18:35 Goňurbaş mukamy | |
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
●Goñurbaş mukamy Şükür bagşy Eýrana gidip, Mämmetýar hanyň sazandasy Gulam bagşy bilen çakyny alyşansoň, zyndanda ýatan agasyny ýurda alyp gelýär. Bu wakany “ Şükür bagşy “ kino filminde bilýärsiňiz. Olar dagyň kötel ýollaryndan gijäniň bir wagtyna çenliýöräp halys ýadadylar. Ahyry obalaryna golaý gelensoňlar, dagyň baýyrlaç eňňidinde dynç almak üçin düşlediler.çünki Şükür bagşy obalaryna barsa, mähelläniň dynç almaga goýman, daşyna üşjegini bilýärdi.Şonuň üçin ol agasy bilen daňdana çenli gözlriniň awusyny almak üçin atlaryny ota göýberip gyşardy. Agasy şol bada uklady.Şükür ýyldyzlary petreşip duran dury asmana ser edip esli wagtlap uklamady."Çapyk han ilerik gitjek bolamda "Iş bitirip gelseň‐ä gowy zat welin, ýöne eliňi‐ aýagyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup göýberäýseler gerek " diýip gyjytly sözüni aýdypdy.Hudaýa şükür, ony etdirmedik, agam Gowuşdy" diýip, içini gepletdi ýatdy. Ahyry onuň begenji, büýsanji, tolgunmasy süýji arzuwlar bilen utgaşyp, soňy düýşe ýazyp gitdi. Ýaňy dogan günüň tygy ýüzüne degensoň Şükür bagşy syçrap ýerinden galdy‐ da, gapdalynda ýatan agasyna seretdi.Zyndanda oturyp gaty ýadan bolara çemele, ol süýji okuda ýatyrdy. Onsoň Şükür ho‐ol aşakda ýaýylyp ýatan küren oba seretdi. Ol oba Şüküriň öz obasydy. Oba uzakda bolsa‐da belent baýyryň üstünden täze dogan günüň şöhlesine edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi.Oba oýanypdyr. Her ýerde, her ýerde‐de tamdyryň agzyndan çykýan tüsse guýlum‐guýlum bolup dyk asmana galýardy.Han‐ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini öňüne salyp örä ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saýlanyp barýan adamlaryň hersi bir tarapa gidsyny çykaryp ot ýakdy. Tüňçäni jürdikdäki suwdan dolduryp oduň gapdalynda goýdy.Onsoň ol ýenede obasyna tarap ser etdi. Oba parahatlykda, şadyýanlykdy. Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp wagt geçen ýalydy. Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň töwregi gaýda‐gaýmalaşyk. Ol bü gün toý tutýandyr. Ol maňa “Şükür jan biz toýumyza Durdy bagşyny çagyrjakdyrys weli, aňyrujy ýetişip bilseň , senem ýetişjek bolawergin“ diýipdi. Heý Durdy bagşy, Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy bagşy, sen geçen ýaz bagyr‐ da bir toýda aýdym aýdaňda menem ýanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik asmana galyp, birdenem pesaýlaýan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne ýaş aýlapdyň. Aýdymy zaryn aýtmakda o dünýä bu dünýäsen ýaly barmyka? şol taýda “Dünýäni bir gözde gören. Adyl bolup älem soran. Döw‐perige patyşah bolan, Şahy Süleýman galmady „ Diýip, bozlanda öýden içre Amanaly aga : Köňülde arman çohdur, bu nalyşa ýürek parlandy" diýip bagyryberipdi. Howwa nesip bolsa bu gün agşam toý bolar, Durdy bagşam geler.Gör bu zatlary, üsti‐üstüne hezillik. Ynha, Mälikguly agaň , toýunda‐da ýetişdim. Anha eýýäm ýaryşa hyýaly bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip başladylar. Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edýärdi. "Eýsem‐de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi..." Şükür öňňüniki alamana gidiljek bolşuny ýatlady. Çapyk han obanyň ýigitlerini ho-ol görünýän gyzgylt öwsüp ýatan takyra ýygnapdy. Anha, şol at toýnagynyň yzyndan ýaňa edil petir bezilen ýaly bolup ýatyr.Olara ýolbaşçylyk etmeli çapyk han agzyndan ak köpük saçyp gazaba münýärdi. Şol takyrlyga ýygnanan atlylar Şüküriň zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin Mämmetýar han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy. Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli bezelen piliň üstünde saz çalyp gelşini görüp süssiniň basylanyny agasyna aýdasy geldi.Öte keýip çaglykdan hem bitirip gelen işine çäksyz büýsanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haýdap baryp beýlede otlap ýören atyň ganjygasyndan asylgy keçe gaply dutaryny aldy. Gelibem agasynyň edil baş ujunda oturyp saz çaljak boldy.Ỳöne bolmady. Ertiriň dag tarapdan öwüsýän pesaý şemalyna baş atýan goňürbaşlar sazandany haýsy saza başlasa ýalňyşdyrdy durdy.Bir sazyň kakuwsyna başlasa, goňurbaşyň tolkuny onuň elini çaşdyrýardy. Ahyry sazandanyň eli hem goňurbaşlaryň hereketine gara kakuw edip başlady.Ỳöne welin diňe kakauw bilen saz bolýarmy näme! Esli wagtlap goňurbaşlaryň tolkunyna görä dutaryny kakdy oturdy, kakdy oturdy… Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň üstünden indide biçak büýsançli owazlary düwmelendirip‐düwmelendirip göýberdi.Onsoň şol bir saz taslamasyny gaýtalap outran sazandanyň barmaklary bäşinji perdä bardy‐da uçursyz inçe äheňli saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp göýberdi, weli, täze bir aýakly–başly sazyň sudury boldy duruberdi.Täze taslanan sazy Şükür gaýtalap birneme bişirdi. Onsoň naýza boýy galan günüň ýylysyna meýmiräp ýatan agasynyň egninden silkeledi. —Agasy, agasy! Tursana, sen bi sazy diňläp görsene, tur indi, hanha obamyz görnüp dur, çaltyrak tur, çaýsyradygam.Anha, tüňçede gaýnady. men çaý demleýänçäm ukudan açyl hany….. — Be, içi zeýili zyndan meni gowy söküpdir –Diýip, Şükrüň agasy birki owurt ajy çaý içensoň ýuwaşja dillendi. — Hany, ýaňy saz diňle diýdiň weli, çal, eşideýli. Şükür agasy ýatyrka taslan sazyny inden öňden türginleşen sazy ýaly edip uly hüji üw bilen çaldy. Agasy börtüläp duran gabaklaryny galdyrman esli salym durdy.Şol oturşyna‐da Şüküre sorag üstüne sorag oklady. — Bi sazy ön‐ä çalaňokdyň, şeýledälmi? Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň? — Hiç kimden öwrenemok agasy. —Onda bu saz name asmandan indimi? — Ỳok, agasy, biz sazy şu ýerde tapdym.özüm düzetdim. —Ỳogsa‐da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz ekeni‐aýt!…. —Agasy, bu sazyň kakuwny‐ha şu şemal ugruna tolkunýan goňurbaşlardan aldym‐ diýip, töweregine göz aýlady. – ine bu düwmelendirip çalynýan buýsançly ýerlerinem, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym. Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen ýüzüni agasyndan ters tarapa sowdy. — Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň gyzy Akjagül ýadyma düşdy weli, birden elime geläýdi. Inha agasy, bu saz-ha şeýle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim. Nähilli gördüň diňleseň boljakmy? — Gaty bolar Şükür jan, diýseň buýsançly saz.Berekella inim! – diýip, Şükrüň agasy aşakda ýaýylyp ýatan küren oba göz aýlady.Ỳolboýy ýüzi açylman gelşine ilkinji gezek Şüküre seredip ýylgyrdy.Inisiniň engine elini goýdy. — Ỳör, inim, çaltyrak baraýly, gelinejeňem gözi ýoldadyr,jigileňem göresim gelip gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ýaňky “ Goňurbaşdan “ başlagyn. — Bor agasy. Allaberdi DURDYÝEW, Sungat synçysy. Gaýtadan düzen: Arne GOLI, Taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |