23:02 Gowaçanyñ tohum çigidi: ekiş we döwrebap usul | |
GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy. Oba hojalyk pudagynyň wajyp ugry bolan gowaçany ösdürip ýetişdirmek we ondan meýilleşdirilen hasyly almak üçin iň jogapkärli agrotehnika çäreleriniň biri, gowaçany öz wagtynda ekmek meselesidir. Gowaça ekişiniň öz wagtynda başlanmagy howanyň maýlamagyna we topragyň özara optimal sazlaşykda bolýan ýylylyk, yzgarlylyk we iýmit şertleriniň gabatlaşmagyna bagly bolýar. Munda, ylaýtada, topragyň ýylylyk we yzgarlylyk şertleri örän möhümdir. Ekişden doly gögeriş we ýokary hasyl almak tohumlyk çigidiň ekişe taýýarlanyşynyň hiline baglydyr. Gowaçadan doly gögeriş almagyň we tohumlyk çigidi tygşytly ekmegiň täze usullaryny döretmek ugrunda 100 ýyldan bäri ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan gowaçany takyk we tygşytly ekmek üçin biologik usul önümçilige teklip edildi. Bu usul gowaçanyň tohum çigidiniň sütükli daşyny ýylmanak görnüşe getirmek bilen, ony has takyk we tygşytly ekmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň bellemegine görä, gowaçanyň genetiki gurluşyna laýyklykda, çigidiň daşyndaky sütügiň gowaçanyň köptaraply biologik häsiýetini we asyl durnukly neslini saklamakda ähmiýeti uludyr. Ylmy-barlag işleriň netijesinde, çigidiň sütügi arkaly topragy aşa yzgarlylykdan goramakda ýa-da tersine, çyglylygyň ýetmezçiliginde hem çigidiň gögerijilik ukybyny saklap bilýändigi ýüze çykaryldy. Häzirki döwürde gowaçany takyk we tygşytly ekmek maksady bilen, çigidiň daşyndaky bu zerur sütük fiziki we himiki usullar arkaly aýrylýar we ýalaňaç-ýylmanak görnüşe getirilýär. Ýöne çigidiň sütüginiň aýrylmagy bilen, onuň tebigy genetiki nesil saklaýjylyk ukyby esli peselýär. Şu sebäpli hem gowaçanyň sütügi aýrylýan çigidini ekmeklik hemişe uly töwekgelçilikli häsiýete eýedir. Çigidiň gabygy ýuka we näzik bolýar, şonuň üçin hem daşky gurşawyň täsirine örän duýgur bolýar. Sütügi aýrylan çigit önümçilikde adaty sütükli çigitden 5—6 gün giç ekilýär. Önümçilige teklip edilýän gowaçanyň tohum çigidini ekişe taýýarlamagyň täze biologik usulynyň esasy maksady, gowaçanyň ýokary arkaly sütükli tohum çigidini takyk we tygşytly ekmekden hem-de onuň deslapky fiziologik ösüşiniň iýmit şertini gowulandyrmakdan we ýekeleme işlerini aradan aýyrmakdan, ýurdumyz boýunça tygşytlanan tohum çigidiniň hasabyna öndüriljek goşmaça önümleriň mukdaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Çigidi ekişe taýýarlamagyň biologik usulyny amala aşyrmak üçin arassalanan, çüýrän ders we optimal sazlaşykdaky suw, azot, fosfor we keselleriň garşysyna ulanylýan himiki serişde goşulan garyndy bilen 1 tonna çigidiň hiline hem-de ululygyna baglylykda, 0,6—1,0 tonna çenli gatnaşykdaky goşulan garyndy gerek. Onsoň bu garyndy bilen okuň daşyndan aýlanýan awtomatik enjamda çigidiň sütüginiň daşy doly örtülýär. Şunda ders garyndysynyň möçberine laýyklýkda, sütükli çigidiň daşynda 0,3—1,0 mm galyňlyk emele gelýär. Okuň daşyndan aýlanýan awtomatik enjamyň görnüşlerine baglylykda, onuň optimal aýlaw tizligi sazlanylýar we aýlaw iş wagty 15—20 minut bolýar. Şeýlelikde, gysga wagtyň dowamynda daşyna ders örtülen sütükli tohum ekişe taýýar bolýar. Bu usuly peýdalanmak arkaly sütükli tohum çigidini, mehaniki enjamyň kömegi bilen, hut ekin meýdanynyň üstünde-de taýýarlap bolýar. Şunda ýeriň hiline baglylykda, bir gektara bary-ýogy 25—35 kilogram çigit harçlanýar. Ýene bir zat: ders garyndysyna, oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerine baglylykda, optimal sazlaşykly bu goşundylara beýleki zerur organiki, mineral dökünleri we dürli keselleriň garşysyna ulanylýan himiki serişdeleri garmak maslahat berilýär. Bu usula Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan oýlap tapyşyň patenti berildi. Gowaçanyň tohum çigidini ekişe taýýarlamagyň bu biologik usuly degişli ylmy-barlag institutlarynyň ekin meýdanlarynda önümçilik synagy hökmünde üstünlikli amala aşyryldy. Aşyrmuhammet SAPARMYRADOW, # turkmenistan_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |