15:50 Goñşuçylyk | |
GOŇŞUÇYLYK
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Türkmeniň goňşuçylyk edebi adamara gatnaşyklarynyň ýokary milli derejesine şaýatlyk edýän gymmatlyklardandyr. Goňşuçylyk gatnaşyklary – türkmeniň ahlak-ruhy gözelligini görkezýän ajaýyp dessurlaryň biridir. Mukaddes Ruhnamadan Mukaddes Ruhnama kitabynda bellenilişi ýaly, «Goňşy» aslynda «gonmak, gonuşmak» köklerindendir. Şundan çen tutsaň, goňşular bir ýerde ýaşaýan, bir çäkde ömrüni ötürýän adamlardyr. Eger adam üçin iň gymmatly zat ömür bolýan bolsa, onda goňşy her birimiz üçin iň aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem, goňşuçylyk edebi ömre dahylly içki gymmatlyk, milli dessurlaryň ulgamynda aýratyn zeruryýet bolup durýar. Çünki ömrüň nähili geçjegi, onuň nirede we kim bilen ýanaşyklylykda geçjegine gürrüňsiz baglydyr. Goňşy – ömrüňe dahylly kişidir. Goňşy – ykbalyňa täsirli kişidir.» Maşgalamyzdan soň, jemgyýetçilik taýyndan bize iň ýakyn goňşularymyzdyr. Goňşuçylyk gatnaşygynyň maşgalanyň we jemgyýetiň sagdynlygyna, agzybir we parahat ýaşaýşa täsiri uludyr. Uly-kiçi käbir zerurlyklarymyzy goňşularymyzdan soraýarys. Begenjimizi-gynanjymyzy hemişe olar bilen paýlaşýarys. Başymyza ýagşy ýa ýaman iş düşende, uzakdaky dogan-garyndaşlarymyz ýetişmezden öň, möhümimizi gadyrly goňşymyz bitirýär. Şonuň üçin türkmenler «Öý alma, goňşy al» diýýändirler. Alla (jellejelaluhu) Gurhany kerimde ene-ata we ýakyn garyndaşa ýagşylykdan soň, goňşy arasyndaky gatnaşykda hak-hukuklara doly amal etmegi emir edipdir. Nisa süresiniň 36-njy aýatynda bu hakykat şeýle düşündirilýär:»Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşman. Ene-ata, garyndaşlara, ýetimlere, ýoksullara, ýakyn we daş goňşa, ýakyn dosta, ýolda galan biçäre bendelere, gol astyňyzdaky hyzmatkäre ýagşylyk ediň». Goňşular bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak Yslamyň emri bolşy ýaly, türkmençilikde hem uly ähmiýet berilýändir. Hatda Garaşsyzlyk bilen birlikde türkmeniň bu asylly häsiýeti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan «Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary» ady bilen Garaşsyz Türkmen döwletiniň daşary syýasatyna öwrüldi. Goňşy bilen hoşniýetli gatnaşmak, geçirimli bolmak barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Goňşusyny sylamaýan adam il-gününi-de sylamaz. Goňşy bilen oňşuksyzlygy adamyň ýaramazdygyny görkezýän esasy zatlaryň biridir. Men-menlik, özüňi, maşgalaňy gonşyndan artyk saýmak adamyň pesligidir. Beýle häsiýet türkmene gelişmez. Birniçeler baýlygyna, wezipesine baýrynyp, goňşy-golama göwnüýetmezçilik etse, ýakynynda ýaşaýan kişileriň sylag-hormatyndan mahrum galsa, halk hem, Hak hem beýle adamy halamaz. Goňşularyň özara ownuk güzeran meseleleriniň üstünde turýar. Aýdaly bir daban ýer, suw, beýleki meselelerde körpe urşunyň üstünde dawalaşyp, goh-galmagal edip, zady hil bir uly kynçylyga öwrüp ýörmek mydama durmuşda gabat gelip dur. Muňa kiçijik gohy diýerler. Şeýle ýagdaýlarda arkalylyk gerekdir. Goňşyň eşegarka bolsa, sen arkaly bolmalysyň. Ol tumşugyny asmana tutup, arkan-arkan gaýyşsa, sen geçirimli hem giň bolmalysyň.» Goňşy goňşa zar, goňşy goňşa mätäçdir. Şonuň üçin «goňşokara» bolmalydyr. Ýagny, goňşy bilen duz-emekli, ysnyşykly aragatnaşyk etmelidir. Öýüňde bişen nahardan goňşa dadyrmak, myhman gelende goňşyňy hem zyýarata çagyrmak gowy goňşuçylyk däbidir. Bu häli-häzire çenli türkmeniň dowam eden däp-dessurlaryndandyr. Beýik Serdarymyz türkmeniň bu asylly däbini her ýyl Sanjar aýynyň soňky dynçgünini tutuş il-ulusda bellenilip geçilýän «Goňşokara» baýramy diýip yglan etdi. Goňşokara hakynda Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Türkmeniň goňşokara däbi iň gözel däplerimiziň biridir. Üýtgeşik tagam bişirilende, geň-enaýy naharlar edilende, goňşa dadyrmazlyk aýypdyr: Her bir bişirilýän naharda goňşyň paýy bardyr. Birinji çanak, adatça, goňşyň haky diýlip atlandyrylýar. Düýäniň ýa sygryň owuz süýdünden, bagyňdan alan ilkinji miweleriňden, täze tamdyrda bişirilen ilkinji çöregiňden goňşulara dadyrmak, paýlamak dessurdyr. Bu dessur berjaý edilende seniň rysgal- döwletiň artyp, zadyň bereketli bolar. Bereketiň, artyklygyň aňyrsynda goňşularyň saňa bolan mähremligi, razylygy, göwnühoşlugy ýatýandyr. Baýlyk ruhy mukaddeslikler gatylanda, çyndan rysgal-döwlete öwrülýändir. Seniň çytyklygyň, gysgançlygyň zadyň şübhelidiginiň alamatydyr.» Türkmeniň bu asylly däbi barada Pygamberimiziň: «Goňşusy açka, özi dok ýatan hakyky musulman bolup bilmez» (Buhary) diýen sözünden öwüşgin alyp, Türkmen hem «Kyýamat güni goňşudan» diýen nakyly döredendir. Ýagny kyýamat-magşar güni mizan terezi gurlup, ömrüň hasaby başlananda seniň nähili ynsandygyň ilki goňşyňdan soralar diýen manydaky türkmeniň bu ajaýyp nakylyna Mukaddes Ruhnamada şeýle teswirleme getirilýär: «Goňşyň-şu dünýädäki synçyň, o dünýädäki şaýadyňdyr. Şonuň üçinem, goňşuçylyk edebini berjaý et! Şonda şu dünýäň abadan, o dünýäň bolsa abat bolar! Näme üçin Allatagala goňşyny esasy şaýatlaryň arasyna goşupdyr?! Sebäbi goňşy seniň ömrüň synçysy bolup, ähli eden, edýän işleriňi ýakyndan synlaýan iň belet kişiňdir. Sen az pursatlyk ýagdaýlarda – toýda, märekede, hatda işde-de öz hakyky bolşuňy, öz hakyky ýüzüňi gizläp bilersiň. Sen az wagtlyk özgäň derisine girip, başga biri bolup görnüp bilersiň. Emma beýtmek ömürboýy mümkin däldir. Goňşyň bolsa ömürboýy seniň gapdalyňdadyr, ýanyňdadyr. Heý, oňsoň mundan ynamdaram şaýat bolarmy?! ...Goňşy – diňe Allanyň däl, uly iliň şaýadydyr. Goňşy – diňe kyýamatyň däl, şu ajap döwranyňam baha ölçegidir. Goňşy – mähek daşydyr, sen sap altynmyň ýa-da mis garyndaşymyň – goňşy bahym kesgitleýär.» ■ Goňşa ýagşylyk etmegiň görnüşleri we goňşy hukuklary Döwür we şertler nähili bolsa bolsun, her bir türkmen kişi Allanyň emrine tagat edip, goňşusyny güýjüniň ýetdiginden hoşal etjek bolmalydyr. Goňşusyna ezýet berýän we goňşusy onuň şerinden özüni aman duýmaýan bolsa, hadysyň beýanyna görä, şol kişi hakyky musulman bolup bilmez (Buhary). Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Alla we ahyrýet gününe ynanan kişi goňşusyna haýyr-yhsan etsin» (Buhary, Müslim) diýýär. Pygamberimiziň: «Jibril maňa goňşy barada şeýle köp maslahat ündedi welin, goňşyny goňşa mirasdar eder öýtdüm» (Buhary) hadysy hem musulman kişi goňşy bilen gatnaşyklaryny hoşniýetli alyp barmalydygyny nygtaýar. Muaz b. Jebeliň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz goňşulyk hukugyny şeýle suratlandylýar: «Senden karz islese, karz bermek, ýardam islese, ýardam etmek, mätäçligini üpjün etmek, kesellände ýagdaýyny soramak, ölende jynazasyna gatnaşmak, begenen ýerinde begenmek, ony gutlamak, gynanan ýerinde gynanmak we duýgudaşlyk bildirmek, öýüňde bişirilýän tagamyň ysy bilen oňa ezýet bermezlik (şeýle ýagdaýda oňa-da tagamdan hödür etmek) gerek. Eger zyýan berjek bolsa, rugsat soraman, öz jaýyň diwaryny galdyrmak, bazardan miwe ýaly zatlar alanyňda, sereçläp öýe äkelmek, çaga daşarda zat iýdirmek bolmaýar. Size nämeler aýdanyma doly düşündiňizmi? Goňşuçylyk hukugyny doly ýerine ýetirýän, diňe Allanyň rehim eden az sanly kişileridir» (Kurtubi, «el-Jami», el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Bulardan başga käbir hadyslarda käwagt goňşa sowgat bermek, berere zadyň bolmasa, güler ýüzli bolmak, hal-ýagdaýyny soramak goňşa edilmeli ýagşylyklardan saýylypdyr. Goňşy arasynda gerek-ýarak zatlary alyş-beriş etmek hem yslamyň däplerindendir. Goňşyň bitirip boljak dilegini bitirmezlik halal saýylmandyr. Hezreti Äşe enemiziň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Eý, Äşe, kim goňşusyna nahar bişirmek üçin ot berse, hamala şol otda bişen naharyň hemmesini sadaka beren ýaly sogap gazanar. Kim duz berse, şol duzuň lezzet beren tagamyny sadaka eden ýaly bolar. Az mukdarda suw berse, hamala altmyş adamy gul bolmakdan azat eden ýalydyr...» (el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid») diýipdir. Allatagala Maun süresinde goňşy arasyndaky şeýle alyş-berişde gysgançlyk edeni ýazgarypdyr. Şeýle hem goňşa zyýan ýetiren ýagdaýyňda şol zyýany ödemek ündelipdir. Goňşularymyza ýamanlyk etmeli däl, olara zyýan bermeli däl. Olaryň namysyna dil ýetirmek, el degirmek, maşgala syrlaryny paş etmek goňşa edilen iň uly günälerden hasap edilipdir (Müslim). Mikdat bin Eswed atly sahaba bu babatda Pygamberimizden «Goňşynyň aýaly bilen zyna edeniň günäsi, on aýal bilen zyna eden adamyň günäsinden has agyrdyr» (Ý.Kandehlewi) diýip habar berýär. Başga bir hadysda bolsa Pygamberimiz «Goňşusy, erbetliginden ýaňa özüni ynamda duýmadyk kişi jennete girip bilmez» diýip belleýär. Dili bilen goňşusyna azar bereniň we onuň gybatyny edeniň ýagdaýy bolsa hadysda şeýle suratlandyrylýar: Bir adam gelip: «Eý, Allanyň Resuly! Bir aýalyň köp namaz okaýandygy, sadaka paýlaýandygy, oraza tutýandygy, emma dili bilen goňşusyna azar berýändigi aýdylýar,onuň ýagdaýy nähili bolar» diýip sorady. Pygamberimiz: «Ol dowzahydyr.» Şol adam ýene «Eý, Allanyň Resuly! Ýene bir aýal bar, onuň bolsa, az oraza tutandygy, namaz okandygy we süzme-peýnir ýaly zatlarda az sadaka paýlaýandygy, şeýle hem dili bilen goňşusyna azar bermeýändigi barada aýdylýar, munuň ýagdaýy nähili bolar diýip sorady. Pygamberimiz: «Ol jennetidir» diýip jogap berýär (Ahmet bin Hanbel. «El-Müsned»). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |