Türk detektiw ýazyjysy Gonja Çiftçiogullary 1968-nji ýylda Türkiýäniñ Kaýseri şäherinde doguldy. Başlangyç bilimi Kaýseride, orta bilimi we liseýi Ankarada okady.
G.Çiftçiogullary Egeý uniwersitetiniñ filosofiýa bölümini okap gutarýar. Zähmet karýerasyna "Kredi Yurtlar" edarasynyñ garamagyndaky Halide Edip Adywar adyndaky gyzlary taýýarlaýan mekdepde başlaýar. Soñra mugallymlyk kärine geçýär. Ikinji işläp başlan ýeri bolan Siwasda gelejekki adamsy bilen tanyşýar we ondan iki çagasy bolýar. On bäş ýyl Adyýamanda ýaşan ýazyjy käbir ýerli gazetlerde we internet saýtlarynda makalalar bilen ýygjam çykyş edýär. Şekillendiriş sungatyna-da ýakyndan gyzyklanma bildirýän ýazyjy öz ýerine ýetiren işleri boýunça hem sergi gurnady.
Gonja Çiftçiogullary döredijilige kyrk ýaşyndan soñ girişdi.
Onuñ "Öwezine şeýle bir..." atly romany sýužet taýdan hassahanada iki gyz doganyñ bir oglana aşyk boluşlary barada dramatiki eserdir.
Aslynda ol söýgi temasynda ýazylan eserdigine garamazdan, ekşn we dartgynly pursatlardan doly eser boldy. Şeýlelikde ýazyjynyñ söýgi we ekşn temaly detektiw eserleri ýazmaga bolan höwesi artýar. Onuñ soñky ýazan kitaplary-da şu žanrdadyr.
Ýazyjynyñ on bäş Adyýamanda ýaşamagy oña wakalary şol ýerde bolup geçen bir kitap ýazmagyñ pikirine getirýär we "Ýüzleşme" romanlar tapgyrynyñ birinji kitaby bolan "Günüñ gyzyny" Adyýaman we onuñ ýerli halky hakynda gürrüñ bermek maksady bilen ýazylýar.
Kitap detektiw-fantastiki žanrda ýazylanam bolsa, ajaýyp söýgi kyssasyny öz içine siñdiripdir.
"Ýüzleşme" trilogiýasy "Günüñ gyzy", "Ot bilen oýnamak" we "Otda ýanar" atly üç kitapdan ybarat. Ady agzalan eserlerde ýazyjy Adyýamanyñ medeni we taryhy aýratynlyklaryna, urp-adatlaryna-da giñden ýer bermek bilen birlikde bikanun narkotiki söwdadan söz açýan detektiw sýužetleri söýgi gatnaşyklary bilen utgaşdyryp berýär.
Bulardan başga-da ýazyjynyñ "Gije gelen ölüm" romanlar tapgyryna degişli "Tümlügiñ sesi" we "Ar ýolagçysy" atly iki detektiw romany hem bar.
Özüne mahsus stili bilen detektiw-söýgi žanrynda eserler ýazan Gonja Çiftçiogullary nepaga çykandan soñ wagtyny diñe detektiw romanlary ýazmaga sarp edýär.
Esasy ünsüni roman ýazmaga berýänem bolsa, onuñ dürli temalarda ýazan makalalary bar we olary dürli edebi saýtlarda okyjylara hödürleýär.
Maşgalaly we iki çagaly.