GENRIH FON KLEÝST
Bernd Genrih Wilgelm fon Kleýst, nemes şahyry, nowellaçy, dramaturg.
Tanymal nemes şahyry Genrih fon Kleýst 1777-nji ýylyñ 18-nji oktýabrynda Germaniýanyñ Oder boýundaky Frankfurt şäherinde ştabs-kapitan Ioahim Fridrif fon Kleýstiñ we onuñ ikinji aýaly Ýuliýan Ulrikiñ maşgalasynda dünýä indi. Ýeter-ýetmezçilikli durmuşda ýaşansoñ, oñly bilim alyp bilmedik gelejekki şahyr kakasynyñam aradan çykmagy bilen 1792-nji ýylda prus goşunyna girýär. 1799-njy ýylda ejesiniñ aradan çykmagy zerarly leýtenant çini bilenem goşundan çykmaly bolýar.
Harby goşunyñ hataryndan çykansoñ Wiadrin unuwersiteinde hukuk we filosofiýa ugrundan okaýar. 1800-nji ýylda Berlinde Maliýe ministrliginde işe başlaýar.
1801-nji ýylda Kleýstiñ ugur-utgasyz psihologik ýagdaýy («чёрную меланхолию») ony Pariže syýahat etmäge iterýär we ondan soñ Şweýsariýa ýerleşýär. Şol ýerde özüniñ ilkinji drama eseri bolan "Şroffenşteýnleriñ maşgalasy" pýessasyny ýazýar.
1802-nji ýylyñ soñlarynda Germaniýa dolanan Kleýst Weýmarda Gýote, Şiller, Wieland ýaly tanymal şahslar bilen duşuşýar.
Az wagtlyk Leýpsigde we Drezdende bolandan soñ ýene Pariže dolanan Kleýst Berlindäki iş ýerini Kýongsbergdäki döwlet edarasyna öwürýär. 1807-nji ýylda Drezdene barýarka fransuz esgerleri tarapyndan jansyzlykda aýyplanyp tussag edilýär. Türmeden çykyp Drezdene giden Kleýst Adam Mýuller bilen sataşýar we onuñ bilen bile 1808-nji ýylda "Phöbus" ("Feb") gazetini çykaryp başlaýarlar.
Kleýst 1809-njy ýylda Praga gidýär we ondanam ýene Berline gelýär. Ol Berlinde "Berliner Abendblätter" gazetini çykarýar.
Çaklamalara görä şahyr şol wagtlar özi ýaly durmuşdan halys doýan Genrietta Fogel atly bir kompozitor aýal bilen "gezip" başlaýar.
Olaryñ gatnaşygy soñabaka has çynlakaý görnüşe geçýär, iki tarap hem biri-birini däli-porhan bolup söýýär.
Fogel 1808-nji ýylda az mukdarda bolan rak keseliniñ özünde 1811-nji ýylda ýokary derejä çykandygy görýär. Ol ýagdaýyny şahyra aýdýar we bu keselden öler ýaly gorkýandygy üçin ondan özüni öldürmegi haýyş edýär. Kleýst bolsa söýgülisine bile ölmegi teklip edýär. Olaryñ ikisi-de mundan beýläk ýaşamaga hiç hili sebäp tapmaýarlar we bile ölmek üçin özara ylalaşýarlar. Lukmanlar hem Fogele uzak ýaşamajagyny aýdypdylar, bu bolsa olaryñ bu niýetini hasam çaltlaşdyrmaga bahana bolýar.
Kleýst we Fogel 1811-nji ýylyñ 21-nji noýabrynda ir bilen Berliniñ etegindäki Kleýner Wannsi kölüniñ boýunda bilelikde ertirlik edinýärler. Soñra Kleýst sapança bilen söýgülisi Genriettäniñ ýüreginden atýar, yzyndanam sapançany agzyna diräp, özüni-de öldürýär.
Kleýstiñ öz janyna kast etmeziniñ öñ ýany ýazyp giden bir sahypalyk hatynda şu setirler ünsüñi çekýär:
“...Bar gepem şunda: Maña bu planetada hiç wagt hiç kimiñ kömegi degmedi".
(«Истина в том, что мне ничто не подходит на этой Земле»)
Ýanaşyk jaýlanan aşyklaryñ mazarynyñ başujyna bolsa: "Aýdym deýin ömür sürdi, gam-gussalar ýuwdup gezdi, agyr günleri başdan geçirdi, ölümi gözledi we bakylygy tapdy" diýlip ýazylypdyr.
Kleýst tutuş ömrüni ideal we hyýaly bagtlylygy tapmaga bagyş etdi. Bu maksat köplenç onuñ eserlerinde hem öz mynasyp beýanyny tapdy.
Onuñ pýessalaryna dartgynlylyk we tragediýa mahsusdyr. Ol öz döwründe demirgazyk Germaniýanyñ iñ görnükli romantist dramaturgy hasaplanypdyr we häzirem şeýle hasaplanýar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly