13:14 Golliwudyñ gizlin simwollary -1: Aý ritualy | |
GOLLIWUDYÑ GIZLIN SIMWOLLARY
Teatr we kino sungaty
▶ AÝ RITUALY Häzirki wagtda "metbugat azatlygy" ýa-da "kino sungaty" diýen düşünjeleriñ döwrüñ hapysalyklaryna bulaşman arassa bolup galmagy asla mümkin däl. Gynansak-da, birgiden şereketler halkara teleýaýlymlary gurmak we kinofilmlere sponsorlyk etmek arkaly erkinlik we sungat ýaly "tämiz" galmagy hökmany düşünjeleri ýykyp-ýumrup, özleriçe gurýarlar, netijede biziñ öñümize düýbünden başga formadaky zatlar çykarylýar. Belki-de, metbugat azatlygy başga makalanyñ temasydyr welin, şu ýerde käbir hususlara ünsüñizi çeksek gowy bolardy. Amerikanyñ "MSNBC TV" telekanaly "Microsoft" we "General Electric" şereketleriniñ şärikdeşliginde guruldy. "NBC"-niñ hojaýynlary "MS Microsoft"-niñ wekilleridir. 2000-nji ýylda ABŞ-da prezident saýlawlarynda J.Buşuñ kürsä gelmegi üçin "General Electric" şereketiniñ 1.1 mln dollar, "Microsoft" şereketiniñ 2.4 mln dollar eçilendigini köp kişi bilýänem däldir. "CBS" telekanalynyñ hojaýynlarynyñ kimligini yzarlap görýäñ welin, arkasynda "Westinghouse Electric Company" şereketin çykýar. Ketdesi bolsa Frank Karlukkidir. Karlukki şol bir wagtyñ özünde "Carlyle Group" şereketiniñem başlygy. Bu şereket 2000-nji ýylyñ aýaklaryndaky Yrak okkupasiýasyny körükleýjileriñ biridir. Şereketiñ geçmiş sahypalaryny waraklaýañ welin, onuñ hasabyna Bin Ladin we J.W.Buş ýaly adamlaryñ pul goýumlaryny goýandyklaryny görýärsiñ we añymyzda biygtyýar ýagdaýda ullakan bir sorag alamaty peýda bolýar. "Viacom International" şereketiniñ eýeçilik edýän telekanallaryna seredenimizde "Paramount Television", "Spelling Television", "MTV", "Showtime", "Nickelodeon" we "The Movie Channel" ýaly gibi strategik kanallary garşymyza çykýar. "Paramount Pictures" bolsa Golliwudyñ läheñlerinden biri. Bu şereketiñ meýilleşdirýän kinotaslamalary biri-birinden beter gözeilginç we añyýetimize hüjüm edijilikli häsiýetde. Olaryñ her birini aýry-aýry makalalarda derñemek gerek. Şeýle-de, ähli temmäki önümlerini öndüriji "Phillip Morris" şereketi Jorj W.Buşuñ saýlaw kampaniýasynda 2.9 million dollar eçilipdi. Haýran galaýmaly, "Fox TV", "The London Times", "New York Post" we Golliwudyñ läheñlerinden "Twentieth Century Fox" kinoşereketi şol bir adam bolan Rupert Merdokyñ elinde. "Fox Movies" hem Golliwudyñ iñ strategik kinofilmlerini çykarmakda birinji orny eýeleýär. "Time Warner" şereketiniñem J.W.Buşuñ saýlaw kampaniýasyna 1.6 million dollar eçilmegine geñ galarlyk zat ýok. ABŞ-da 15 milliona ýakyn işjeñ agzasy bolan "CNN", "HBO", "Cinemax", "Turner Network Television", "Warner Brothers Television", "Cartoon Network", "Sega Channel", "TNT" we "Comedy Central" ýaly kabelli telekanallar onuñ eýeçiligindedir. Şol sanda bu şereketiñ "HBO Independent Productions", "Warner Home Video", "New Line Cinema", "Looney Tunes" ýaly kuwwatly şahamçlary-da bar. Metbugat serişdelerini öz holtumyna dykan 33 žurnalyñ arasynda "Time", "People", "Fortune", "In Style", "Sports Illustrated" ýaly žurnallaryñ barlygyny ýatlaman geçmek bolmaz. Diñe "Time" žurnalynyñ tiražy 3,5 milliona ýetýär we dünýäde 40 million okyjysy bar. Ýagny, "Time Warner"-iñ diñe bir özüniñ halkara täsir edijiligi 400 million adama golaýlaýar. Munuñ bilenem gutaranok. Şereket "AOL" bilen bileleşip öz kuwwatyny hasam artdyrdy. Bu güýç-kuwwatyñ diñe belli bir ugra gönükdirilýändigini, "Time Warner"-iñ global añ gözegçiliginde Queen/Wezir roluny ýerine ýetirýändigini aýtsak, onda bu sözümizi subut edip biljek köpsanly delili-de orta atyp bileris. • "Disney Company" "ABC" habarlar gullugynyñ, "ESPN", "Miramax", "Touchtone Pictures" şereketlerine eýeçilik edýär. 2000-nji ýylda 640 müñ dollar eçilmek bilen J.Walker Buşuñ arkasynda durdy. Bularyñ arabaglanyşyk tory hernäçe buýr-bulaşyk ýaly bolup görünse-de, elçyrasyny her tutan ýerimizde şol bir zada gözümiz düşýär. Iñ bärkisi, Owganystan we Yrak okkupasiýalaryny taslanlaryñ metbugat we kinomatografiýa sektorlaryny nähili ulanandyklaryny, habarlary "bitaraplyk" tagmasy bilen nädip diñe bir tarapyñ bähbitlerini goramak maksady bilen dykgatymyza ýetirendiklerini aýyl-saýyl etmek mümkin. Global žurnalistika diýen düşünje, telewizion we kinomatografiýa sektory halkara maýadarlaryñ el ujundaky pudaklardyr diýip boljak derejede bir-birleri bilen baglanyşyklydyr. Şonuñ üçinem metbugat azatlygynyñ, sungatyñ we medeni çäreleriñ diñe adynyñ ýöräp, özeniniñ başga-başga zatlar bilen doldurylandygyny gypynç etmän aýtsa bolar. Nämä gülmelidigimiz, nämä aglamalydygymyz, haýsy habary eşitmeli, haýsylaryny "eşitmeli däl", çagalarymyza haýsy multifilmleri tomaşa etdirmeli, özümiz haýsy teleseriallaryñ muşdagy bolmaly ~ bu zatlaryñ barysy öñünden taýýarlanylýar we berk gözegçiligiñ astynda dozalary inçeden-inçe hasaplar bilen añ damarlarymyza goýberilýär. Häzirki döwürde diñe iýmitleriñ däl, konsepsiýalaryñam genetikasy üýtgedilip, şol bir at bilen öñümizde goýulýar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda bizem ähli konsepsiýalary gaýtadan gözden geçirmegimiz we täzeçe düşündirmegimiz gerekdir?.. Biziñ köpümiz Golliwud tagmaly kinofilmlerde hristianlyk propogandasy edilýär diýip düşünýäris. Bu pikir şeýle bir ýaýrapdyr welin, munuñ şeýle däldigini subut etmek mümkin däl. Sahnada haýsydyr bir buthananyñ jañ sesini eşdenimizde, çokundyryş epizodlaryna duş gelenimizde ýa-da haç yşaratlaryny görenimizde bu pikiriñ dogrulygyny görkezýän deliller diýip düşünýäris. Ýagny, kinofilmlerde käbir yşaratlaryñ, simwollaryñ ulanylýandygyny anyk bilýäris. Ýöne biziñ görüp bilýänimiz we aýyl-saýyl edip bilýänimiz bary-ýogy şulardan ybarat. • Eýse, aýyl-saýyl edip bilmeýänlerimiz nämelerkä? Mel Gibsonyñ barypýatan katolikdigi hemmelere mälim. Ol hristianlygyñ bähbidine "Isanyñ yzalary" kinofilmini ekranlaşdyrdy, kinofilmden düşen girdejini bolsa Watikana we Rim papalygynyñ gözegçiligindäki missionerlerlik hereketleriñ geriminiñ giñemegi üçin jan edýän guramalara eçildi. • Ýogsa-da bu film hakykatdanam hristianlygyñ bähbitlerine hyzmat edýärmikä? Kinofilmiñ "Injile" çapraz gelýän sahnalaryny näme bilen düşündirip bolar? Iñ esasy sorag bolsa, Watikan hakykatdanam hristian dininiñ bähbidi üçin döredildimikä? "Isanyñ yzalary" ("The Passion of the Christ" / "Страсти Христовы") kinofilminde käbir gözeilginç sahnalara ünsüñizi çekeliñ. "Injilde" behiştden gelen bir perişdäniñ Isanyñ gözüne görnendigi we onuñ bilen gepleşendigi aýdylýar. Emma filmde Isa bilen gepleşmäge gelýän aýal sypatyna giren şeýtan gelýär. Isa haça çüýlenende-de bu "aýal" görünýär, onuñ gujagynda çaga bar, ýöne bu çaganyñ "Antihrist", ýagny Deçjaldygyny añmak kyn däl. Ýagny bu epizodda hristian ynanjynda Hudaýyñ ogludygy öñe sürülen Isa bilen şeýtanyñ ogly Deçjalyñ umumylygy bar. Deçjal ýañsylaýjy görnüşde gülümsireýär. Bu pursat we sahna katolik buthanalaryndaky "Merýem we onuñ gujagyndaky çaga - Isa" freskalarynyñ bire-bir kopiýasydyr. Bu sahnanyñ filme nähili we näme üçin girizilendigi näbelli bolup galýar. Hiç bir dini çeşme Hezreti Isanyñ pygamber bolmanka şeýtan bilen duşuşandygyny ýazmaýar. Ýöne onuñ filmde şeýtan bilen duşuşýan sahnasynda Aý ritualynyñ ulanylmagy üstünde giñişleýin durlup geçilmeli mesele. Çünki Aý simwolizminiñ kökleri iññän gadymy döwürlere uzaýar. Filmde dolan Aýyñ astyndaky Isa biçäre halda arami dilinde Hudaýdan dalda isleýär. Edil şol wagtam onuñ ýanyna şeýtan gelýär, dolan Aýyñ üstünden bolsa gara bulutlar geçýär. Biz edil şol wagt şeýtanyñ näme üçin aýal sypatynda görünendigine akyl ýetirip bileris. Aýyñ garañky tarapy ibrany mifologiýasynda Lilit personažy bilen baglanyşdyrylýar. Lilit köplenç ýylan sypatynda suratlandyrylýar. Hut şol sahnada-da, Aý garañkylyga bürenenden soñra, şeýtanyñ aýaklarynyñ arasyndan bir ýylan süýşenekläp gelýär. Ýylan Isa pygambere golaýlaşanda, Isa ony depgilemäge çalyşýar. Hristian ynanjynda Gün Hezreti Isanyñ simwoly hökmünde gelýär. Isanyñ keşbi köpsanly suratlarda arkasyndan dogup gelýän Gün bilen bile çekilipdir. "Injil" Isa bilen şeýtanyñ hiç haçam bir ýerde bolup bilmejekdigini öñe sürýär. Bu bolsa Aý bilen Günüñ bir ýere gelip bilmejekdigi baradaky düşünjäni simwollaşdyrýar. Isanyñ Lilit bilen duşuşmagy-da şu nukdaýnazardan simwoliki sahnadyr. Film Isanyñ wekilçilik eden ähli gymmatlyklaryny ýeñlişe uçran halda tamamlanýar. Şeýtanyñ Isany ýeñendigi baradaky duýgy filmiñ tutuş süññüne siñdirilipdir. Kinofilme tomaşa edip bu ýagdaýa siñe üns berenler filmiñ asla hristianlyk propogandasy däldigine göz ýetirerler. • Metafiziki hasyl Golliwudyñ kinofilmlerinde ulanylýan simwollaryñ düýp manysyna düşünmek üçin, megerem, tebigata, gadymy ynançlara, älemiñ gurluşyna göz aýlamak gerek. Çünki simwollar arkaly aýdylmak islenýän zatlar bilen sahnada göni görkezilýän zatlar biri-birine çapraz gelýär. Tebigatda her pasylyñ özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Käbir ir-iýmişler belli-belli aýlarda ýetişýär, käbir balyklary diñe belli bir wagtda tutup bolýar. Her ekin meýdanynyñ aýratyn hasyl toplanýan wagty bar. Älem aýlanyp duran çarhypeleklere bölünen mysalydyr. Her çarhypelegiñ manysy, maksady, peýdasy we zyýany biri-birinden tapawutlydyr. Ýogsa-da, bu sistema metafiziki älem üçinem şeýlemikä? Ýagny käbir gijeleriñ, günleriñ, aýlaryñ we döwürleriñ beýlekilere görä aýratynlyklarynyñ bardygyny aýdyp bolarmy? Fiziki kadalaryñ metafiziki dünýäde-de ulanyp bolaýjak teoriýadygyny öñe sürenimizde, ähli dini mazmunly ynançlaryñ "aýratyn gün" diýip hasap eden günlerinin we gijeleriniñ bardygyny görýäris. Orta atan teoriýamyzyñ hut şu nukdaýnazardan hem dogrulygyna ynanýarys. Bu aýratynlyklaryñ ählisi aýlanyp duran çarhypelek sistemasynyñ önümidir. Hristianlykda Hellouin ("Happy Halloween" - Angliýada, Irlandiýada, ABŞ-da, Kanadada bellenilýär), Pasha, Noel, yslamda Haj möwsümi, mübärek aýlar, baýram günleri we anna gijeleri, ýewreýlerde Roş ha-Şana (ýewreýleriñ Täze ýyly Ýom Kippur (Toba güni), Pesah (ýewreýleriñ Müsürden köpçülikleýin çykan güni) ýaly belli-belli günler metafiziki hasylyñ netijeli hasap edilýän wagtlarydyr. • Ýogsa-da, ýaramazdygyna ynanylan şer güýçleriñem herekete geçýän aýratyn gijeleri bolup bilermi? 1975-nji ýylda ekranlaşdyrylan "Gara Aý" ("Black Moon" / "Чёрная луна") kinofilmi aýal bilen erkegiñ arasyndaky mental garpyşykdan söz açýar. Iki adam jynsy Aýyñ iki tarapyna meñzedilýär. Haýyr bilen şeriñ göreşi Aý ritualy bilen simwollaşdyrylýar. Aý spiritualizmde aýal bilen baglanyşdyrylýar. "Gara Aý" düşünjesi dolan Aýyñ ters tarapydyr. Dolan Aý aýyñ iñ aýdyñ, iñ ýagty gijesi bolsa, "Gara Aý" hem onuñ iñ garañky gijesidir. Bu gije ýylda 13 gezek duş gelýär. Bu tümlük gijelerde ähli şer güýçler herekete geçýärmişler, ezoterik ynançlara görä bu gijede edilen bet maksatly doga-jadylaryñ täsir edijilik güýji uly bolýarmyş. "Garri Potter" kinofilminde Remus Lupin diýen personaž hut şeýle tersokan jadygöýüñ biridir. Onuñ lakamy hem Munidir (Moony), ol Aý dolan wagtynda möjege öwrülýär. "Gara Aý" pida ediljek adamyñ gününe yşarat edýär. 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolup geçen terakt hem "Gara Aý" gijesinde bolup geçdi. Bütin dünýäni sarsdyran bu wakanyñ şeýle günde bolup geçmegi tötänlikmi ýa dälmi, muny, elbetde, jedelleşmek gerek. Golliwudyñ önümçiliginden çykana "Alagarañkylyk" ("Twilight" / "Сумерки") kinofilmler tapgyry hem tersokanlygyñ we pida edilen adam mynasybetli gurnalýan dabaralaryñ simwollaryny ulanýar. Kinofilmler tapgyrynyñ ähli bölümleri "Aý ritualyna" indeksleşdirilipdir. Tersokanlyga eýerýänleriñ (Wikka [wicca] taglymatynyñ) dünýä boýunça sanynyñ azlygyna garamazdan, sungat eserlerini öz täsirine almagy adatdan daşary üstünlikdigini bellemek gerek. Munuñ üçin olar kinoşereketlere minnetdar bolmalydyrlar. Global añ gözegçilik merkezleri paganizm we wikka taglymatlaryna aýratyn üns bilen çemeleşip, bu çüýrük ynançlaryñ simwollaryny çykarylan her kinofilme ussatlyk bilen siñdirmegi başarýarlar. • Lilit simwolikasy Lilit ýewreý okkultizminde Hezreti Adam atanyñ birinji aýaly hasaplanýar. Ol adamsyny How eneden gabanyp, ondan bolanlary öldürjekdigine äht edýär. Lilit bäbek ölümleriniñ we göwreli aýallaryñ çaga düşmeleriniñ sebäpkäridigine ynanylýar. Ýagny, ol metafizik keşbe girip, her dünýä inen çaga musallat bolýarmyşyn. Onuñ Aýyñ garañky tarapy bilen alamatlandyrylmagy gözeilginçdir. Lilit bir çaga ogrusydyr, onuñ çaga ogurlygy baradaky rowaýaty ençeme amerikan kinofilmlerine tema bolup geldi. Barmak büküp sanardan kän bu mysallary hut şu nukdaýnazardan aýyl-saýyl etmelidiris. 1989-njy ýylda ekranlaşdyrylan "I Know My First Name is Steven" ("Я знаю, что моё имя Стивен") kinofilminde ogurlanan ýedi ýaşly çagajygyñ kyssasy beýan edilýär. Maşgalasy tarapyndan oñly idi-issiwat edilmeýän Stiwen başga bir şähere göçensoñlar, hasam ýekesireýär. Ýeke özi içini hümledip ýörkä azgyn biri tarapyndan alnyp gaçylýar we birnäçe ýyllap jynsy zorluga sezewar bolýar. "Ýaramaz" güýç tarapyndan "alnyp gaçylan" çaganyñ gören jebir-jepasy ýadyña Lilitiñ eden kasamyny düşürýär. 1995-nji ýylda ekranlaşdyrylan "The City of Lost Children" ("Город потерянных детей") kinofilminde suratlandyrylan Aý şuglasy, garañkylygyñ höküm sürýän ýerasty dünýäsiniñ gurluşy we kadalary düýpgöter tapawutlanýar. Krank atly personaž çagalaryñ düýşlerine girmäge ukyply añ gözegçilik hünärmenidir. Kinofilmde Aý, ýitirim bolýan çagalar we añ gözegçilik konsepsiýalary üns bermäge degişli. 1976-njy ýylda ekranlaşdyrylan "The Omen" ("Омен"), 2000-nji ýylda ekranlaşdyrylan "Bless the Child" ("Благословите Дитя"), 2007-nji ýylda ekranlaşdyrylan "Whisper" ("Шептать") ýaramaz güýçleriñ eline düşen çagalar baradaky kinofilmlerdir. Ýagny, "alyp gaçma" simwoly bu gezek ruhumyyzyñ alnyp gaçylmagy manysynda garşymyza çykýar. 2003-nji ýylda ekranlaşdyrylan "The Missing" ("Пропaвший без вести") kinofilminde transformasiýa, ýagny keşpden keşbe geçmek ukybyna eýe bolan ýaramaz güýç tarapyndan ogurlanan bir gyzyñ kyssasy beýan edilýär. Özem şol gyzyñ adynyñ Liliýa bolmagy tötänlik däl bolsa gerek. Dartgynly epizodlardan we elhençliklerden doly bu kinofilmlerde ulanylýan rituallar köplenç köpleriñ gözüne ilmän galýar. Aý iñ gadymy paganistik dinlerden bäri, birnäçe zady alamatlandyrmakda möhüm simwollaryñ biri bolup gelýär. Aý gijäniñ we tümlügiñ simwoly hasap edilmek bilen birlikde, tümlügiñ nyşany bolan ýaramazlyklary hem alamatlandyrýar hem-de her günde ýüzüni çalyşýar. Ol bu babatda özgerip, täzelenip durmaga ukyplydyr. Gadymy Wawilon ynanjyna görä "Sin" Aý hudaýydyr. Iñlis dilinde "günä" diýmegi añladýan "sin" sözi hem şu gadymy adalga bilen baglanyşykly sözdür. 2005-nji ýylda Frenk Milleriñ romany esasynda ekranlaşdyrylan "Günä şäheri" ("Sin City" / "Город грехов") kinofilminiñ ähli sahnalarynyñ Aýyñ ýagtysynda düşürilmegi tötänlik däldir. Golliwud kinofilmlerindäki simwollaryñ çuññur we bir-birinden tapawutlydygyna garamazdan birnäçe siññitli yşaratlary berýän manylary bar. Ýöne bular nämä yşarat edýär? Ol yşaratlar arkaly näme diýilmek islenýär? Bölek-büçek yşaratlar birleşdirilende orta näme çykýar. Söhbetimiziñ indiki bölümlerinde ähli ownuk yşaratlary birleşdirip, eliñize "Golliwud simwollarynyñ bitewi kartasyny" bermäge çalyşarys. # USA_SABAH | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |