15:39 Hajygolak mukamy | |
TÜRKMEN AÝDYM SAZ SUNGATYNYÑ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
●Hajygolak mukamy Hywanyň hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk edipdir. Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diýen ýaly sürüp hanyň hüzürine eltýär. Han leşgeriň tutuş bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi bardy. Olar Hajy sazandanyň obasynyň adamlarydy. Allaguly han hajy sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga edip, köp ýalbarypdy. Emma Hajy sazanda boýun bolmady. Ummasyz halat-serpaý hüdürledi. Şonda‐da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ýüz öwürdi. Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han "ederini bilendirin“ diýip, içini gepledýärdi. Şonuň üçin arz soraýan jaýyna Hajy sazandaň girenini göreninden tagtda oturan ýerinden arkan gaýyşyp, jakgyldap güldi. Onuň gülküsi bütin köşgi ýaňlandyrdy. ‐‐ Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçik? ‐‐ Erbet däl Han. ‐‐ Ỳogsa‐da, sen ol saraýdaky ýesirleri gördüňmi?Olar seň ildeşleriň‐ä däldir‐dä ? ‐‐ Howwa, Han, şolar‐a meniň ildeşlerim. ‐‐ Bilýän bolsaň, Hajy ýeser, gel egri oturup, dogry gepleşeli. Bary-bir sen näçe ýeser bolsaňam, şu gezeg‐ä otulan bolsaň gerek. Aýratyn seň obaň ulydan‐kiçe sürülmeginiň sebäbine gözüň ýetýän gerek. ‐‐ Hawa, düşünýän han, bu wagşylygy sen meni amana getirjek bolup edensiň. ‐‐ Ony bildiň, sazanda, hany indi amana gelmän‐em bir gör, ildeşleň baryny dara atyp taşlaýyn. Hajy sazanda ýüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi. ‐‐ Bolýa, han, men seň köşgünde üç ýyl sazanda bolup bereýin. ‐‐ Baý‐bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?! ‐‐ Bar bäş ýyl bolsun han. ‐‐ Ỳok, az bolýar, maňa hemişelik gerek. ‐‐ Gel, onda bir zat edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa ýedi ýyl hyzmat edeýin. 7 ýyla çenlem bir sazanda şägirt ýetişdirip bereýin.Ine, han, meň gutarnykly jogabym. Allaguly han esli salym duňuz diňini salyp oturdy. Onsoň başyny galdyrdy‐da sypaýy gepledi: ‐‐ Ynha, bu şertiň bilen ylalaşýan.7 ýyl köşkde sazanda bolsaň, şol möhletiň içinde‐de, bir şägirt ýetişdirip berseň, maňa bolýar. Şertiň Kabul Hajy sazanda. *** Bir gün Allaguly han ir ikindinler ,ýaňy garaňky gatlaşanda ukudan oýandy. Bimahal ýatyp, bimahal turany üçinemi, ýa‐da şeraby aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden gar ýagýardy. Hanyň keýpini, onuň daşyna hozanak bolýardylar. Öňüne çaý getirildi. Han “Ỳok ediň“ diýen manyda elini salgady.Gyzlar öňünde oýnap başlady. Han birneme imrijek ýaly etdi‐de, olara‐da “ýok bolsun“ diýip, elini salgady. Hyzmatkärler näme etjeklerini bilmän elewreşdiler. Allaguly han, agzyny ýokaryk tutup yzly‐yzyna pallady. Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi‐de, elini dutar kakýan ýaly hereketlendirdi.Şo bada Hajy sazanda häzir boldy. Sazanda dutaryny düzüp, çalyp başlady.Kaşaň köşkde dutaryň sesi has güýçli ýaňlanyp gümmürdedi. Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady: ‐‐ Hany, sazanda, bu çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal, täzesini ! heniz eştmedik sazlamdan, düşündiňmi ? Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ýene‐de elini salgady. Dutaryň sesi tapba ýatdy. ‐‐ Hajy ýeser, sen ýesersireme‐de meň diýýän sazymy çal ! ‐‐ Syzyň diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny aýdyň ahyry. ‐‐Ynha men ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi. Ana, şol owaz iňňän şirin owaz ekeni. Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ýeser! Düşündiňmi?… ‐‐ O nä owazdyr hökümdarym ? Han zöwwe ýerinden galyp heňkirdi: ‐‐ Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ? Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eşidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutdyryp barýardy. çalyp oturşyna hanyň ýüzüne‐de göz aýlaýardy. Hanyň ýüzi käte ýagtylajak ýaly edýärdi‐de, ýene‐de öňkidenem beter çytylýardy. ‐‐ Bes et! Jellat. Eli aýpaltaly, ýüzi gara örtükli iki sany mahluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy. ‐‐ Hajy ýeseriň kellesini alyň ! Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ýerik baryp bir saz çalmasyn. Kesiň başyny! Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna geçdi‐de, aýpaltalaryny ýokara galdyryp, buýruga garaşdylar. ‐‐ Hajy ýeser, iň soňki sözüňi aýt! Onsoň… ‐‐ Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat… Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň. Mende nä günä bar ? ‐‐ Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediň. Ine, seň günäň, düşündiňmi? ‐‐ Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli. ‐‐ Aýt şertiň bolsa tizräk! ‐‐ Aýtsam han, sen maňa ýekeje gije pyruja ber.Ertesi seň diýýän sazyňy çalyp bilmesem, onsoň meniň kellämi alaý. Nähilli görýäň? ‐‐ Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet berýärin. Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilen bir saz döredipdir. Ol saz hem pajygaly, hem buýsançly, hem begençli, hem gynançly saz bolupdyr. Ertesi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir. Bolsa‐da sazandanyň bir gije‐de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar. Ýöne Allaguly han namartlyk edipdir. ‐‐ Meň köşgümden başga şular ýaly ajaýyp saz ýaňlanmasyn—diýip, Hajy sazandanyň barmaklaryny kesipdir. Şondan soňra, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden sazyny şägirdi ile ýaýradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maýyllygyna baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diýip at dakypdyr. Allaberdi DURDYÝEW, Saz öwreniji. Gaýtadan düzen: Arne GOLI, Taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |