13:30 Geptorbanyñ galyndysy | |
GEPTORBANYÑ GALYNDYSY
Degişmeler
- Özümiñ şahyrlyk zehininden mahrumdygyny näçe ýyl geçenden soñ bilip galdym. - Ýeri onsoñ indi ýazañokmy? - Indi giç. Eýýäm belli şahyr boldum. * * * - Sen bu günler görneñok-la, näme işleýärsiñ? - Roman ýazyp gutaryp barýaryn. Ony saña okap berenimden soñ, ýene bäş bap ýazdym, iki hepde bäri agşamlaryna goñşyma okap berýärin. - Bolaýypdyr, oña geregem şo-da... * * * Bir şahyr beýlekä ýüzlenip: - Meniñ häzire çenli hiç kimiñ ýazmadyk, soñam ýazmajak temasyndan goşgy döredesim gelýär - diýipdir. - Ondan añsat zat ýok - diýip, ýoldaşy oña göwünlik beripdir. - Özüñ hakda öwgüli goşgy ýazaý! * * * Kitap satýan adamdan söwdanyñ gidişini soraýarlar. Şonda ol: - Örän erbet - diýip jogap beripdir. - O näme üçin? - Sebäbi, puldarlar-a bisowat, sowatlylaram pulsuz. Şeýle ýagdaýda-da, heý, oñly söwda bolarmy?.. * * * Ýanyna gelen dosty bilen gümür-ýamyr edip oturan hudožnik: - Mende bir pikir döredi. Ilki şu otagyñ hemme diwarlaryny agardyp, soñam surat çekmekçi. Nähili görýäñ? - diýip ýüzlenende, ýoldaşy şeýle maslahat beripdir: - Tersine etseñ, gowy bolar. Ilki diwarlara surat çekip çyk-da, soñam ussany çagyryp, agartdyr. * * * Bir gezek şahyr Enweri Balhyñ bazaryna aýlanyp ýörkä, üýşmek mähelläniñ üstünden barypdyr. Märekäniñ ortasynda duran biri şahyryñ goşgularyny okaýarmyş. Adamlaram hezil edip ony diñleýärmişler. Enweri ol adamyñ ýanyma baryp: - Okaýan goşgularyñ kimiñkidigini bilýärmiñ? - diýip sorapdyr. - Elbetde, bilýän, Enweriniñki. - Sen Enwerini görüpmidiñ? Ony tanaýarmyñ? - Heý, tanamanmy? Men onuñ özi ahyryn! - Eý, toba! Goşgynyñ ogurlanýandygyny gördük, ýöne şahyryñ ogurlanýandygyny henize çenli görmedik! - diýip, Enweri uludan demini alypdyr. * * * - Sakgaldaş, düýnki toýuñ bagşysyny neneñ gördüñ? - Tüýs jöwen bişende aýtdyraýmaly bagşy eken. * * * Özüne göwni ýetýän hondanbärsi ýaş aýdymçylañ biri ýaşuly bagşylaryñ birine gygyryp aýdym aýdyp beripdir-de: - Meñ sesim heý der-de ýarajakmy? - diýip sorapdyr. - Hawa, zerur ýagdaýlarda derde ýaratsa boljak - diýip, ýaşuly çyny bilen gürläpdir. - O nähili zerur ýagdaýlarda? - diýip, ýaş aýdymçy gyzyklanypdyr. Ýaşuly bagşy bolsa oña şeýle jogap beripdir: - Ynha, aýdaýyn, sirena signaly işlemeýän "Tiz kömek" hem-de ýangyn söndüriji maşynlarda ulansa bolar. * * * Bir aljyraññy ýigit kitap dükanyna giripdir-de, sen-men ýok, şeýle diýip sorapdyr: - Sizde "Wyždan" barmy? - Näme diýdiñ?! - diýip, satyjy ör-gökden gelipdir. - Täze çykan "Wyždan" romany barmy diýip soraýan! * * * - A gyz, adamym halys günüme goýanok. Mydama teatrdan işden çyk diýip, bir depen ýerini depip dur - diýip, bir aktrisa jorasynyñ ýanynda zeýrenipdir. - Adamyñy tomaşaçylar satyn alan bolaýmasyn? - diýip, jorasy jogap beripdir. * * * Ussat sazanda Jepbar Hansähet Mollagara şypahanasynda bolanda, ýerli öwrenjäniñ biri her gün dutaryny gujaklap gelip, ne çaý-çöregini iýdiripdir, ne-de dem-dynç aldyrypdyr. Ol her sazy çalyp bolandan soñra: - Jepbar däde, elim nähili? - diýip, soraýan eken. Tagam-tagsyrsyz "tiriñ-tiriñlerden" halys ýadan halypa ahyry: - Inim, şu eliñi başga bir ýerde ulanaýmasañ, ýürek edip, dutara ýetirer ýaly däl - diýip gepini lokgalapdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |