00:41 Gel bizim sary | |
Sahypjemal
Asly Änewli bolup, Büzmeýinde (häzirki Abadan) ýaşan 72 ýaşly Sahypjemal atly şahyr zenandan 1914-nji ýylda Alyşbek Alyýew birnäçe goşgularyny ýazyp alyp, olary 1915-nji ýylda Aşgabatda çykýan ''Ruznamaýi-mawera-ýi bahri hazar'' atly gazetda we Bakuwda (Azerbeýjan) çykýan ''Gurtulyş'' atly jurnalda çap edilipdir. Soñky ýyllarda edebiýatçy alymlardan R. Alyýew (1967 ý) we A. Oraztaganow (1991) Sahypjemalyñ döredijiliginiñ käbir taraplary bilen okyjylary tanyşdyrdylar. ▶ Gel bizim sary Gara gözlim, meni ýat et, Üç günden bir, dört günden bir; Gamgyn köñlüm birje şat et, Üç günden bir, dört günden bir. Garşydan bakarlar Aýa, Rehm eýle bu binowaýa, Sallanyp gel biz obaýa Üç günden bir, dört günden bir. Sahypjemal, diýer ýary, Ýüregimde ýakma nary, Söýgülim gel bizim sary, Üç günden bir, dört günden bir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |