeti, 15.09.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |